Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy

Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşýan Ýaponiýanyň ýygyndysynyň gutarnykly, final sanawy mälim edildi.Tälimçi Hažime Moriýasu 26 futbolçynyň sanawyny FIFA habar berdi.Ussat tälimçi “Seltikde” oýnaýan Kýogo Furuhaşi bilen şikesi bar bolan “Wissel Kobeniň” hüjümçisi Ýuýa Osakony sanawa almady. 32 ýaşyndaky Osaka milli ýygyndyda 57 oýunda 25 gol geçiripdi. 39 ýaşly Eiji Kawaşima, 36 ýaşyndaky Ýuto Nagatomo, 34 ýaşly Maýa Ýoşida ýaly weteranlar bilen bir hatarda, Takumi Minamino, Daiçi Kamada, Takehiro Tomiýasu, Takuma Asano ýaly Ýewropada çykyş edýän futbolçylar hem sanawa çagyryldy.

Kawaşima, Nagatomo, Ýoşida ýaly futbolçylar 4-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşarlar.

DERWEZEÇILERI:

Şuiçi Gonda (Şimizu S-Pulse),

Daniel Şmidt (Sint Truiden, Belgiýa),

Eiži Kawaşima (Strasbur, Fransiýa)

GORAGÇYLAR:

Hiroki Sakai (Urawa Red Daýmonds),

Miki Ýamane (Kawasaki Frontal),

Ko Itakura (Borussiýa M, Germaniýa),

Takehiro Tomiýasu (Arsenal, Angliýa),

Maýa Ýoşida (Şalke 04, Germaniýa),

Şogo Taniguçi (Kawasaki Frontal),

Hiroki Ito (Ştutgart, Germaniýa),

Ýuto Nagatomo (FK Tokýo),

Ýuta Nakaýama (Haddersfild Tawn, Angliýa)

ÝARYMGORAGÇYLAR:

Ýunýa Ito (Stad de Reýms, Fransiýa),

Ritsu Doan (Fraýburg, Germaniýa),

Wataru Endo (Ştutgart, Germaniýa),

Hidemasa Morita (Sporting, Portugaliýa),

Ao Tanaka (Fortuna Dusseldorf, Germaniýa),

Daiçi Kamada (Aýntraht, Germaniýa),

Takefusa Kubo (Real Sosiedad, Ispaniýa),

Takumi Minamino (Monako, Fransiýa),

Kaoru Mitoma (Braýton, Angliýa),

Gaku Şibasaki (Leganes, Ispaniýa),

Ýuki Soma (Nagoya Grampus)

HÜJÜMÇILER:

Daizen Maeda (Seltik, Şotlandiýa),

Aýase Ueda (Serkl Brýugge, Belgiýa),

Takuma Asano (Bohum, Germaniýa)

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Türkmen Hytaý gatnaşyklary ösdürilýär
Ýurdumyza Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi
Mongoliýa Ýaponiýa: 0-14