Altyň biri aşaky liga düşer

Ispaniýanyň çempionatynda çempion “Barselona” Fatiniň 2 gol geçiren oýnunda “Malýorkany” 3-0 hasabynda ýeňdi.Duşuşykda çykyş eden Serhio Buskets hem-de Žordi Alba soňky sapar “Barselonanyň” köýnekçesi bilen “Kamp Nouda” meýdança çykdy. “Real Madrid” bolsa myhmançylykda “Sewilýany” Rodrigonyň gollary esasynda 2-1 hasabynda utdy. “Atletiko Madridden” 2-1 hasabynda asgyn gelen “Real Sosiedad” topary 5-nji ýerdäki “Wilýarrealyň” “Raýo Wallekanodan” utulmagyndan soň Çempionlar Ligasyna gatnaşamaga hukuk gazandy.

San sebastianlylar 9 ýyldan soň UEFA-nyň iň uly klub ýaryna wekilçilik ederler.Myhmançylykda “Walensiýa” bilen 2-2 deňme-deň oýnan “Espanýol” 1 ýyldan soň ýene-de 2-nji liga düşdi. “La Ligadan” gitjek 3-nji topar soňky tapgyrda belli bolar. 41 utugy bolan “Kadiz”, “Hetafe”, “Walensiýa”, 40 utukly “Almeriýa” bilen “Selta” hem-de 39 utukly “Walýadolid” toparlarynyň haýsy hem bolsa biri aşaky liga düşer.

Soňky tapgyrda Ispaniýanyň “La Ligasynda” geçiriljek duşuşyklaryň tertibi:

4-nji iýun (21:30)

Osasuna Žirona

Wilýarreal Atletiko

Real Madrid Atletik

Real Sosiedad Sewilýa

Malýorka R. Wallekano

4-nji iýun (00:00)

Walýadolid Hetafe

Selta Barselona

Betis Walensiýa

Elçe Kadiz

Espanýol Almeriýa

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy
“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
“La Ligada” öňdebaryjylar ýalňyşmady
Möwsümdäki 2-nji ýeňlişi
“Barselona” arany açýar
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi