Günüň transfer täzelikleri

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň “Napoli” kluby “Weronanyň” argentinaly hüjümçisi Jowanni Simeoneni transfer etdi. “Napoli” kluby 27 ýaşly oýunçy bilen häzirlikçe 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. “Atletiko Madridiň” tälimçisi Diego Simeoneniň ogly bolan Jowanni Simeoneni “Napoli” topary geljek möwsümde 12 million töläp düzümine hem geçirip biler. “Napoli” topary Simeoneniň kärende tölegi hökmünde “Werona” klubuna 3,5 million ýewro berer.

Geçen möwsümde “Serie A”-da 17 gezek tapawutlanan Simeone Italiýanyň çempionatynda “Kaliari”, “Fiorentina”, “Jenoa” ýaly klublaryň köýnekçesini-de geýipdi.

* * *

“Premier Liganyň” wekili “Wulwerhempton” düzümine ýene bir portugal futbolçyny goşdy.Topar “Sporting” klubunyň 23 ýaşly ýarymgoragçysy Mateuş Nuneş bilen 5+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Wulwerhempton” oýunçynyň transferi üçin lissabonlylara 45+5 million ýewro berer.

Bu bolsa klubuň taryhyndaky iň gymmat futbolçy diýmekdir.Nuneş “Premier Ligadanyň” “portugal” kluby hasaplanýan “Wulwerhemptondaky” 11-nji portugaliýaly futbolçy bolýar.Klubuň düzümindäki portugaliýaly futbolçylaryň sany käbir portugal klublarynyňkydan hem köpdür.

* * *

Türkiýäniň “Adana Demirspor” topary “Zenitdäki” şertnamasy tamamlanan 33 ýaşyndaky hüjümçi Artýom Dzýubany transfer etdi. Türk kluby russiýaky oýunçy bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Dzýuba täze klubundan ýyllyk 1,5 million ýewro hak alar. Montellanyň tälimçilik edýän klubunda Balottelli, Inler ýaly belli futbolçylar hem çykyş edýär. Dzýuba Zenitiň düzüminde 8 möwsümde 249 oýunda 108 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Messiniň Barselonadaky 800-nji oýnunda katalonlylar Atletikodan ýeňildi
“Atletiko Madrid” “Walensiýanyň” fransuz ýarymgoragçysyny transfer etdi
Ertir “La Liganyň” 90-njy möwsümine badalga berler
Sportuň taryhynda bu hepde