Sportuň taryhynda şu gün 26-njy dekabr

1860 Klublaryň arasyndaky ilkinji futbol duşuşygy geçirilýär. Angliýanyň Şeffild şäheriniň iki klubunyň arasyndaky bu oýunda “Hallam FK” bilen “Şeffild FK” toparlary duşuşýar.

1967 “France Football” žurnalynyň abraýly “Ballon d’Or” baýragyna wengriýaly futbolçy Florian Albert (“Ferenswaroş”) laýyk görülýär.

1971 Meşhur boksçy Muhammad Ali germaniýaly Ýurgen Blini Şweýsariýada geçirilen duşuşykda 7-nji raundda ýeňlişe sezewar edýär.

1972 “France Football” žurnalynyň abraýly “Ballon d’Or” baýragyna germaniýaly Frans Bekkenbauer (“Bawariýa”) laýyk görülýär.

1986 Fransiýaly futbolçy, meşhur derwezeçi Hugo Lloris dünýä inýär.

1990 Uelsli futbolçy Aaron Remzi dünýä inýär

1990 Russiýaly futbolçy Denis Çeryşew dünýä inýär.

1990 Russiýaly küştçüleriň duşuşygynda Garri Kasparow watandaşy Anatoliý Karpowdan üstün çykyp, dünýä çempiony bolýar.

2006 “West Ham Ýunaýtediň” meşhur hüjümçisi Teddi Şeringham “Portsmut” duşuşygynda tapawutlanyp, “Premier Ligada” gol geçiren iň ýaşuly futbolçy boldy (40 ýaş 268 gün).

The post Sportuň taryhynda şu gün – 26-njy dekabr appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Remzi “Ýuwentusda”
20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER
42 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
“Ýuwentus” 3 futbolçysyny ugratmakçy bolýar