Katarda “El Klasiko” duşuşygy geçiriler

Ispaniýanyň 2 iň uly kluby “Real Madrid” bilen “Barselonanyň” ozalky futbolçylary, rowaýaty ýyldyzlary 28-nji noýabrda Katarda özara duşuşarlar.Weteranlaryň arasyndaky bu taryhy “El Klasiko” duşuşygy Kataryň paýtagty Dohadaky Halkara Khalifa stadionynda oýnalar.

Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanjak bu oýunda “Real Madridiň” düzüminde Iker Kasilýas, Roberto Karlos, Luis Figo, “Barselonanyň” düzüminde bolsa Çarles Puýol, Ronaldinio, Hawi, Deko ýaly bir döwürleriň meşhur ýyldyzlarynyň çykyş etmegine garaşylýar.

Duşuşykdan öň janköýerler üçin ýörite çäreler guralar, ýyldyz futbolçylar bilen surata düşmek dabarasy geçiriler.Bu taryhy duşuşyga dünýäniň çar künjeginden janköýerleriň tomaşa etmek üçin Doha gelmegine garaşylýar. /* custom css */ .td_uid_15_672f5104b8cfe_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672f5104b8cfe_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Barselona diňe El Klasikoda çykyş etjek ýörite sport eşigini tanyşdyrdy
Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy
16.01.2018 | Amuldan — Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Kerwensaraýlar