Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi

19-sy ýerli tälimçiÇempionatda 20 klub bolup, olaryň 19-syna ýerli tälimçiler tälim berer.Diňe “Udineze” toparyna ispaniýaly Hulio Welaskes tälimçilik eder.Doganlar Filippo we Simone Inzagiler hem degişlilikde, “Bolonýa” we “Lasio” toparynyň tälimçileri bolup, “Serie A-da” şeýle waka ilkinji gezek duş gelinýär.

Tejribeli tälimçi Karlo Ançelotti 11 ýyldan soň, ýene-de “Serie A” dolandy.

“Parma” ýene-de “Serie A-da”Liganyň täze klublaryndan “Empoli” 1 ýyllyk arakesmeden soň, ýene-de “Serie A-da” çykyş eder.Ilkinji gezek 2015/16 möwsüminde “Serie A-da” oýnan “Frosinone” topary-da “Serie A-da” 2-nji möwsümini başdan geçirer. “Serie A-nyň” ýene bir “täze” kluby-da birwagtlaryň güýçli topary “Parma” bolup, ol 2015-nji ýylda maliýe taýdan çöküpdi we “Parma Calcio 1913” ady bilen “Serie D” ligasyna düşürilipdi. Şondan bäri-de her möwsüm 1 ýokary liga beýgelen “Parma” geçen möwsüm “Serie B-de” 2-nji ýeri eýeläpdi.“ÝUWENTUS”.

Soňky 7 ýylyň çempiony, umumylykda-da 34 çempionlygy bolan “Ýuwentus” bu möwsümde-de, şübhesiz, altyn medalyň iň esasy dalaşgäri.Hatda eýýämden çempion diýýänleriň sany-da az däl.Massimiliano Allegriniň tälimçiliginde 5-nji möwsümine gadam basan “Goja Sinýora” dünýäniň super ýyldyzy Kristiano Ronaldony düzümine goşmak bilen ozalam abraýy ýokary bolan topar häzirki wagtda hemmäniň üns merkezindäki klub boldy.

Ronaldo, Jan, Kanelo, ozalky oýunçysy Bonuççi ýaly futbolçylary düzümine goşan “Ýuwentus” täze ýyldyzlary bilen bir hatarda, Dibala, Manžukiç, Duglas Kosta, Kedira, Kiellini, Pýaniç daga bil baglaýar. “Ýuwentusda” täze möwsümdäki iň uly kemçilik 17 ýyllap toparyň derwezesini goran Janluiji Buffonyň ýoklugy bolar.“ROMA”.

Geçen möwsümde Çempionlar ligasynda ýarym finala çenli çykan paýtagtlylar “Ýuwentusyň” çempionlygyna päsgel berip biläýjek iň esasy topar hasaplanýar.Eusebio Di Françesko bilen hüjüm taktikasyny saýlap, ony-da oýunlaryna ymykly ornaşdyran klub Olsen, Kristante, Pastore, Kluiwert, Nzonzi, Santon ýaly futbolçylary transfer etdi.

Tälimçi Di Françesko iki bäsleşikde-de şowly netijeler gazanmak üçin ykjam topar düzdi diýse bolar.De Rossi, Jeko, Florenzi, Kolarow, Ünder, Pellegrini, Perotti, Strootman, El Şarawi dagy toparyň täze ýyldyzlary bilen bilelikde, esasy umyt bildirilýän futbolçylardyr.“INTER”.

Tälimçisi Luçano Spalletti bilen şertnamanyň möhletini 3 ýyl uzaldan “Inter” transfer möwsüminde Nainggolany, Kwadwo Asamoany, De Wriji, Wrsalikony, Baldeni hataryna goşdy.Olaryň hataryna Luka Modriç hem goşulyp biler.

Ikardi, Perişiç, Kandrewa, Miranda, Brozowiç ýaly oýunçylary bilen “Inter” üçinem çempionlygyň wagty gelip ýetdi.Milanlylar geçen möwsümde ilkinji tapgyrlary diýseň şowly geçirse-de, soňlugy bilen, olara ahyrky tapgyrda 4-nji orny eýelemek başartdy. “Inter” bu gezek şol goýberen säwliklerini gaýtalamasa, “Ýuwentusyň” çempionlygy sarsdyrmagy mümkin.“MILAN”.

Hytaýly işewürleriň garamagyndan amerikan işewürleriň eýeçiligine geçen “Milan” toparyna Antonio Konteniň tälimçi boljakdygy baradaky gürrüňler çyksa-da, klub Jennaro Gattuso bilen ýoluny dowam etdirýär.Bonuççini, Kaliniçi, Andre Silwany ugradan “Milan” Gonzalo Higuain ýaly ýyldyz hüjümçini transfer etdi.

Kaldara, Reina, Halilowiç, Bakaýoko, Striniç hem beýleki transferler bolup, Bonawentura, Kessi, Çalhanoglu, Suso, Kutrone, Romanýoli, Donnarrumma janköýerleriň bil baglaýan oýunçylarydyr. “Ýuwentusdan” öň çempion bolan iň soňky başga topar diýlip hasaba alnan “Milan” çempionlyk gazanardan daşrakda.“NAPOLI”.

Maurizio Sarriniň tälimçiliginde geçen möwsüm çempionlygy soňuna çenli kowalan neapollylar tejribeli Karlo Ançelotti bilen şertnama baglaşdy.Oýunçylardan esasy ýyldyzy Jorjiniony “Çelsä” satan “Napoli” Simone Werdi hem-de Fabian Ruizi transfer etdi.

Janköýerler toparyň azyndan geçen ýylky başarnygyny gaýtalamagyny isleýärler.“LASIO”.Simona Inzaginiň tälimçiliginde köp golly we owadan oýun görkezýän rimliler geçen möwsüm soňky tapgyrda 4-njiligi “Intere” aldyrdy.

Esasy ýyldyzlaryndan Felipe Andersony topardan ugradan “Lasio” öňdäki orunlara dalaş etjek klublaryň biridir.

Toparlaryň tälimçileriniň 15-si ispan, galan 5-si argentinaly bolup, şol argentinleriň-de 4-si täzelikde bellendi. Çempionlygyň esasy dalaşgäri hökmünde “Barselona” garşydaşlaryna garanyňda, bir ädim öňde.

Ronaldony elden gideren “Real Madrid” bilen “Atletiko-da” bu ugurda 2-nji ýeri eýeleýärler.Adatça “Walensiýadyr” “Sewilýa”, “Wilýarreal” bolsa 456-njy orunlar ugrunda göreş alyp barar.“La Liganyň” täze toparlary-da “Hueska” ilkinji gezek “La Ligada” çykyş etse, häli-şindi iki liganyň arasynda gatnap duran “Raýo Wallekano” 2, “Walýadolid” 4 ýyldan soň, ýene-de ýokary liga dolandy.Ronaldonyň gitmeginden soň, azda-kände şöhraty peseldi diýýänler bar hem bolsa, “El Klasiko” hemişe-de “El Klasiko” bolýar.

Futbol muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu 2 duşuşygynyň ilkinjisi oktýabryň aýagyna, jogap oýny-da mart aýynda oýnalar.“BARSELONA”.Super ýyldyzy Lionel Messini klubuň täze kapitany diýip bellän “Barselonadaky” iň esasy aýralyk toparyň oňurgasy hasaplanýan Andres Iniestanyň gitmegidir.

Hawiniň gitmeginden soň, 2015/16 möwsüminde az hem bolsa kynçylyk çeken “Barselonanyň” Iniestasyz nähili oýun görkezjekdigi köpleri içgin gyzyklandyrýar.Widal, Artur, Malkom ýaly oýunçylary transfer eden “Barselonanyň” iň esasy bil baglaýan ýyldyzy, şübhesiz, Lionel Messi bolar.

Oňa Suares, Koutinio, Dembele, Pike, Buskets, Rakitiç, Alba, Umtiti ýaly oýunçylar ýardam berer.“REAL MADRID”.Ronaldonyň öwezini ýyldyz oýunçy bilen dolup bilmedik “Real Madrid” häzirlikçe topardaky bar bolan oýunçylary bilen azyndan gyşky transfer möwsümine çenli mydar etmekçi bolýar.

Garaşylmadyk ýagdaýda wezipesini taşlan Zinedin Zidanyň ornuna gopgunly ýagdaýda bellenen Hulen Lopetegi toparynyň Beýl, Benzema, Modriç, Isko, Asensio, Waskes, Ramos, täze transferlerdenem Kurtua, Winisius Junior ýaly oýunçylaryna bil baglaýar. Şu ýerde iň esasy sowal “Realyň” täze möwsümde näçe kubok gazanjakdygy bolup durýar. ÇL-ni yzly-yzyna 3 gezek eýelän şa klubunyň 2 bäsleşikde nähili oýun görkezjekdigi eýýämden janköýerleriň esasy üns merkezinde.“ATLETIKO”.

Iki läheňiň arasynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barýan “Atletiko Madridde” iň esasy zat tälimçi Diego Simeoneniň ýene-de wezipesini dowam etdirýänligidir.Transfer möwsüminiň iň hereketli ispan klublarynyň biri bolan “Atletiko” topary Lemar, Kaliniç, Gelson Martins, Rodri ýaly oýunçylary düzümine goşdy.

Gabi, Fernando Torres, Wrsalko, Wietto, Gameiro ýaly oýunçylaram başga toparlara transfer boldy. Ýoldaşlyk duşuşyklaryny pes derejede geçiren paýtagtlylar çempionlygyň 3-nji, belki-de 2-nji dalaşgäri hasaplanýar.“WALENSIÝA”. Çempionlyk ugrundaky göreşde yzky orunlarda bolsa-da “Walensiýa” hem “La Liganyň” güýçli klublaryndan bolup, olar täze möwsümde Batşuaýi, Gameiro, Çeryşew ýaly oýunçylar bilen düzümini güýçlendirdi.

Topar 4-nji ýer üçin “Sewilýa”, “Wilýarreal” toparlary bilen bäsleşer.“SEWILÝA”.Maý aýynyň ahyrynda Pablo Maçini tälimçilige bellän “Sewilýa” käbir oýunçylaryny — Langle, Nzonzi, Korrea dagyny topardan ugratdy.

Olaryň deregine Aleiks Widal, Andre Silwa, Amadu, Gnagon ýaly futbolçylary transfer etdi.

Ýene degişli makalalar

Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Karlo Ançelotti Realdan soň karýerasyny tamamlar
“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi
“Serie A-nyň” täze möwsümi
Rowaýaty derwezeçi 20 ýyldan soň ilkinji klubuna dolandy