Remzi “Ýuwentusda”

“Arsenalyň” angliýaly futbolçysy Aaron Remzi möwsümiň ahyrynda “Ýuwentusyň” düzümine goşular. 28 ýaşyndaky oýunçy turinliler bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Arsenal” bilen şertnamasy tamamlanýan Remzi täze klubundan hepdelik 400 müň funt sterling hak alar. Şeýlelikde, Remzi iň köp hak alýan britan futbolçysy bolar. 2008-nji ýylda “Kardiffden” “Arsenala” 4,8 million funt sterlinge transfer bolan Remzi 11 ýylda 259 duşuşyk geçirip, şolarda 61 goly öz adyna ýazdyrdy. “Ýuwentus” topary mundan öňki ýyllarda-da Andrea Pirlo, Pol Pogba, Sami Kedira, Emre Jan ýaly oýunçylary tölegsiz hataryna goşupdy.

Ýene degişli makalalar

64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Günüň transfer habarlary
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
“Ýuwentus” 3 futbolçysyny ugratmakçy bolýar
42 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
Sportuň taryhynda şu gün 26-njy dekabr