“La Liganyň” 89-njy

UEFA-nyň sanawynda 1-nji hatarda barýan Ispaniýanyň “La Ligasynda” 89-njy möwsüme badalga berildi.Dünýä ýyldyzlarynyň ençemesiniň çykyş eden çempionatyna adatça bolşy ýaly, 20 klub wekilçilik edýär.

Dünýäniň iň uly derbisini özünde jemleýän “La Ligada” şu möwsümde-de çempion üýtgemese gerek.Umumylykda 26 çempionlygy bolan soňky 2 ýylyň ýeňijisi “Barselona” altyn medalyň birinji derejeli dalaşgäri hasaplanýar.

Zinedin Zidany täzeden tälimçilige bellän we transfer möwsüminde birnäçe ýyldyzy hataryna goşan “Real Madrid” bilen Diego Simeoneniň tälimçiligindäki “Atletiko” çempionlygyň beýleki dalaşgärleri hasaplanýar. “Sewilýa”, “Walensiýa” ýaly toparlar bolsa, 4-nji orun ugrunda göreş alyp bararlar. “Osasuna” bilen “Granada” 2, “Malýorka” bolsa, 6 ýyllyk arakesmeden soň, ýene-de “La Ligada” çykyş etmäge hukuk gazandy.

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “El Klasiko” duşuşyklary şu ýylyň 27-nji oktýabrynda “Barselonada”, şeýle-de geljek ýylyň 1-nji martynda Madridde oýnalar.Ispaniýanyň çempionatyndaky 20 toparyň diňe 3-sine daşary ýurtly tälimçiler tälim berer.

Olaryň 3-si hem Madrid metropolynyň klublaryna tälimçilik edip, argentinaly Diego Simeone bilen watandaşy Maurisio Pellegrino degişlilikde, “Atletiko” we “Leganes” toparlarynyň tälimçileridir.Beýleki daşary ýurtly tälimçi-de “Real Madridiň” meşhur tälimçisi fransiýaly Zinedin Zidandyr.

“Bundesliganyň” 57-nji möwsümi başlandyGermaniýanyň “Bundesligasynyň” hem täze möwsümi düýn başlady. 57-nji möwsümiň ilkinji duşuşygy çempion “Bawariýa” bilen “Hertanyň” arasynda oýnaldy. Ýewropanyň TOP 5 ligasynyň biri bolan “Bundesligada” çempionlygyň esasy dalaşgäri, gürrüňsiz “Bawariýa” bolar.

Soňky 10 ýylda 8 gezek çempion bolan “Bawariýa” 7 ýyldan bäri çempionlygy özünde saklap gelýär.Münhenlilere bu ugurda iň uly päsgelçiligi Dortmundyň “Borussiýasy” berer.Transfer möwsüminde düzümini has hem güýçlendiren “Borussiýa” geçen möwsümde soňky tapgyrda çempionlygy elden gideripdi.

Bu iki läheňiň hataryna goşuljak beýleki toparlar “Baýer”, “Leipsig”, “Borussiýa M” klublary bolup biler.Liganyň täze wekilleri barada-da aýdylsa, 12-nji liganyň arasynda gatnap duran “Köln” 1, “Paderborn” 4 möwsümden soň “Bundesligada” oýnamaga hukuk gazandy. Şeýle-de, “Bundesliganyň” taryhynda ilkinji gezek Berlin şäherinde-de derbi oýnalar.

Pleý-off tapgyrynda “Ştutgartdan” üstün çykan “Union Berlin” “Bundesligada” ilkinji gezek çykyş eder.Berlinliler “Bundesligada” çykyş etjek 56-njy klub hökmünde hasaba alyndy. “Bundesligada” çykyş edýän 18 kluba 8 germaniýaly, 3 şweýsariýaly, 2 gollandiýaly, 2 horwatiýaly, 2 awstriýaly, 1 amerikaly tälimçi tälim berer. Şolaryň 7-si ilkinji gezek “Bundesligada” işlär.

Ýene degişli makalalar

IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
Ertir “La Liganyň” 90-njy möwsümine badalga berler
Messiniň Barselonadaky 800-nji oýnunda katalonlylar Atletikodan ýeňildi
“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
“Borussiýa”, “Barselona”, “Ýuwentus”