20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER

Geljek ýylyň 12-nji iýunyndan 12-nji iýulyna çenli Ýewropanyň 12 şäherinde geçiriljek 16-njy Ýewropa çempionatyna gatnaşjak 24 ýygyndynyň 20-si belli boldy.Galan 4 topar geljek ýylyň mart aýynda geçiriljek pleý-off tapgyryndan soň belli bolar. Şunlukda, tamamlanan saýlama tapgyrynda ýatdan çykmajak duşuşyklar oýnaldy.

Aýratynam soňky 2 tapgyryň oýunlarynda has güýçli ýygyndylar gol geçirmekde biri-birinden kem galmadylar.Yklymyň öňdebaryjylary garşydaşlaryny uly hasaplar bilen ýeňdi.

“A” toparçada Angliýanyň ýygyndysy taryhyndaky 1000-nji duşuşygynda Garadagy 70 utup, Ýewropa çempionatyna ýollanma alypdy. Şonuň ýaly Çehiýa hem öz meýdançasynda Kosowodan 21 üstün çykyp, çempionatyň finalçysy bolupdy. Toparçadaky soňky oýunlarda Angliýa myhmançylykda Kosowony Winks, Keýn, Reşford we Mountyň gollary bilen 40 ýeňdi. Çehler bolsa, Bolgariýadan 10 utuldy.

“B” toparçada ilki Litwany 60, soňra Lýuksemburgy 20 ýeňen Ýewropanyň häzirki çempiony Portugaliýa Ukrainadan soň, 2-nji ýeri eýeläp, 8-nji gezek yklym ýaryşyna gatnaşar. Soňky oýunda 1 gezek tapawutlanan Kristiano Ronaldonyň milli topardaky gollarynyň sany 99-a ýetdi.

“C” toparçada Germaniýa ilki Belarusy 40, soňra D.Irlandiýany 61 hasabynda ýeňdi. 2-nji oýunda Gnabri het-trik etdi.Goreska bolsa 2 duşuşykda 3 gezek tapawutlandy.

D.Irlandiýa bilen deňme-deň oýnap, liderligi nemeslere aldyran gollandlar öz meýdançasynda Estoniýany 50 utdy.Duşuşykda Wiýnaldum 3 gol geçirip, ol soňky 6 ýylda milli toparyň adyndan het-trik eden ilkinji oýunçy boldy.

Germaniýanyň ýygyndysy 13-nji, Gollandiýa bolsa, 10-njy gezek Ýewropa çempionatynda çykyş eder.

“D” toparçada 12-nji ýer ugrunda göreş soňky tapgyrlara çenli dowam edip, Şweýsariýa bilen Daniýa Euro 2020-niň wekili boldy. Şweýsariýa 5-nji, Daniýa 9-njy gezek çempionata gatnaşar. Toparçada Gibraltar ilki Daniýadan 60, soňra Şweýsariýadan 61 ýeňildi.

“E” toparçada Slowakiýany 31 utan Horwatiýa 5-nji gezek çempionata ýollanma aldy. Uelsiň ýygyndysy ilki Azerbaýjany Mur we Wilsonyň gollary bilen 20 utdy. Olar soňky oýnunda-da ikinji ýer ugrundaky esasy bäsdeşi Wengriýany Aaron Remziniň gollary bilen 20 utup, yzly-yzyna 2-nji sapar final tapgyrynyň wekili boldy.

“F” toparçada oktýabr aýynda çempionatyň kerwenine gatnaşjaklaryň hataryna goşulan Ispaniýadan soň, Şwesiýa hem ýollanma almagy başardy.Rumyniýany 20, Farer adalaryny 30 ýeňen şwedler 7-nji gezek çempionatda oýnar.

Deňeçerräk toparlaryň çykyş edýän “G” toparçada Polşadan soň, Awstriýanyň ýygyndysy 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşar. “H” toparçada Fransiýa bilen Türkiýäniň ýygyndylary degişlilikde, 10-njy we 5-nji gezek çempionata wekilçilik ederler. “I” toparçadan gatnaşjak ýygyndylar — Belgiýa bilen Russiýa oktýabr aýynda bu hukuga eýe bolupdylar.

Olaryň özara duşuşyklarynda ýene-de Belgiýa 41 hasabynda ýeňiş gazandy.Soňky tapgyrda bolsa, Belgiýa Kipri 61, Russiýa bolsa San Marinony 50 utdy.

FINLÝANDIÝA ILKINJI GEZEK GATNAŞÝAR

“J” toparçada Italiýanyň ýygyndysy çempionatda çykyş etmek hukugyny gazanan ikinji topar bolupdy.Olar soňky tapgyrda Ermenistanyň ýygyndysyny 91 hasabynda ýeňdi.Duşuşykda Italiýanyň adyndan Immobile (8, 33), Zaniolo (9, 64), Barella (29), Romanýoli (72), Žoržinio (75 p), Orsolini (78) hem-de Kiesa (81) tapawutlandy.

Bu netije Italiýanyň ýygyndysynyň taryhyndaky 2-nji iň uly hasaply ýeňiş boldy. Şeýle-de Roberto Mançiniň şägirtleri bassyr 10-njy ýeňşini gazanyp, özleriniň 81 ýyllyk rekordyny täzelediler.Toparçadan çykan 2-nji topar Finlýandiýa bolup, olar Ýewropa çempionatynda ilkinji gezek çykyş ederler.

Skandinaw wekili Ýewropa çempionatynda çykyş etjek 34-nji ýygyndy bolar.

Ýene degişli makalalar

64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Fransiýa, Angliýa 2-nji, Polşa, Wengriýa 1-nji torbada
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi