Diňe 2 klub gol geçirtmedi

UEFA-nyň klub ýaryşlarynda toparçalardaky 4-nji duşuşyklar tamamlandy. Çempionlar Ligasynda 5 klub 1/8 finala çykmaga hukuk gazandy. Ýewropa Ligasynda häzirlikçe 1/8 finala çykandygy anyk bolan topar ýok. “Napoli”, “Klub Brýugge”, “Bawariýa”, “Real Madrid” hem-de “Mançester Siti” kluby wagtyndan öň 1/8 finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar. “Fenerbahçe, “Renn”, “Betis”, “Real Sosiedad”, “Fraýburg” ýaly kluby uly mümkinçilige eýe boldy.

UEFA-nyň 3-nji ýaryşy bolan Ýewropa Konferensiýa Ligasynda-da “Wilýarreal” topary wagtyndan öň 1/8 finala adyny ýazdyran ýeke-täk topar boldy. “Istanbul Başakşehir”, “West Ham”, “Ýurgarden” toparlary-da 1/8 finala pleý-offsuz gatnaşmagyň bosagasynda dur.

3 ýaryşdaky 96 klubuň arasyndan diňe 2 klub gol geçirtmedi.Olaryň biri Çempionlar Ligasynyň taryhynda ilkinji gezek 1/8 finala çykan “Klub Brýugge” toparydyr.Topar 4 oýunda 7 gol geçirip, 10 utuk toplady. Şeýle-de, Ýewropa Konferensiýa Ligasynda “A” toparçada çykyş edýän Türkiýäniň “Istanbul Başakşehir” topary-da 10 utuk toplady.

Soňky duşuşygyny golsuz deňme-deň oýnan stambullylar şol duşuşykda 10 gol geçirip, ýeke gol hem geçirtmediler.

“Mançester Siti”, “Arsenal”, “Real Sosiedad”, “Fraýburg” ýaly klublar bolsa topy 1 gezek derwezelerinden çykarmaly boldular.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
Super ýyldyzyň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly
ÝL çärýek final: Serdar Azmunyň golly pasy Baýeri ýeňlişden halas etdi
Türkmen telewideniýesi şu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 8 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler