“Real Madrid” hem utulýar

UEFA Çempionlar Ligasynda soňky çempion “Real Madrid” myhmançylykda Fransiýanyň “Lill” toparyndan Jonatan Dewidiň 45+3-nji minutda penaltiden geçiren goly esasynda 1-0 hasabynda asgyn geldi. “Real Madrid” bu ýaryşda 14 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy. “Real Madrid” ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 36 oýundan soň ýeňildi.

Ançelottiniň şägirtleri soňky gezek ýanwar aýynda utulyp, klubuň rekordyna 4 oýun galypdy.

Öz meýdançasynda “Monakony” kabul eden “Dinamo Zagreb” 2-0 öňe saýlansa-da, olara bu üstünligini saklamak başartmady we duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy.

“Atalanta” myhmançylykda “Şahtýoryň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi. Duşuşykda Ademolu Lukman 1 gol geçirip, 1 goluň pasyny berdi. “Klub Brýugge” bolsa myhmançylykda “Şturm Grasdan” Solisiň ýeke-täk goly esasynda üstün çykmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Sport syny: ÝÇL ikinji tapgyr: Ýuwentusda ýeňliş, Çelside deňlik, Barselonada bolsa...
Soňky minutlarda gazanylan ýeňişler
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Ançelottiniň 100-nji ýeňşi, rekorda golaýlady
YSRAÝYLYŇ GAZA ŞÄHERINIŇ DEMIRGAZYGYNA GURAN HÜJÜMINDE ADAM PIDASY ÇEKILDI
PAKISTANDA POLISIÝA BÖLÜMINE GURALAN HÜJÜMDE AZYNDAN 12 ADAM ÖLDI