Bu ýyl “Real Madrid” çempion bolmaz

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň jogap duşuşyklarynyň 4-si oýnaldy. Şol oýunlaryň 3-sinde 1-nji oýunda ýeňiş gazanan toparlar ýaryşdan çykdy. Çempionlygyň dalaşgärlerinden, kubogy bassyr 3 gezek alan “Real Madrid” bilen PSŽ-niň myhmançylykda gazanan ýeňişleri çärýek finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.Soňky 3 ýylyň çempiony “Real Madrid” öz meýdançasynda “Aýaksdan” uly hasap bilen asgyn gelip, ýaryşdan çykdy.

Düzümindäki oýunçylaryň ýaş bolmagy bilen tapawutlanýan “Aýaks” öz meýdançasynda 21 ýeňlipdi. Ýöne ruhdan düşmedik gollandlar oýna ýer eýeleriniň erjel başlandygyna garamazdan, garşylyklaýyn hüjümler bilen hereket etdiler. 7-nji minutda Toni Kroosyň ýalňyşlygyndan peýdalanan Duşan Tadiçiň pasyny alan Hakim Ziýeç myhmanlary 10 öňe saýlady.

Bu goldan 11 minut soň, ýene-de Tadiçiň asistent bolup çykyş etmeginde, Dawid Neres hasaby 20-a ýetirdi.Iki gyraky hüjümçisi — Lukas Waskes bilen Winisius Junioryň şikes almagy ýer eýeleriniň keýpini has hem gaçyrdy. 2-nji ýarymda-da “Aýaks” owadan oýun görkezdi. 62-nji minutda bu gezek 2 goluň pasyny beren Duşan Tadiçiň özi tapawutlanyp, ýaryşyň iň uly klubuny has hem çykgynsyz ýagdaýa saldy. “Real” 70-nji minutda Marko Asensionyň goly bilen az-owlak umytlansa-da, 2 minut soň, Lasse Şöneniň uzak aralykdan ýerine ýetiren jerime urgusyndan geçiren goly stadiondaky ýerli janköýerleri gaty gynandyrdy. Şeýlelikde, 41 hasabynda utulan “Real Madrid” Çempionlar ligasynda yzly-yzyna gazanylan 3 çempionlykdan soň, bu möwsümde garaşylyşyndan has ir ýaryşdan çykdy.

“Real Madrid”“Aýaks” oýny bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar

“Real Madrid” topary 9 ýyldan soň, çärýek finala çykyp bilmedi.Soňky 8 möwsümde 4 çempionlyk gazanyp, 4 sapar hem ýarym finaldan gaýdan “Real Madrid” iň soňky sapar 2009/10 möwsüminde 1/8 tapgyrda “Liondan” asgyn gelipdi.Möwsüme şowsuz başlan “Real Madrid” soňky 1 hepdäniň dowamynda 3 ýaryşda-da çempionlygyň daşynda galdy.

Ilki kubok ýaryşynda “Barselonadan” utulan “Real”, “La Ligada” hem katalonlardan asgyn gelip, çempionlyk ýaryşyndan ep-esli daşlaşdy.Edil şunuň ýaly waka 2006-njy ýylda-da bolupdy we şonda toparyň prezidenti Florentina Perez wezipesini taşlapdy.

Ol 2009-njy ýylda Ronaldo, Kaka ýaly oýunçylary transfer edip, wezipä täzeden dolanypdy.“Real Madrid” topary şu möwsümde öz meýdançasynda yzly-yzyna 4-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy (“Žirona”, “Barselona”, “Barselona” we “Aýaks”). “Real” iň soňky sapar 2004-nji ýylda şeýle şowsuzlyga uçrapdy. Şol ýyl topar Karluş Keýroşyň tälimçiliginde “Osasunadan”, “Barselonadan”, “Malýorkadan” we “Real Sosiedaddan” asgyn gelipdi.“Real Madrid” topary 68 ýyldan soň, (1950/51 möwsümi) öz meýdançasynda 6 duşuşykda uly hasaplar bilen (azyndan 3 gol geçirdip) ýeňlişe sezewar boldy.

Topar şu möwsümde SSKA-dan, “Eibardan”, “Sewilýadan”, “Barselonadan” 30, ýene-de “Barselonadan” 51 hem-de “Aýaksdan” 41 hasaplary bilen utuldy.“Real Madrid” topary Çempionlar ligasynyň çäklerinde ilkinji ýola yzly-yzyna 2 duşuşykda öz meýdançasynda ýeňildi (SSKA-dan 30, “Aýaksdan” 41).“Real Madrid” Çempionlar ligasynda 3-nji gezek öz meýdançasynda 4 gol geçirdýär.

Madridliler mundan öň “Bawariýadan” 42 (2000-nji ýylda), “Şalkeden” 43 (2015-nji ýylda) ýeňlipdi.“Real Madrid” topary Çempionlar ligasynda utulan soňky duşuşygynda hem kapitany Serhio Ramossyz oýnady.Olar Ramossyz geçen möwsümde “Ýuwentusdan” 31, bu möwsümde-de SSKA-dan 1-0 we 30 hasaplar bilen utuldy.

Amsterdamdaky oýunda bilgeşleýin sary kart alyp, jogap oýny üçin jerime alan Ramos çärýek finala çenli jerimelerini aýyrmak isläpdi.“Aýaks” 13 ýyldan soň (2005/06 möwsümi) çärýek finala ýollanma aldy.

Olar 2-nji gezek öz meýdançalarynda utulyp, jogap oýnunda-da ýeňiş gazanyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar.Amsterdamlylar 1995/96 möwsüminde “Panatinaikosdan” ilki 10 utulyp, soňra olary myhmançylykda 30 ýeňipdi.

Umuman şeýle waka Çempionlar ligasynyň taryhynda 4-nji gezek gaýtalanýar (“Man. Ýunaýted”PSŽ duşuşygyny-da hasaba alanyňda).“Aýaks” topary “Ýuwentusdan” soň (1962-nji ýylda 10, 2008-nji ýylda 20, 2018-nji ýylda 31), “Real Madridi” “Santiago Bernabeu” stadionynda Ýewrokuboklarda 3 gezek ýeňen 2-nji topardyr.

Golland topary mundan ozal hem 1973-nji ýylda 10, 1995-nji ýylda 20 utupdy.

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
12 TOPAR 2-nji TAPGYRDA
“Fenerbahçe” toparynyň täze 10-njy belgilisi
Bilermenler ýurdumyzyň gurak sebitleriniň durnukly ösüşi boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşyny seljerdiler
Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy