Ançelottiniň 100-nji ýeňşi, rekorda golaýlady

UEFA Çempionlar Ligasynda “E” toparçada tälimçisini çalşan “Çelsi” öz meýdançasynda “RB Salsburgy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.Gollary ýer eýelerinden Sterling, myhmanlardan 1-nji oýunda-da tapawutlanan Okafor geçirdi. “Milan” topary öz meýdançasynda “Dinamo Zagreb” bilen duşuşyp, 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Milan” Çempionlar Ligasynyň çäginde soňky 9 ýylda öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňiş gazanmagy başardy.

“F: toparçada “Şahtýor Donesk” Polşada “Seltik” bilen duşuşyp, oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. “Real Madrid” bolsa 80-nji minutdan soň 2 gol geçirip, “Leipsigi” 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Realyň” gollaryny Federiko Walwerde bilen Marko Asensio geçirdi.

Bu ýeňiş Karlo Ançelottiniň Çempionlar Ligasyndaky 100-nji ýeňşi bolup, ol 102 ýeňişli Aleks Fergusondan soň 2-nji ýerde barýar.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” 5 minutda finala çykdy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Real täze hüjümçileri satyn almaz
Ançelotti UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 100-nji ýeňşini gazandy
Reala kyn günler garaşýar
Sport syny: ÝÇL ikinji tapgyr: Ýuwentusda ýeňliş, Çelside deňlik, Barselonada bolsa...