42 ýyldan soň 2-nji çempionlygy

UEFA-nyň klub derejesindäki 2-nji bäsleşigi Ýewropa Ligasynyň finalynda Germaniýanyň “Aýntraht” (Frankfurt) topary bilen Şotlandiýanyň “Reýnjers” (Glazgo) topary duşuşdy.Ispaniýanyň Sewilýa şäherindäki Ramon Sançes Pishuan stadionynda oýnalan duşuşyga sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik etdi. Çekeleşikli geçen duşuşygyň birinji ýarymynda hasapa açylmady.

Oýnuň 57-nji minutynda derwezeçi bilen ýekeme-ýeke galan Jou Aribo şotland klubuny öňe saýlady. Ýöne şotlandlaryň bu üstünligi uzak dowam etmedi.Bu goldan 12 minut soň, has takygy, 69-njy minutda Filip Kostiçiň pasyndan soň Santos Borre hasaby deňledi.

Galan wagtda hasap üýtgemedi.Goşmaça 30 minutda-da skorborddaky sanlarda üýtgeşiklik bolmady we ýeňijini penalti urgulary kesgitlemeli boldy.Penaltilerde-de glazgolylaryň bir urgusyny, has takygy Aaron Remziniň urgusyny derwezeçi Trapp sowmagyň hötdesinden geldi. 5 urgynyň hemmesini-de dürs uran frankfurtlylar 5-4 üstünlik gazanyp, Ýewropa Ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Şeýlelikde, “Aýntraht” topary taryhynda 2-nji gezek Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazanyp, olar ilkinji gezek 1980-nji ýylda, ýagny 42 ýyl hem ozal bu ýaryşda çempion bolupdylar.

Bu olaryň UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 3-nji kubogy bolup, frankfurtlylar 1967-nji ýylda şol wagtlar geçirilýän Intertoto Kubogynda-da çempionlyk gazanypdylar.

* Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip, “Aýntrahtyň” derwezeçisi Kewin Trapp saýlandy.

* “Aýntraht” topary 1997-nji ýyldan soň bu ýaryşda çempionlyk gazanan ilkinji nemes kluby bolup, şol ýyl Şalke kubogy eýeläpdi.

* UEFA-nyň bu bäsleşiginde nemes klublary 7-nji gezek çempion bolup, olar Ispaniýadan (13), Angliýadyr (9) Italiýadan (9) soň, 4-nji ýerde barýarlar.

* Ýewropa Ligasynda 2011-nji ýyldan bäri ilkinji sapar ispan ýa-da iňlis klublaryndan başga topar çempion boldy.

* “Aýntraht” topary Ýewropa Ligasynda oýnan 13 duşuşygynda (7 ýeňiş, 6 deňlik) ýeňilmän çempion bolmagy başardy. Mundan ozal diňe “Çelsi” (2018/19) bilen “Wilýarreal” (2021/22) ýeňlişsiz kubogy eýeläpdi.

* “Aýntraht” bu kubogy azyndan 2 gezek eýelän 14-nji klub boldy.

Ýene degişli makalalar

20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Remzi “Ýuwentusda”
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Sportuň taryhynda şu gün 26-njy dekabr
Günüň transfer habarlary