Öňünden çykany ýeňýär, gezek “Real Madridde”

Italiýanyň çempionatynda “Atalanta” topary Lombardi welaýatynyň başga bir topary “Milany” soňky minutlarda geçiren goly esasynda 2-1 ýeňdi. Çekeleşikli geçen oýunda “Atalanta” 12-nji minutda öňe saýlandy.Goly “Milanyň” öňki oýunçysy Şarl De Ketelare geçirdi. “Milan” topary bu gola laýyk 10 minutdan soň Alwaro Moratanyň goly bilen jogap berdi.

Duşuşygyň 87-nji minutynda bolsa Ademola Lukman “Atalantany” 2-1 hasabynda öňe çykardy.Myhmanlara bu gola jogap bermek üçin wagt ýeterlik bolmady.Netijede, “Atalanta” topary 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu çempionatdaky bassyr 9-njy ýeňşi boldy. “Atalanta” toparynyň nobatdaky duşuşygy Çempionlar Ligasynda öz meýdançasynda “Real Madrid” bilen bolar. “Atalanta” topary umumylykda 12 oýunda bäri ýeňilmän gelýär.Soňky gezek “Milandan” ýeňlipdi “Serie A”-da çempion “Inter” hem öz meýdançasynda “Parma” bilen duşuşyp, garşydaşyny 3-1 hasabynda ýeňdi.

Milan şäheriniň wekiliniň gollaryny Dimarko (40), Barella (56) hem-de Turam (67) geçirdi. “Parmanyň” ýeke-täk goluny bolsa Dimarko (81 ö.d.) öz derwezesinden saldy. “Inter” umumylykda 13 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.

Olar soňky gezek “Milandan” 2-1 hasabynda asgyn gelipdi. /* custom css */ .td_uid_15_67543af3e6050_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67543af3e6050_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
23-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Atalanta Ýewropa ligasynyň finalynda Baýeri ýeňdi
UEFA Ýewropa Ligasynyň Çempiony Atalanta topary boldy
Afrikada ýylyň futbolçysy baýragynyň ýeňijisi belli boldy
“Real Madrid” Italiýadan ýeňiş bilen dolandy