“Ýuwentus” 3 futbolçysyny ugratmakçy bolýar

“Serie A”-nyň iň köp çempion bolan topary “Ýuwentus” 3 futbolçyny başga klublara ugratmak isleýär. Ýagny ýarymgoragçylar fransiýaly Adrian Rabio, uelsli Aaron Remzi hem-de braziliýaly Artuo Melo dagyny klub täze möwsümde esasy düzümde göz öňünde tutanok. Bu oýunçylary ugratmak bilen futbolçylaryň aýlyk töleglerinden dynmakçy bolýar.

Geçen möwsümiň ikinji ýarymy “Reýnjersde” geçiren Aaron Remzi “Ýuwentus” bilen şertnamasyny ýatyrmak isleýär. Uelsli futbolçy şertnamasynyň galan möhletini degişli wagtyň aýlyk haklarynyň 70 göterimini hem talap edýär. Remziniň ykbaly öňümizdäki günlerde kesgitlener.

“Ýuwentusdaky” şertnamasynyň tamamlanmagyna 1 ýyl galan 27 ýaşly Adrien Rabiony ugradyp, onuň transferinden geljek pula-da PSŽ-den Leandro Paradesi düzümine goşmakçy bolýar. Amerikadaky türgenleşiklere çagyrylmadyk Rabiony “Liwerpul”, “Mançester Ýunaýted”, “Lion” klublary gyzyklanma bildirýär.

Italýan toparynyň ugratmak isleýän ýene bir oýunçysy, 25 ýaşyndaky Artur Melodyr. Bu oýunçy bilen “Premier Liganyň” käbir klublary aragatnaşykda bolup, braziliýaly futbolçynyň iňlis klublarynyň birine transfer bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Günüň transfer habarlary
42 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Sportuň taryhynda şu gün 26-njy dekabr
20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER