Diňe 8 futbolça başartdy

Futboldaky iň uly ýeňiş, iň uly baýrak, şübhesiz, Dünýä çempionatynyň kubogydyr.Islendik futbolçynyň baş arzuwy Dünýä çempionatyna gatnaşyp, arzyly kubogy asmana götermekdir. Ýöne bu naýbaşy kubok hemmä ýetdirmeýär. Şu wagta çenli geçirilen 21 Dünýä çempionatynda çempion bolan toparlaryň sany 10-a hem ýetenok.

Futbolçylar üçin arzyly kuboklaryň ýene biri-de UEFA Çempionlar ligasynyň kubogydyr.Bu ýaryşda ýüzlerçe futbolçy ýeňiş gazanan hem bolsa, bu arzyly sepgide ýetip bilmedik ýyldyzlaryň sany az däl.

Futbolçylaryň ýene bir maksady köpüsine ýetdirmese-de, ýylyň iň ökde oýunçysyna berilýän “Altyn top” (“Ballon d’Or”) baýragyny gazanmakdyr.Bu özboluşly sylagy soňky ýyllarda diňe 2 oýunçy gezekleşip alsa-da, irki ýyllarda ony dürli-dürli futbolçylar eýelemegi başarypdy.

Mahlasy, futbolda milli ýygyndylaryň arasyndaky iň uly ýeňiş Dünýä Kubogynyň çempionlygydyr.Klub ýaryşlarynda-da UEFA Çempionlar ligasynyň kubogy, ýekelikde ýa-da şahsy gazanylýan sylaglaryň iň naýbaşysy-da “Altyn top” baýragydyr.Futboldaky ady agzalan bu iň easy 3 baýragy eýelän oýunçylaryň sany bary-ýogy 8-e deňdir.

Ikisini alyp, birini almadyklaryň ýa-da diňe birini alanlaryň sany bolsa az däl.Mysal üçin, futbolyň şasy hasaplanýan braziliýaly Peledir argentinaly Maradona Dünýä çempionatynyň kubogy eýelemek başartsa-da-da, (Pele 3, Maradonaa 1) beýleki 2-sini olara dürli sebäplere görä almak nesip etmeýär.

Häzirki zaman futbolynyň 2 ägirdi Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldonyň ýagdaýy bolsa başgaçarak.Olaryň ikisinde-de “Altyn topdan” 5 sanysy bolup, Çempionlar ligasynyň kubogyny-da Ronaldo 5, Messi 4 gezek ýokary göterdi.

Depeni gol bolýan bu iki super ýyldyzyň iň uly “ýetmezçiligi” hem Dünýä Kubogynyň çempionlygydyr.Şeýle-de braziliýaly super ýyldyz, “El Fenomeno” lakamly Luiz Ronaldony-da bu sanawa goşup bolar. “Ballon d’Or”-y 2 gezek alan hüjümçi şonça sapar hem Dünýäniň çempiony bolmagy başarýar. Ýöne onuň ady Çempionlar ligasyny gazananlaryň hatarynda ýok.

Alfredo Di Stefano, Eýsebio, Kewin Kigan, Jorj Best, Mişel Platini, Ýohan Kroýff, Marko Wan Basten, Andreý Şewçenko ýaly öz döwürleri bilen bir hatarda, ähli zamanalaryň super ýyldyzlarynda “Altyn top” hem-de Çempionlar ligasynyň kuboklary (käbirlerinde 2, 3 sanydan) bar hem bolsa, olara Dünýä Kubogynda ýeňiş gazanmak bagty miýesser etmedi.

Haýsy hem bolsa 1-ini ýa-da 2-sini alanlardan Lottar Matteusy, Roberto Bajjo, Janluiji Buffon, Tierri Anri, Çawi, Iniesta, Hristo Stoiçkow, hatda häzirlikçe hiç birine adyny ýazdyryp bilmediklerden Zlatan Ibrahimowiçi-de umumylykda bu sanawa goşmak bolar.Esasy gürrüňimize dolansak, Dünýä Kubogyny, Çempionlar ligasyny hem-de “Altyn topy” diňe 8 futbolçynyň alandygyny belläpdik.

Eýsem olar kimler?

1.BOBBI ÇARLTON.Futbolyň watany Angliýanyň meşhur ýyldyzlaryndan 81 ýaşyndaky Bobbi Çarlton 1966-njy ýylda milli topary Dünýä Kubogyny gazananda, ol ýygyndynyň iň esasy ýyldyzydy.

Ol şol ýyl 1956-njy ýyldan bäri “France Football” žurnaly tarapyndan berlip gelinýän “Ballon d’Or” baýragyny-da gazanýar. 1967/68 möwsüminde-de “Mançester Ýunaýted” bilen UEFA-nyň şol wagtky ady Ýewropa kubogyny, häzirki Çempionlar ligasynyň ýeňijisi hem bolýar. Ýeri gelende aýtsak, Bobbi Çarlton 1958-nji ýylda topary bilen Germaniýanyň Münhen şäherine barýarka heläkçilige uçran uçarda diri galan oýunçylaryň biridir.

Oňa şeýle betbagtçylykdan soň, birnäçe ýeňişleriň miýesser etmegi aýratyn bellärliklidir.2.FRANS BEKKENBAEUR.Nemes futbolynyň Imperator (Der Kaiser) lakamly super goragçysy, kapitany Frans Bekkenbauer hem ýokarda ady agzalan baýraklaryň üçüsiniň-de eýesidir.

Ol hem oýunçylykda, hemem tälimçilikde Dünýä Kubogyny gazanan 3 şahsyýetiň biridir.Ady rowaýata öwrülen 73 ýaşly Bekkenbauer 1974-nji ýylda Dünýä Kubogyny alan Germaniýanyň ýygyndysynyň kapitanydy. “Ballon d’Or”-y 2 gezek (1972, 1976) alan Bekkenbauer “Bawariýa” bilenem 19747576-njy ýyllarda yklymyň iň uly klub ýaryşynyň kubogyny-da gazandy.3.

GERD MÜLLER.Gol geçirmegiň ussady, milli ýygyndyda oýnan oýnundan köp gol geçiren germaniýaly Gerd Müller sanawdaky 3-nji futbolçydyr. Ýokarda ady agzalan baýraklardan ilkinji bolup, “Altyn topy” gazanan (1970) Gerd Müller “Bawariýa” bilen 3 Çempionlar ligasynyyň kubogyny eýeledi.

Golaýda 73 ýaşy arka atan Müller 1974-nji ýyldaky Günbatar Germaniýanyň Dünýä çempionlygyna-da uly goşant goşupdy.4.PAOLO ROSSI. 1982-nji ýylda Dünýä çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi bolan italiýaly Paolo Rossi şol ýyl “Altyn top” baýragy bilenem sylaglanýar. 2 ýyldan soň bolsa, “Ýuwentus” bilen UEFA-nyň klub bäsleşiklerindäki 1-nji derejeli kubogyny gazanýar.

Rossiniň ýene bir aýratynlygy-da, 1 Dünýä çempionatynda bir futbolçynyň alyp biljek 3 sylagyny-da alan 3 futbolçynyň biri bolmagydyr. Ýagny, ol braziliýaly Garrinça (1962), argentinaly Mario Kempeş (1978) bilen bir hatarda, Dünýä Kubogyny gazanyp, şol wagtda-da, çempionatyň iň netijeli oýunçysy hem-de iň gowy futbolçysy saýlanýar.5.

ZINEDIN ZIDAN. 1998-nji ýylda ençeme wagtdan soň, täze Dünýä çempiony peýda bolýar. Ýagny Fransiýanyň ýygyndysy ilkinji çempionlygyny gazananda, toparyň esasy oýunçysy Zinedin Zidanyň tagallasy uly bolupdy.Gyzyl kart sebäpli 2 oýny oýnap bilmedik hem bolsa, Zidan şol ýyl toparynyň çempionlygyna uly goşant goşdy. Şol ýyl “Altyn top” baýragyny-da alan Zidan Çempionlar ligasynyň kubogyna ýene-de 3 ýyl garaşýar. 2001/02 möwsüminde “Real Madrid” Çempionlar ligasynyň kubogyny Zidanyň çendenaşa owadan goly bilen gazanandygyny hem belläliň.

Oýunçyka alan Çempionlar ligasynyň kubogyny ol tälimçilikde 3 esse edip, onda yzly-yzyna gazanmagy başardy.6.RIWALDO. Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynda, şol birwagtyň özünde-de Özbegistanyň “Bunýodkorynda” oýnap, aziýaly janköýerleriň-de uly söýgüsine mynasyp bolan braziliýaly Riwaldo 3 arzyly baýragyň arasyndan ilkinji bolup “Altyn topy” gazanýar (1999). 2002-nji ýylda-da Braziliýa Dünýä Kubogyny ýokary galdyran 46 ýaşly Riwaldo 2002/03 möwsüminde-de “Milan” bilen Çempionlar ligasyny gazanyp, het-trigini tamamlaýar.7.

RONALDINIO.Owadan, tehniki tilsimleri, goragçylaryň başyny aýlaýan hereketleri bilen taraply-tarapsyz ähli futbol muşdaklarynyň aňynda uly orun alan Ronaldinio hem bu sanawa adyny ýazdyrdy. 2002-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda toparynyň käbir oýunlaryna soňdan goşulan hem bolsa, onuň Angliýanyň derwezesinden geçiren goly köpleriň ýadyndadyr. Şol ýyl Braziliýa bilen Dünýä Kubogyny alan Ronaldinio 2005-nji ýylda “Ballon d’Or”-y eýeledi. 2005/06 möwsüminde-de “Barselona” bilen Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanýar.8.

KAKA.Sanawyň soňky wekili-de Braziliýadan bolup, öz döwründe owadan oýny bilen meşhurlyga ýeten Rikardo Izakson dos Santos Kaka Leitedir.Geçen möwsümde futboly taşlan 36 ýaşyndaky Kaka 2002-nji ýylda Braziliýanyň düzüminde diňe 1 duşuşykda 20 minut çemesi çykyş etdi. 2006/07 möwsüminde “Milanyň” Çempionlar ligasy kubogyny gazanmagyna uly goşant goşan Kaka “Ballon d’Or”-y Messi we Ronaldodan öň alan iň soňky futbolçy diýlip hem tanalýar.

Ol 2007-nji ýylda Ronaldo we Messiden köp ses alyp, “Altyn topuň” eýesi bolýar.* * *Öňümizdäki ýyllarda bu sanawa goşuljak futbolçylaryň bolup-bolmajakdygyny wagt görkezer. Şu ýylky dalaşgärleriň arasyndan welin diňe 2 futbolçy “Real Madridiň” goragçylary Serhio Ramos bilen Rafael Waran eger-de “Altyn topy” alan ýagdaýlarynda sanawa atlaryny ýazdyryp bilerler.

Emma ikisiniň-de alyp bilmejekdigini häzirden aýtsak hem öte geçdigimiz bolmaz. Ýöne başda agzap geçen sanawymyza welin (3-sini almadyklaryň), ýene bir futbolçynyň goşuljakdygyny anyk aýdyp bileris.

Ýene degişli makalalar

Messi 9-njy futbolçy
Gol geçendigi henizem belli däl (Dünýä Kubogy 1966)
Sportuň taryhynda şu gün 27-nji dekabr
Sportuň taryhynda şu gün 28-nji dekabr
Sportuň taryhynda şu gün 26-njy dekabr
Futbol taryhynyň iň gowy simwolik 11-ligi