Günüň transfer habarlary

Fransiýanyň “Nissa” kluby “Ýuwentusdaky” şertnamasy ýatyrylan uelsli Aaron Remzini transfer etdi. Fransuz kluby 31 ýaşyndaky ýarymgoragçy bilen şertnama baglaşdy. Erkin agent ýagdaýynda “Nissa” transfer bolan Remzi geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Reýnjersde” kärendesine geçiripdi. 11 ýyl “Arsenalda” oýnan Remzi “Ýuwentusda” 2,5 möwsümde 70 oýunda 6 gol geçirdi.

* * *

Fransiýanyň “Nissa” topary ýene bir futbolçyny transfer etdi.Ol hem “Lester Sitiniň” daniýaly derwezeçisi Kasper Şmeýhel bolup, fransuz kluby tejribeli oýunçy bilen şertnama baglaşdy.Taraplar şertnama hem-de transfer tölegi barada häzirlikçe maglumat bermedi. 35 ýaşyndaky derwezeçi “Lester Sitide” 11 ýyl çykyş etdi.

Ol şol döwürde 479 oýunda “Lesteriň” derwezesini gorady.Dünýä belli derwezeçi Peter Şmeýheliň ogly bolan Kasper Şmeýhel “Mançester Siti”, “Darlington”, “Býuri”, “Kardiff”, “Notts Kaunti”, “Lids” ýaly klublarda oýnady.

* * *

Italiýanyň “Inter” toparynyň urugwaýly ýarymgoragçysy Matias Wesino karýerasyny “Serie A”-nyň başga bir kluby “Lasioda” dowam eder. 30 ýaşyndaky oýunçy erkin agent ýagdaýynda rimlileriň düzümine goşuldy. Ol “Lasio” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

* * *

Ispaniýanyň “Sewilýa” kluby “Mançester Ýunaýtediň” çep gyraky brazil goragçysy Aleks Tellesi kärendesine düzümine goşdy. 29 ýaşyndaky oýunçy ispan toparynyň düzüminde 1 ýyl çykyş eder. “Sewilýa” oýunçynyň aýlyk hakynyň 2 million ýewrosyny tölär.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentus” 3 futbolçysyny ugratmakçy bolýar
42 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Remzi “Ýuwentusda”
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Sportuň taryhynda şu gün 26-njy dekabr