12 TOPAR 2-nji TAPGYRDA

UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 5-nji duşuşyklardan soň 11 topar “Atletiko”, “Borussiýa D.”, “Porto”, “Şalke”, “Bawariýa”, “Aýaks”, “Mançester Siti”, “Real Madrid”, “Roma”, “Ýuwentus”, “Mançester Ýunaýted” klublary 2-nji tapgyra çykdy.

Mälim bolşy ýaly, 4-nji oýunlardan soň, “Barselona” ýaryşy dowam etmäge hukuk gazanypdy.Galan 4 toparyň arasyna goşulmak üçin umumylykda 7 toparyň arasynda, “C” toparçada-da 3 klubuň arasynda ýiti göreş dowam edýär. “Klub Brýugge”, “Benfika” we “Walensiýa” toparlary-da Ýewropa ligasyna goşularlar. Ýewropa ligasyna goşuljak beýleki 5 topar 6-njy oýunlardan soň belli bolar.

MESSI RONALDODANÖŇE GEÇDI“A” toparçada “Atletiko Madrid” Koke we Grizmannyň gollary bilen “Monakony” ýeňdi. Öz meýdançasynda “Klub Brýugge” bilen golsuz deňme-deň oýnan Dortmundyň “Borussiýasy” “Atletikodan” soň, 2-nji tapgyra çykan 2-nji klub boldy. “B” toparçada PSW-ni Messi we Pikeniň gollary bilen 21 ýeňen “Barselona” bassyr 12, umumylykda-da 17-nji gezek toparçada 1-nji ýeri eýelemegi başardy.

Bu görkezijileriň ikisi-de rekorda deňdir. Şeýle-de Messi Çempionlar ligasy boýunça 1 toparyň düzüminde 106-njy goluny geçirip, ol bu ugurda Ronaldodan öňe saýlandy.Toparçadaky beýleki duşuşykda-da “Tottenham” Londonda “Interi” Erikseniň ýeke-täk goly bilen 10 utdy.

Iki toparyň-da 7 utugy bolup, ikiçäk oýunlara seredeniňde, iňlis kluby öňde.

IŇ KÖP GOL GEÇIREN BRAZIL“C” toparçada 5-nji oýunlardan soňam, 1 klub hem indiki tapgyra çykyp bilmedi.PSŽ öz meýdançasynda geçen möwsümiň finalçysy finalçy “Liwerpuly” 21 hasabynda utup, 2-nji orna geçdi.

Fransuzlara ýeňiş getiren gollary Bernat bilen Neýmar öz atlaryna ýazdyrdy. Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sanyny 31-e ýetiren Neýmar ýaryşyň iň köp pökgi geçiren braziliýaly oýunçysy boldy. “Napoli” Mertensiň 2 gol geçiren oýnunda “Srwena Zwezdany” 31 ýeňdi. 6-njy oýunlarda “Liwerpul” Angliýada “Napolini” kabul etse, PSŽ myhmançylykda “Srwena Zwezda” bilen duşuşar. “D” toparçada-da “Porto” öz meýdançasynda “Şalkeni” 31 ýeňdi. “Lokomotiw” toparynyň-da “Galatasaraýy” 20 utmagyndan soň, “Porto” bilen “Şalke” 2-nji tapgyra çykan klublar boldy.

“AÝAKS” 13 ÝYLDAN SOŇ“E” toparçada öz çempionatynda şowsuz çykyş edýän “Bawariýa” Portugaliýanyň “Benfikasyndan” 51 üstün çykdy.Oýunda Robben bilen Lewandowskiniň hersi 2 goldan geçirdi.

Robben bu gollaryndan soň, ýaryşyň iň netijeli 2-nji gollandiýaly futbolçysy boldy.Ol Nistelrooýdan yzda barýar.Lewandowski bolsa, şu ýaryşdaky gollarynyň sanyny 50-ä ýetirdi. 77 oýunda bu görkezijä ýeten Lewandowski umumy sanawda 6-njy hatarda barýar.

Polşaly hüjümçi 50 gol geçiren 7-nji futbolçy boldy.Toparçanyň beýleki oýnunda-da “Aýaks” myhmançylykda AEK-i Dužan Tadiçiň 2 goly bilen ýeňip, 13 ýyldan soň 2-nji tapgyra çykdy.

Toparçada haýsy toparyň 1-nji ýeri eýelejekdigi 12-nji dekabrdaky “Aýaks”“Bawariýa” oýnundan soň belli bolar. “F” toparçada “Mançester Siti” topary “Liony” myhmançylykda-da ýeňip bilmedi. Ýer eýeleri 2 gezek Korne bilen öňe saýlandy. Ýöne ilki Laporte, soňra-da Aguero hasaby deňlemegi başardy.

Utugyny 10-a ýetiren “Mançester Siti” 2-nji tapgyra ýollanma aldy. “Hoffenhaýmy” myhmançylykda 32 ýeňen “Şahtýoryň” nobatdaky tapgyra çykmak mümkinçiligi dowam edýär.Olar 12-nji dekabrda “Liony” kabul edip, islendik hasapda ýeňiş gazanan ýagdaýynda 2-nji tapgyra ýollanma alarlar.

100 ÝEŇŞE ÝETENILKINJI OÝUNÇY“G” toparçada-da ilki oýnalan oýunda “Wiktoriýanyň” myhmançylykda SSKA-ny 21 ýeňmeginden soň, “Real Madrid” bilen “Roma” 1/8 finala çykmaga hukuk gazandy.

Rimdäki Olimpiýa stadionynda “Romany” Garet Beýl we Lukas Waskesiň gollary bilen 20 ýeňen “Real Madrid” yzly-yzyna 22-nji gezek toparçadan çykmagy başardy. Şeýle-de Ronaldo Çempionlar ligasynda 100 duşuşykda ýeňiş gazanan ilkinji futbolçy boldy. “H” toparçadaky 2 oýunda-da 10 hasabynda ýeňiş gazanan “Ýuwentus” bilen “Mançester Ýunaýted” ýaryşy dowam etdirer.

Italýanlar “Walensiýany” Manžukiçiň, iňlislerem “Ýang Boýzy” Fellaininiň 90+1-nji minutdaky goly bilen ýeňdi. “Ýunaýtediň” tälimçisi Žoze Mourinio karýerasy boýunça 14 möwsüm Çempionlar ligasynda çykyş edip, olaryň ählisinde-de toparçadan çykmagyň hötdesinden geldi.

Ol Çempionlar ligasyna gatnaşmadyk 2 möwsüminde-de Ýewropa ligasynda ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Bu ýyl “Real Madrid” çempion bolmaz
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
ÝEKE ÖZI BIR TOPARA DEGÝÄR