Sport we Saglyk

Messiniň Barselonadaky 800-nji oýnunda katalonlylar Atletikodan ýeňildi

Messiniň Barselonadaky 800-nji oýnunda katalonlylar Atletikodan ýeňildi

La Liganyň 10-njy tapgyr duşuşygynda Madridiň Atletikosy öz öýünde Barselonany 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýun Madriddäki Wanda Metropolitano stadionynda geçirildi. Ýeke-täk goly birinji ýaryma goşulan goşmaça wagtda Ýannik Ferreýra Karrasko geçirdi. Ol katalonlylaryň derwezebany Marka-Andre ter Ştegeniň çykyşyndaky ýalňyşyndan peýdalandy.

Atletiko 2010-njy ýylyň 14-nji fewralyndan (2-1) bäri çempionatda öz meýdançasynda Barselonany ýeňip bilenokdy. Şondan bäri madrid kluby Çempionlar ligasynda iki gezek öz öýünde “Barselonany” ýeňdi. “Barselona” garşy milli birinjiligiň öý duşuşyklarynda Atletiko 10 ýylyň içinde ýedi gezek ýeňlişe sezewar boldy we üç gezek deňme-deň oýnady.

Dostluk duşuşyklaryny hasaba alanyňda, bu oýun katalonlylaryň hüjümçisi Lionel Messi üçin 800-nji (742 resmi, 58 dostlukly) boldy.Olarda Messi 678 gol geçirip, 283 netijeli geçirim etdi.Atletiko çempionatda bassyr bäşinji ýeňşini gazandy we sekiz duşuşykda 20 utuk bilen turnir sanawynda ikinji setirde ýerleşdi.

Barselona 11 utuk bilen 10-njy orny eýeleýär.Indiki tapgyrda Atletiko 28-nji noýabrda myhmançylykda Walensiýa bilen duşuşar, katalonlylar ertesi gün Osasunany kabul ederler. Çarşenbe güni Diego Simeoneniň topary Çempionlar ligasynda ruslaryň Lokomotiwini kabul ederler.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” bilen “Porto” 1/8 finala çykmagy başardy
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Sportuň taryhynda şu gün 1-nji dekabr
Messi Maradona gol bagyş etdi, “Barselona” “Osasunany” ýeňdi
“Bawariýanyň” 15 ýeňişlik rekordy tamamlandy, rus toparlaryna 5 ýyldan bäri pleý-off tapgyryna çykmak başardanok