5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy

Futbol boýunça Dünýä Kubogy taryhda ilkinji gezek 2 döwletde geçirilýär. 2002-nji ýylda Günorta Koreýa bilen Ýaponiýanyň bilelikde guran ýaryşy Ýewropa, Günorta we Demirgazyk Amerika yklymlaryndan başga yklymda, ýagny Aziýada geçirilen ilkinji Dünýä Kubogy bolýar. 17-nji Dünýä Kubogy 31-nji maý-da başlap, 30-njy iýunda-da tamamlanýar.

FIFA-nyň 1996-njy ýylda geçiren ýygnagynda Meksikadan köp ses alan Aziýa ýurtlaryndaky futbol baýramçylygyna 32 ýygyndy gatnaşýar.Ekwadoryň, Sloweniýanyň, Hytaýyň, Senegalyň ýygyndylar ilkinji gezek Dünýä Kubogynda çykyş edýär. Şeýle-de iň soňky sapar 1954-nji ýylda gatnaşan Türkiýe, şol sanda 1986-njy ýyldan soň, Portugaliýa hem ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

Dünýä Kubogynyň çempionynyň iň soňky sapar gönümel gatnaşan ýaryşynyň saýlama tapgyrynda 199 ýygyndy özara güýç synanyşýar. 1998-nji ýylyň ýarym finalçylaryndan Niderlandlar Aziýadaky şüweleňe ýollanma alyp bilmeýär. Çempionat geň galdyryjy hasap bilen açylýar.

Soňky çempion Fransiýa ýaryşyň täze wekillerinden Senegaldan Buba Diopyň (30) ýeke-täk goly esasynda 1-0 asgyn gelýär.

“A” toparçada soňky çempion Fransiýa ýeke gol hem geçirip bilmän ýaryşdan juda ir gaýtmaly bolýar.Esasy ýyldyzy Zidanyň şikesli bolmagynyň oňaýsyz täsiri bilen diňe 1 utuk alan Fransiýa çempion hökmünde şeýle netije görkezen ilkinji ýygyndy hökmünde hasaba alynýar.

Daniýa Urugwaýy Tomassonyň gollary bilen 2-1 ýeňýär.Daniýa bilen Senegal 1-1, Fransiýa bilenem Urugwaý 0-0 deňme-deň oýnaýar. 3-nji duşuşyklarda Fransiýa Daniýadan 3-0 utulýar. 1-nji ýarymda 3-0 öňe saýlanan Senegal 2-nji ýarymda Urugwaýdan 3 gol geçirdýär.

Netijede, Daniýa bilen ilkinji gezek gatnaşýan Senegal ýaryşy dowam edýär

“B” toparçada Ispaniýa Sloweniýany 3-1 (Raul 44, Waleron 74, Hierro 87 p Simirotiç 82), edil şonuň ýaly-da Paragwaýy 3-1 (Morientes 53, 69, Hierro 83 p Puýol 10 ö.d.) hem-de Günorta Afrikany 3-2 (Raul 4, 56, Mendieta 45+1 MakKarti 31, Radebe 53) hasaplar bilen ýeňýär.

Toparçada 2-nji orna 4 utuk toplan Paragwaý mynasyp bolýar.Günorta Afrikanyň hem 4 utugy bolup, 6 gol geçirip, 6 gol geçirden Paragwaý, 5 gol geçirip, 5 gol geçirden afrikalylardan öňe saýlanýar.

“C” toparçada Braziliýa çekeleşikli geçen oýunda Türkiýäni Hasan (Şaşyň 45+2) goluna garşylyk Ronaldo (50) we Riwaldonyň (87 p) gollary bilen 2-1 ýeňýär.Braziller Hytaýdan hem 4 R-leriniň ýagny R.

Karlosyň (15), Riwaldonyň (32), Ronaldinionyň (45 p) hem-de Ronaldonyň (55) gollary bilen 4-0 utýar.Sambaçylar 3-nji duşuşygynda Kosta Rikany 5-2 hasabynda ýeňýär (Ronaldo 10, 13, Edmilson 38, Riwaldo 62, Junior 64 Wançop 39, Gomez 56).

Edil “B” toparçadaky ýaly 4 utukly 2 topardan Türkiýe gol aratapawudy boýunça Kosta Rikadan öňe saýlanyp, 1/8 finala çykýar.

“D” toparçada ýer eýeleri koreýler polýaklary 2-0 hasabynda ýeňip (Sun Hon Hwan 26, San Çul Ýu 53), ABŞ bilenem 1-1 deňme-deň oýnaýar.Olar 3-nji duşuşygynda-da Portugaliýany Ži Sun Parkyň 70-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňýär. Örän çekeleşikli geçen oýunda ABŞ Portugaliýany 3-2 hasabynda ýeňýär.

Duşuşykda amerikanlaryň adyndan O’Braýan (4), J.Kosta (29, ö.d.), MakBraýd (36), portugallaryň adyndan bolsa Beto (39) bilen Agos (71, ö.d.) tapawutlanýar.ABŞ soňky duşuşygynda Polşadan 3-1 utulýar.

Portugaliýa Pauletanyň het-trik (14, 65, 77) eden oýnunda Polşany 4-0 utýar (Beýleki goly Rui Koşta geçirýär 88).Toparçada koreýler 1-nji, amerikanlar 2-nji ýeri eýelese, 16 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşan portugaliýaly hem-de polşaly futbolçylar öýlerine dolanýarlar.

“E” toparçada Germaniýa Saud Arabystanynyň ýygyndysyny 8-0 hasabynda utýar. Duşuşykda Miroslaw Klose 3 gezek tapawutlanýar (20, 25, 70). Beýleki gollary-da Ballak (40), Ýanker (45+1), Linke (73), Bierhoff (84), Şneider (90+1) geçirýär. Duşuşyk Dünýä Kubogynyň taryhyndaky iň uly hasaply ýeňişleriň biri bolýar.

Irlandiýa bilen utuklary paýlaşan Germaniýa Kamerundan Bode we Kloseniň gollary esasynda 2-0 hasabynda üstün çykýar. Kamerun bilen 1-1 deňme-deň oýnan Irlandiýa Saud Arabystanyny 3-0 utup, toparçada 2-nji ýeri eýeleýär.

“F” toparçada argentinler 1-0 (Batistuta 63) hasabynda Nigeriýany utup, ýeňişli başlan hem bolsalar, soňlugy bilen, olar üçin çempionat şowly geçmeýär.Ilkinji daşary ýurtly tälimçisi, şwesiýaly Swen-Goran Eriksen bilen çempionata gatnaşan Angliýa Şwesiýa bilen 1-1 deňme-deň oýnaýar. 2-nji duşuşyklarda Şwesiýa Nigeriýany Henrik Larssonyň gollary bilen 2-1 utýar.

Taryhy duşuşykda Angliýa Argentinany Bekhamyň 44-nji minutda penaltiden geçiren goly bilen 1-0 ýeňip, geçen çempionatdaky ýeňlişiň aryny alýar. 3-nji duşuşyklar deňlikde gutaryp (Şwesiýa Argentina: 1-1, Nigeriýa Angliýa: 0-0), 5 utuk toplan Ýewropanyň wekilleri 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazanýar.

“G” toparçada Meksika Horwatiýany 1-0 (Blanko 60 p), köpleriň islegine garamazdan, Roberto Bajjony düzüme çagyrmadyk Jowanni Trapattoniniň tälimçiliginde gatnaşan Italiýa hem Ekwadory 2-0 (Wieri 7, 27) hasabynda ýeňýär.

Ikinji oýunlarynda Italiýa Wieriniň goly bilen öňe geçse-de, 3 minutda Oliç we Rapaiçiň gollary esasynda Horwatiýadan 2-1 asgyn gelýär.Meksika şol hasap bilen Ekwadory utýar (Borgetti 38, Torrado 57 Delgado 5).

Soňky tapgyrda Ekwadoryň Horwatiýany utmagy (1-0, Mendes 48), Meksika bilen deňme-deň oýnan italýanlaryň bähbidine bolýar (Borgetii 34 Del Piero 85).

“H” toparçada ýer eýesi ýaponlar Belgiýa bilen 2-2 (Suzuki 59, Inamoto 67 Wilmots 57, Wan Der Heýden 75) deňme-deň oýnanlaryndan soň, Russiýany 1-0 (Inamota 51), Tunis-de 2-0 (Morişima 48, Nakata 75) hasabynda utup, 7 utuk toplaýar.

Russiýa 1-nji duşuşygynda Tunisi Titow (59) we Karpiniň (64 p) gollary esasynda 2-0 ýeňýär.Ilkinji 2 oýnuny deňme-deň oýnan Belgiýa bilen 3 utukly Russiýanyň arasyndaky duşuşykda Günbatar ýewropalylar 3-2 hasabynda üstün çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar. Çekeleşikli geçen oýunda Belgiýadan Walem (7), Sonk (78) we Wilmots (82), ruslardanam Beşçastnyh (52) hem-de Syçýow (88) tapawutlanýar.

Ikinji tapgyrda Germaniýa Paragwaýy (Noýwill 88), Türkiýe-de ýer eýesi Ýaponiýany (Ümit Dawala 12) 1-0, köne bäsdeşleriň duşuşygynda ABŞ-nyň ýygyndysy Meksikany (MakBraýd 8, Donowan 65), şeýle-de Braziliýa-da Belgiýany (Riwaldo 67, Ronaldo 87) 2-0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.

Angliýa Daniýanyň torundan jogapsyz 3 gol girizýär.Gollary Ferdinand (5), Owen (22) hem-de Heski (44) öz atlaryna ýazdyrýar. “Altyn gol” ulgamy bilen ýeňijileriň kesgitlenen oýnunda Senegal Şwesiýany Henrik Larsonyň 11-nji minutdaky goluna garşyly, Henri Kamaranyň 27-nji hem-de 104-nji minutdaky gollary bilen 2-1 ýeňýär.

Edil şonuň ýaly netije Günorta Koreýa bilen Italiýanyň arasyndaky oýunda-da hasaba alynýar. 18-nji minutda Wieriniň goly bilen öňe saýlanan italýanlar 88-nji minutda Seol Ki-Hýeon goluna çäre tapyp bilmeýär.

Duşuşygyň 117-nji minutynda Žun-Hwan Anyň goly koreýleri çärýek finala çykarýar.Oýunda ekwadorly emin Baýron Moreno italýanlaryň 2 takyk goluny dürli sebäplerden hasaba almaýar, Tottini hem gyzyl kart bilen oýundan çykarýar.

Duşuşykda eminiň gödek ýalňyşlyklar goýberendigini FIFA hem kabul edýär.Esasy wagty 11 (Morientes 8 Robbi Kin 90 p) hasabynda deňlikde gutaran oýunda Ispaniýa penaltileriň netijesinde, Irlandiýadan üstün çykýar (32).

Çärýek finalda Germaniýa ABŞ-ny Ballagyň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňýär.Edil şonuň ýaly netije Senegal bilen Türkiýäniň arasyndaky oýunda-da hasaba alynýar.Türkiýe 94-nji minutda Ilhan Mansyzyň “Altyn goly” 1-0 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Angliýa bilen Braziliýanyň arasyndaky oýun örän çekeleşikli geçip, Günorta Amerikanyň wekili Riwaldo we Ronaldinionyň ajaýyp gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňşini baýram edýär.Maýkl Oweniň 23-nji minutdaky goly iňlislere ýeterlik bolmaýar.

Esasy we goşmaça wagty golsuz geçen duşuşykda Koreýanyň ýygyndysy Ispaniýany penaltileriň netijesinde 5-3 ýeňip, ýaryşdan çykarýar.Bu duşuşykda hem eminleriň ýer eýelerine beren goldawy mese-mälim duýulýar.

Edil Italiýa bilen bolan duşuşykda bolşy ýaly, müsürli Gamal Al-Gandur ispanlaryň takyk 2 goluny hasaba almaýar.Netijede, koreýler Dünýä Kubogynda Ýewropadyr Demirgazyk hem-de Günorta Amerika yklymlaryndan başga bir yklymyň adyndan ýarym finala çykan ilkinji topar bolýar. Ýa-da Koreýa Dünýä Kubogynda ýarym finala adyny ýazdyran ilkinji aziýaly (häzirlikçe) ýygyndy hökmünde taryha girýär.

Ýöne ýarym finalda ýer eýeleri koreýleriň güýji Germaniýa ýetmeýär.Nemesler Mihail Ballagyň 75-nji minutynda geçiren goly bilen 1-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 7-nji gezek finala çykýar. Ýarym finalyň beýleki duşuşygy hem 1-0 hasabynda tamamlanyp, Braziliýanyň ýygyndysy Türkiýäniň Ronaldonyň 49-njy minutdaky ýeke-täk goly esasynda 1-0 ýeňip, bassyr 3-nji, umumylykda 7-nji gezek finala adyny ýazdyrýar.

Daegu şäherinde bürünç medal ugrundaky oýunda Günorta Koreýa bilen Türkiýe duşuşýar.Oýnuň eýýäm 11 sekundynda Hakan Şürkür hasaby açýar.Bu gol Dünýä Kubogynyň taryhyndaky iň çalt geçirilen gol hökmünde hasaba alynýar.

Netijede oýun 3-2 (Hakan Şükür 1, Ilhan Mansyz 13, 32 Li Eul Ýong 9, Song Çong-Gug 90+3) hasabynda Türkiýäniň ýeňşi bilen tapawutlanýar we türkler ilkinji gezek bürünç medala mynasyp bolýar.

30-njy iýunda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde Braziliýa bilen Germaniýanyň arasyndaky finala dünýä belli Pierluiji Kollina (Italiýa) eminlik edýär.Dünýä Kubogyna iň köp gatnaşan bu 2 ýygyndy çempionatyň çäginde ilkinji gezek duşuşýar.

Halkara Ýokohama stadionynda oýnalan duşuşyga 69 029 janköýer tomaşa edýär.Bir tarapda dört kubogyň eýesi Braziliýa, beýleki tarapda-da 4-nji kubogyna ymtylýan Germaniýa bolup, oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar.

Aýratynam Germaniýanyň derwezeçisi Oliwer Kan brazilleriň hüjümçileriniň öňünde uly böwet bolýar.Duşuşygyň ahyrynda hasabatlara seredeniňde, nemesler şowly netije görkezenem bolsalar, olar topy derwezä geçirip bilmediler.Sambaçylaryň super ýyldyzy Luiz Nazario de Lima Ronaldo 67-nji minutda derwezeçi Kanyň çempionatyň dowamynda goýberen ilkinji ýalňyşyndan peýdalanyp, hasaby açýar.

Super ýyldyz 79-njy minutda-da tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýýar. Şeýlelikde, 5-nji kubogyny asmana göteren Braziliýa dünýä futbolynyň iň ulusydygyny ýene bir ýola subut edýär. 5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy hökmünde taryha giren Braziliýa 4 yklymda Dünýä Kubogy asmana göteren ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk topar bolýar.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR

“A”: Fransiýa Senegal: 0-1, Urugwaý Daniýa: 1-2, Daniýa Senegal: 1-1, Fransiýa Urugwaý: 0-0, Daniýa Fransiýa: 2-0, Senegal Urugwaý: 3-3; “B”: Paragwaý GAR: 2-2, Ispaniýa Sloweniýa: 3-1, Ispaniýa Paragwaý: 3-1, GAR Sloweniýa: 1-0, GAR Ispaniýa: 2-3, Sloweniýa Paragwaý: 1-3; “C”: Braziliýa Türkiýe: 2-1, Hytaý Kosta Rika: 0-2, Braziliýa Hytaý: 4-0, Kosta Rika Türkiýe: 1-1, Kosta Rika Braziliýa: 2-5, Türkiýe Hytaý: 3-0; “D”: G.

Koreýa Polşa: 2-0, ABŞ Portugaliýa: 3-2, G.Koreýa ABŞ: 1-1, Portugaliýa Polşa: 4-0, Portugaliýa G.Koreýa: 0-1, Polşa ABŞ: 3-1; “E”: Irlandiýa Kamerun: 1-1, Germaniýa S.

Arabystany: 8-0, Germaniýa Irlandiýa: 1-1, Kamerun S.Arabystany: 1-0, Kamerun Germaniýa: 0-2, S.Arabystany Irlandiýa: 0-3; “F”: Argentina Nigeriýa: 1-0, Angliýa Şwesiýa: 1-1, Şwesiýa Nigeriýa: 2-1, Argentina Angliýa: 0-1, Şwesiýa Argentina: 1-1, Nigeriýa Angliýa: 0-0; “G”: Horwatiýa Meksika: 0-1, Italiýa Ekwador: 2-1, Italiýa Horwatiýa: 0-1, Meksika Ekwador: 2-1, Meksika Italiýa: 1-1, Ekwador Horwatiýa: 1-0; “H”: Ýaponiýa Belgiýa: 2-2, Russiýa Tunis: 2-0, Ýaponiýa Russiýa: 1-0, Tunis Belgiýa: 1-1, Tunis Ýaponiýa: 0-2, Belgiýa Russiýa: 3-2;

1/8 FINAL: Germaniýa Paragwaý: 1-0, Daniýa Angliýa: 0-3, Şwesiýa Senegal: 1-2 (g.w.), Ispaniýa Irlandiýa: 1-1 (g.w.), 3-2 (p), Meksika ABŞ: 0-2, Braziliýa Belgiýa: 2-0, Ýaponiýa Türkiýe: 0-1, G. Koreýa Italiýa: 2-1 (g.w.)

ÇÄRÝEK FINAL: Angliýa Braziliýa: 1-2, Germaniýa ABŞ: 1-0, Ispaniýa G. Koreýa: 0-0 (g.w.), 3-5 (p), Senegal Türkiýe: 0-1 (g.w.)

ÝARYM FINAL: Germaniýa G. Koreýa: 1-0, Braziliýa Türkiýe: 1-0

3-nji ÝER ÜÇIN: G. Koreýa – Türkiýe: 2-3

FINAL: Germaniýa Braziliýa: 0-2

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Dünýä çempionaty ilkinji gezek Günorta we Demirgazyk Amerika hem-de Ýewropa yklymlaryndan başga yklymda, Aziýada geçirilýär.

* Dünýä Kubogy ilkinji gezek 2 döwletde guralýar.

* Saýlama oýunlarynda 199 milli ýygyndy çykyş edýär, 777 duşuşyk geçirilýär. Duşuşyklara stadionlarda 17 milliondan hem köp janköýer tomaşa edýär.

* Çempionat 2 döwletiň hersiniň 10 şäherinde (jemi 20 stadionda) geçirilýär.

* Ekwadoryň, Sloweniýanyň, Hytaýyň, Senegalyň ýygyndylary ilkinji gezek gatnaşýar.

* Ilkinji gezek şol wagta çenli çempion bolan ýygyndylaryň ählisi (Urugwaý, Italiýa, Germaniýa, Braziliýa Angliýa, Argentina, Fransiýa) bir çempionata jemlenýär.

* Çempionatda 8 gol geçiren Ronaldo iň netijeli oýunçy bolýar. Ronaldodan öň 1978-1998-nji ýyllar aralygyndaky 6 çempionatyň iň netijeli futbolçylary 6 gol geçiripdi.

* Çempionatda “Adidasyň” “Fevernova” diýen toplary ulanylýar.

* G. Koreýanyň ýygyndysy Ýewropadyr Demirgazyk we Günorta Amerikadan başga yklymyň, başgaça aýdylanda Aziýanyň adyndan ýarym finala çykan ilkinji topar bolýar.

* Çempionatda çykyş eden ençeme oýunçy özleriniň üýtgeşik saç şekilleri bilen köpleriň ünsüni çekýär.

* “Altyn top” baýragyna nemesleriň derwezeçisi Oliwer Kan mynasyp bolup, ol bu hormata laýyk görlen ilkinji bolýar (häzirlikçe ýeke-täk). Lew Ýaşin adyndaky baýragy Oliwer Kana (Germaniýa), iň ökde ýaş futbolçy sylagy Landon Donowana (ABŞ), Fair-Play baýragyny Belgiýanyň ýygyndysyna gowşurylýar.

* Oliwer Kan, Rüştü Reçber, Roberto Karlos, Sol Kampbell, Fernando Hierro, Mýun-Bo Hon, Alpaý Özalan, Riwaldo, Ronaldinio, Mihael Ballak, San Çul Ýo, Klaudio Reýna, Ronaldo, Miroslaw Klose, El Hadži Diuf dagylar çempionatyň simwoliki toparyna saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Amandurdy Annadurdyýew Sadyr Japarow bilen Ronaldinýo we Riwaldo garşy meýdana çykar
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
Diňe 8 futbolça başartdy
Ýusuf Ýazyjynyň rekordy, “Milanyň” 24 oýundan soň ilkinji ýeňlişi