“La Ligada” öňdebaryjylar ýalňyşmady

Ispaniýanyň çempionatynda 11-nji tapgyrda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Walensiýanyň” derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. Gollaryň 2-sini Mbappe, beýlekileri-de Bellingam bilen Karrera öz atlaryna ýazdyrdylar. 1-nji ýarymda Winisius Junior 11 metrlik jerime urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi.

“Barselona” bolsa öz meýdançasynda “Elçeni” Ýamalyň, Torresiň hem-de Reşfordyň gollary esasynda 3-1 hasabynda utdy.

Madridiň “Atletikosy” “Metropolitanoda” “Sewilýa” bilen duşuşyp, garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňdi. Oýunda gollary Hulian Alwares (64 p), Almada (77) hem-de Grizmann (90) tapawutlandy.

“Wilýarrealyň” “Raýo Wallekanony” 4-0 hasap bilen ýeňen tapgyrynda “Betis” öz meýdançasynda “Malýorkanyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi.

11-nji tapgyryň netijeleri:

Hetafe Žirona: 2-1 (Martin 72, Maýoral 86 Stuani 90+4 p),

Wilýarreal R. Wallekano: 4-0 (Moreno 22, Moleýro 56, Komesaniýa 58, Aýose Peres 65),

Atletiko Sewilýa: 3-0 (Alwares 64 p, Almada 77, Grizmann 90),

R. Sosiedad Atletik: 3-2 (Mendes 38, Gedeş 47, Gorroçategi 90+2 Guruseta 42, Nawarro 79),

Real Madrid Walensiýa: 4-0 (Mbappe 19 p, 31, Bellingam 44, Karreras 82),

Lewante Selta: 1-2 (Arriaga 66 Mingesa 40, Roman 90+1),

Alawes Espanýol: 2-1 (Suares 5, Boýe 40 Fernandes 56),

Barselona Elçe: 3-1 (Ýamal 9, Torres 11, Reşford 61 Rafa Mir 42),

Betis Malýorka: 3-0 (Antoni 10, 34, Ezzalzuli 37),

Owiedo Osasuna (şu gije)

Ýene degişli makalalar

“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
“Barselona” arany açýar
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňlişi
“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy