Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi

UEFA Çempionlar ligasynda toparçalardaky 3-nji

duşuşyklarda 62 gol geçirildi. “Bawariýa”, “Mançester Siti”, “Liwerpul” hem-de “Barselona”

häzirlikçe ýeke utuk hem ýitirmän ýaryşy säwliksiz dowam edýär. 4 klub bilen wekilçilik edýän ýurtlardan nemes toparlarynyň

hemmesi-de edil geçen tapgyrdaky iňlis klublary ýaly ýeňiş gazanmagy başardy.

Uly hasaply ýeňiş gazanan nemes toparlarynyň 2-si

6 gol geçirdi. Ispan toparlaryň 3-si ýeňiş gazanyp, 1-i

deňme-deň oýnady. 3 kluby ýeňiş gazanan iňlis

toparlary ilkinji gezek ýeňildi. Ýagny “Mançester

Ýunaýted” Çempionlar ligasynda şu möwsümde utulan

ilkinji iňlis kluby boldy. Italýan toparlaryň 2-si

ýeňiş gazanyp, 1-i deňme-deň oýnady, beýleki

biri-de ýeňildi. Fransuz toparlarynyň 3-si hem

ýeňlişe sezewar bolup, rus klublary 3-nji

tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. Bu tapgyrda 3 futbolçy het-trik etdi. 8 oýunda ýer

eýeleri, 6 duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy.

Ähli duşuşykda gol geçirilip, 2 oýun deňlikde

tamamlandy.

“A” toparçada “Bawariýa” myhmançylykda “Red Bull Salsburg” bilen duşuşdy. Oýnuň 79-njy minutyna

çenli deňme-deň dowam eden duşuşygyň soňky 11 minutynda

nemes topary 4 pökgi geçirdi. 6-2 hasabynda ynamly ýeňiş

gazanan “Bawariýa”

bassyr 14-nji duşuşykda garşydaşlaryndan üstün

çykyp, bu ugurda öz rekordyny ösdürdi. “Lokomotiw Moskwa” bilen “Atletiko Madrid” 1-1 oýnap, hersi 1 utukdan paýlaşdylar.

“B” toparçada tapgyryň

iň esasy oýnunda “Real Madrid” öz

meýdançasynda “Interi” 32 hasabynda ýeňdi. Benzema (25) we Ramosyň (33) gollary bilen 2-0

öňe saýlanan “Real Madrid” italýan klubunyň hasaby deňlemeginiň öňüni alyp bilmedi.

Netijede, 80-nji minutda ätiýaçdan oýna giren Rodrygo owadan gol bilen

ispan klubuna ýeňiş getirdi. Duşuşykda kelle urgy bilen tapawutlanan Serhio Ramos “Real Madriddäki” 100-nji goluny derwezä girizdi. Toparçanyň beýleki oýnunda-da taryhy

netije hasaba alyndy. “Real Madridi” myhmançylykda 3-2

utup, ýeňiş bilen başlan “Şahtýor Donesk” öz meýdançasynda “Borussiýa M” toparyndan 6-0 asgyn geldi. Duşuşykda

nemes toparynyň 3 goluny fransiýaly hüjümçi Alassane Plea derwezä

girizdi.

“C” toparçadaky 2 oýunda-da ýer eýeleri 3-0 hasabynda üstün çykdy.

“Mançester Siti”

Angliýada “Olimpiakosy” 3-0 utup, 3-nji duşuşygynda-da

3 golly ýeňiş gazandy. “Porto” hem “Marseli” 3-0 ýeňmegi başardy. “Marsel” topary Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 12-nji gezek utulyp, bu ugurda “Anderlehtiň” antirekordyna şärik boldy.

“D” toparçada “Liwerpul” myhmançylykda “Atalantanyyň” torundan jogapsyz 5 gol girizdi.

Duşuşykda iňlis klubunyň täze transferi Diogo

Žota 3 gol geçirdi. Ol “Liwerpulda” bu ýaryşda het-trik eden 9-njy futbolçy boldy. “Liwerpulyň” beýleki 2 goluny-da Salah bilen Mane geçirdi. “Liwerpul” 3-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp, ýoluny säwliksiz dowam

edýär. “Aýaks”

hem myhmançylykda ýaryşyň täze topary “Midtýullany” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

“E” toparçada “Çelsi” toparyna “Renn” klubuny ýeňmek kyn düşmedi. Werneriň 11 metrlik jerime

urgusynda geçiren 2 hem-de Abrahamyň 1 goly bilen 3-0 ýeňiş gazanan “Çelsi” utugyny 7-ä ýetirdi. “Krasnodar” myhmançylykda “Sewilýa” bilen duşuşyp, 2-0

öňe saýlanandygyna garamazdan ýeňlişe sezewar boldy. 1

oýunçy kem oýnan “Sewilýa” Rakitiç we En-Nesyriniň (2) gollary bilen 3-2 hasabynda ýeňiş

gazanmagyň hötdesinden geldi.

“F” toparçada Erling Hollannyň 2 gol geçiren oýnunda “Borussiýa Dortmund”

myhmançylykda “Klub Brýuggeni” 3-0 ýeňdi. Hollann Çempionlar ligasynyň çäginde 11-nji duşuşygynda

14-nji goluny geçirdi. “Zenit” bile “Lasio” bolsa 1-1 deňme-deň oýnady.

“G” toparçada “Barselona”

Messiniň ýene-de 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlanan duşuşygynda Kiýewiň “Dinamosyny” 2-1 utup, 3-nji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy. “Ýuwentus” Alwara Moratanyň 2 gol

geçiren oýnunda “Ferenswaroşdan” myhmançylykda 4-1

üstün çykdy. 1 goluň

pasyny beren Ronaldo täze möwsümde

ilkinji gezek meýdança çykdy.

“H” toparçadaky 2 oýunda hem ýer eýeleri 2-1

hasabynda ýeňiş gazandy. Aýratynam, ýaryşa ilkinji

gezek gatnaşýan “Istanbul Başakşehiriň” şu möwsümde 10 oýundan

bäri myhmançylykda ýeňilmän gelýän iňlisleriň güýçli kluby “Mançester Ýunaýtedden” üstün

çykmagy tapgyryň garaşylmadyk wakasy boldy. Türk kluby Demba Ba we Edin Wişçanyň gollary bilen 2-1 hasabynda ilkinji

ýeňşini baýram etdi. Toparçadaky beýleki oýunda PSŽ Di Mariýanyň goly bilen öňe saýlansa-da, parižlilere üstünligini

saklamak başartmady. “Leipsig” topary Nkunku we Forsbergiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňip, 2-nji

ýeňşini gazandy. Oýunda PSŽ-niň 2 futbolçysy (Geýe bilen Kimpembe) gyzyl kart aldy.

Toparçadaky 4-nji oýunlar 2 hepdelik arakesmeden soň, 24-nji

we 25-nji noýabrda oýnalar.

“RB Salsburg”“Bawariýa”: 2-6 (Berişa 4, Okugawa

66 Lewandowski 21 p, 88, Kristensen 44 ö.d., Boateng 79, Sane 83, Hernandes

90+2)

“Lokomotiw”“Atletiko Madrid”: 1-1 (An. Mirançuk

25 p Himenes 18)

“Şahtýor Donesk”“Borussiýa M”: 0-6 (Plea 8, 26,

78, Bondar 17 ö.d., Bensebaini 44,tindl 65)

“Real Madrid”“Inter”: 3-2 (Benzema 25, Ramos 33, Rodrygo 80 Martines 35, Perişiç 68)

“Mançester Siti”“Olimpiakos”: 3-0 (Torres 12,

Gabriel Žesus 81, Kanselo 90)

“Porto”“Marsel”: 3-0 (Marega 4, Oliweira 28 p,

Diaz 69)

“Atalanta”“Liwerpul”: 0-5 (Žota 16, 33, 54, Salah

47, Mane 49)

“Midtýullann”“Aýaks”: 1-2 (Dreýer 18 Entoni 1,

Tadiç 13)

“Sewilýa”“Krasnodar”: 3-2 (Rakitiç 42, En-Nesyri

69, 72 Suleýmanow 17, Berg 21 p)

“Çelsi”“Renn”: 3-0 (Werner 10 p, 41 p, Abraham 50)

“Zenit”“Lasio”: 1-1 (Ýerohin 32 Kaisedo 82)

“Klub Brýugge”“Borussiýa D”: 0-3 (Hazard 14,

Hollann 18, 32)

“Barselona”“Dinamo K”: 2-1 (Messi 5 p, Pike 65 Sygankow 75)

“Ferenswaroş”“Ýuwentus”: 1-4 (Boli 90 Morata 7,

60, Dibala 73, Dwali 81 ö.d.)

“Istanbul BŞ”“Man. Ýunaýted”: 2-1 (Demba Ba 13,

Wişça 40 Marsial 43)

“Leipsig”PSŽ: 2-1 (Nkunku 42, Forsberg 57 p Di

Mariýa 6)

Ýene degişli makalalar

Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
Wagtyndan öň 1/8 finala çykmakda “Real Madrid” öz rekordyny täzeledi
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji duşuşyklar: “Inter” “Barselona”, “Çelsi” “Milan”
UEFA Çempionlar ligasy
Ýewro-2020: Ispaniýa Slowakiýany, Şwesiýa Polşany ýeňdi
Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi