“Barselona” ýeňiş gazanmak kyn, “Real Madride” bolsa ýeňil düşmedi

“Barselona” ýeňiş gazanmak kyn, “Real Madride” bolsa ýeňil düşmedi

Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselona” toparyna myhmançylykda “Elçeni” ýeňmek kyn düşmedi. 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan katalonlaryň gollaryny Ýamal, Torres hem-de Reşford derwezä girizdi.

“Barselonanyň” tersine “Real Madride” öz meýdançasynda “Raýo Wallekanony” utmak ýeňil düşmedi. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan madridlileriň gollaryny 15-nji minutda Winisius Junior bilen 90+10-njy minutda penaltiden Kilian Mbappe geçirdi. 2 oýunçysy (Pate Siss 60, Çawarriýa 90+13) gyzyl alan myhmanlaryň ýeke-täk pöküsini 49-njy minutda De Frutos derwezä girizdi.

3-4-nji orunlar ugrunda göreşýän “Atletiko” hem-de “Wilýarreal” 22-nji tapgyrda öz garşydaşlary bilen deňme-deň oýnadylar.

Espanýol Alawes: 1-2 (Fernandes 15 Blanko 27, Boýe 71),

Owiedo Žirona: 1-0 (Çaýra 74),

Osasuna Wilýarreal: 2-2 (Munios 20, Budimir 45+2 Moreno 17 p, 70),

Lewante Atletiko: 0-0,

Elçe Barselona: 1-3 (Rodriges 29 Ýamal 6, Torres 40, Reşford 72),

Real Madrid R. Wallekano: 2-1 (Winisius 15, Mbappe 90+10 p De Frutos 49),

Betis Walensiýa: 2-1 (Awila 23 p, Fornals 88 Rioha 20),

Hetafe Selta: 0-0,

Atletik Real Sosiedad: 1-1 (De Galarreta 88 Gedeş 37),

Malýorka Sewilýa

Ýene degişli makalalar

“La Ligada” öňdebaryjylar ýalňyşmady
“Barselona” 11 oýundan soň utuldy
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
Möwsümdäki 2-nji ýeňlişi
Mbappe Ronaldonyň rekordyny gaýtalady