Reala kyn günler garaşýar

Reala kyn günler garaşýar

Real La Liganyň soňa süýşürilen oýnunda Asensionyň we Žunioryň şedewr gollary bilen Walensiýany 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýöne bu ýeňiş Karlo Ançelottiden tälim alýan topar üçin gaty gymmada düşdi diýip bileris. Çünki bu gapma-garşylykda korollyk gwardiýasynyň esasy hüjümçisi Karim Benzema we esasy goragçysy Eder Militao şikes aldy.

Gyşky transfer möwsüminde düzümi güýçlendirmek üçin hiç hili transfer etmedik Realyň 2-nji fewraldan 2-nji marta çenli 9 oýun (olaryň birinjisi düýn Walensiýa bilen geçirildi) geçirmelidigini göz öňünde tutsak, bu topara kyn günleriň garaşýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Has hem, bu gorkunç biraýlygyň ahyrynda Reala aldym-berdimli göreşler garaşýar.Has takygy, Real 21-nji ferwalda Liwerpul (ÝÇL, myhmançylykda), 26-njy fewralda Atletiko (La Liga, öz öýünde) we 2-nji martda Barselona (Ispaniýanyň Şa Kubogy, öz öýünde) bilen güýç synanyşmaly bolar.

Yzly-yzyna oýnalmaly duşuşyklar bilen bir hatarda, oýunçylaryň şikesleri hem Real üçin goşmaça kynçylyk döredýär. Walensiýa bilen oýundan ozal klubyň lazaretinde Dawid Alaba, Tçuameni, Waskes ýaly oýunçylar bolan bolsa, düýn olaryň hataryna Benzemadyr Militao hem goşuldy. Şulary hasaba alsaň, Real üçin fewral aýynyň örän agyr geçjekdigini öňünden çaklamak bolar. Toparyň bu synaglara näderejede taýýardygyny bolsa öňdäki oýunlar görkezer.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
“Realyň” 150-nji, Ronaldonyň 96-njy ýeňşi
IŇLIS KLUBLARY ÇÄRÝEK FINALYŇ BOSAGASYNDA
Benzema göz degdi, “Reala” çempionlyk üçin 4 utuk ýeterlik