“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar

Ispaniýanyň 92-nji möwsümine şu gijeki “Sewilýa” “Osasuna” duşuşygy bilen badalga berler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

La Liganyň täze möwsüminde hemişekiler ýaly, soňky çempion “Real Madrid” bilen transfer möwsümini üstünlikli geçirýän “Barselona” altyn medalyň iň esasy dalaşgärleri hasaplanýar.Transfer möwsüminde esasy düzümde kän bir oýnamaýan oýunçylaryny ugradan “Real Madrid” Rudiger, Tçuameni ýaly ýyldyzlary goşdy. “Barselona” bolsa Lewandowski, Kessi, Kristensen, Rafinýa, Kunde ýaly oýunçylary transfer edip, täze möwsüme ykjam taýýarlyk gördi.

Hawiniň tälimçiligindäki topar ähli ýaryşlaryň iň esasy dalaşgär bolup, kuboksyz geçen möwsümiň öwezini dolmakçy bolýar. Çempionlyk ýaryşynyň esasy düzümini goramagy başaran “Real Madrid” bilen hataryna täze ýyldyzlary goşan “Barselonanyň” arasynda geçjekdigi ikuçsuzdyr. “Realdyr” “Barselona” päsgel berip biläýjek iň esasy topar “Atletiko Madrid” bolup, ussat tälimçi Diego Simeone klubdaky 12-nji möwsümine gadam basar. “Sewilýa”, “Wilýarreal”, “Walensiýa”, “Atletik”, “Real Sosiedad”, hatda “Betis” toparlary-da öňdäki orunlara dalaş etjek beýleki klublar bolar. “La Liganyň” täze klublary “Almeriýa” 7, “Walýadolid” 1 hem-de “Žirono” 3 ýyldan soň “La Liga” dolanmagy başardy.

“La Ligada” 20 klubuň 14-sine ýerli, ispan tälimçileri tälim berýär.Argentinadan Diego Simeone (“Atletiko”) bilen Eduardo Koudet (“Selta”), Italiýadan Karlo Ançelotti (“Real Madrid”) bilen onuň öňki şägirdi Jennaro Gattuso (“Walensiýa”), şeýle-de Meksikadan tejribeli Hawier Agirre (“Malýorka”) bilen Çiliden ussat hünärmen Manuel Pellegrini (“Betis”) “La Ligadaky” daşary ýurtly tälimçilerdir. “Walensiýa” topary Hoze Bordalasyň ornuna Jennaro Gattusony, “Atletik” kluby-da Marselinionyň deregine ozalky tälimçisi Ernesto Walwerdeni wezipä belledi. “Espanýolyň” tälimçi Diego Martines hem “La Liganyň” täze möwsüminiň täze tälimçileri bolarlar.

Çempionata noýabr-dekabr aýlarynda Dünýä Kubogy sebäpli arakesme berler. “La Liganyň” 92-nji möwsümi geljek ýylyň 4-nji iýunynda tamamlanar.

“La Ligada” täze möwsümiň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary:

12-nji awgust: Sewilýa Osasuna (00:00)

13-nji awgust: Selta Espanýol (20:00)

13-nji awgust: Walýadolid Wilýarreal (22:00)

13-nji awgust: Barselona Raýo Wallekano (00:00)

14-nji awgust: Kadis Real Sosiedad (20:30)

14-nji awgust: Walensiýa Žirona (22:30)

14-nji awgust: Almeriýa Real Madrid (01:00)

15-nji awgust: Atletik Malýorka (20:30)

15-nji awgust: Hetafe Atletiko (22:30)

15-nji awgust: Betis Elçe (00:30)

Ýene degişli makalalar

Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Altyň biri aşaky liga düşer
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Transfer täzelikleri
“Barselona” ýeňliş,“Real” ýeňiş bilen başlady
“La Liganyň” 89-njy