Gol geçendigi henizem belli däl (Dünýä Kubogy 1966)

8-nji Dünýä Kubogy 1966-njy ýylyň 11-nji iýul-30-njy iýuly aralygynda futbolyň watany hasaplanýan Angliýada geçirilýär.FIFA 8-nji Dünýä Kubogynyň Angliýada geçiriljekdigini 1960-njy ýylda Rimde bolan ýygnanyşygynda mälim edýär.

Bu Dünýä Kubpgyny guramak üçin Ispaniýadyr Günbatar Germaniýa hem dalaşgär bolupdy.Saýlama tapgyrynda 74 ýygyndy çykyş edip, olaryň 14-si final tapgyryna ýollanma alýar. Ýer eýeleri Angliýa, şol sanda soňky çempion Braziliýa bilen bir hatarda, jemi 16 ýygyndy (Ýewropadan 10, Günorta Amerikadan 4, Demirgazyk Amerikadan 1, Aziýa ýa-da Afrikadan 1) 4 toparçada çykyş edýär.

1-nji toparçada çempionatyň açylyş duşuşygynda Angliýa bilen Urugwaý duşuşýar we oýunda hasap açylmaýar. Ýer eýesiň iňlisler soňky 2 duşuşygynda garşydaşlary Meksikadyr Fransiýany 2-0 hasabynda ýeňip, toparçada 1-nji ýeri eýeleýär. Duşuşyklarda Rojer Hant 3 gezek tapawutlanýar. Fransiýany ýeňip, Meksika bilen deňme-deň oýnan ilkinji çempion Urugwaý hem ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.

2-nji toparçada Günbatar Germaniýa, Argentina, Ispaniýa we Şweýsariýa duşuşýar.Nemesler 1-nji oýnunda şweýsarlaryň torundan jogapsyz 5 top girizýär (Hled 16, Haller 21, 77 p, Bekkenbauer 40, 52).

Argentina bilen golsuz deňme-deň oýnan Germaniýa soňky duşuşygynda ispanlary Emmerih we Zeeleriň gollary esasynda 2-1 ýeňýär. 1-nji duşuşygynda Ispaniýanyň 2-1, 3-nji duşuşygynda-da Şweýsariýany 2-0 ýeňen Argentina 5 utuk bilen toparçada 2-nji ýeri eýeleýär.

Bu 2 oýunda Luis Artime 3 gol geçirýär.

3-nji toparçada ilkinji gezek gatnaşýan Portugaliýa, Wengriýa, soňky çempion Braziliýa hem-de Bolgariýa özara güýç synanyşýar.Braziliýa Bolgariýany Peledir Garrinçanyň gollary bilen 2-0, Portugaliýa Wengriýany 3-1 hasabynda utýar.

Toparçadaky 2-nji oýunlarda Wengriýa Braziliýany 3-1, Portugaliýa bolsa Bolgariýany 3-0 ýeňýär.Asly mozambikli bolan super ýyldyz Eýsebio Dünýä Kubogynda ilkinji goluny geçirýär. 3-nji duşuşyklarda Portugaliýa Eýsebionyň 2 gol geçiren oýnunda Braziliýadan 3-1 üstün çykýar we çempiony öýüne ugradýar.

Edil şeýle hasap bilen bolgarlary ýeňen wengerler ýaryşy dowam edýär.

4-nji toparçada öňki SSSR, Afrikanyň wekilleriniň ýaryşdan çekilmeginden soň ýollanma alan we ilkinji gezek gatnaşýan Demirgazyk Koreýa, şol wagta çenli Dünýäniň 2 gezek çempiony Italiýa hem-de 1962-nji ýylda ýaryşyň guraýjysy Çili duşuşýar. Öňki Soýuzyň ýygyndysy 1-nji oýnunda koreýleri 3-0 hasabynda utýar.

Oýunda Malofeýew (2) bilen Banişewski tapawutlanýar.Mundan 4 ýyl öň uruşly wakalara baý bolan Italiýa-Çili duşuşygy bu gezek asuda ýagdaýda geçýär we italýanlar 2-0 hasabynda ýeňiş gazanýar. Çislenkonyň goly bilen Italiýany 1-0 ýeňen ozalky Soýuzyň ýygyndysy Çilini hem Porkuýanyň gollary esasynda 2-0 utýar. Çili bilen 1-1 deňme-deň oýnan debýutant koreýler Italiýany 1-0 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykýar.

TÄZE ÝYLDYZ EÝSEBIO

Çärýek finalda Angliýa Argentinany Jeff Hörstüň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňýär. Çempionlaryň duşuşygynda Günbatar Germaniýanyň ýygyndysyna Urugwaýy ýeňmek kyn düşmeýär.Halleriň 2, Bekkenbauriň hem-de Zeeleriň gollary bilen 4-0 hasabynda ýeňiş gazanan nemesler 4-nji sapar ýarym finala çykýar. 1-nji duşuşykda nemes, 2-nji duşuşykda iňlis eminiň bolmagy jedelli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýar.

Sebäbi eminler her duşuşykda myhmanlaryň bir oýunçysyny meýdançadan çykarýar.Netijede, ýewropalylar Günorta Amerikanyň çempion bolaýjak 2 wekilini ýaryşdan çykarýar. 4 ýyl öň Çilide ýarym finalyň bosagasyndan gaýdan SSSR-iň ýygyndysy çärýek finalda Wengriýany Çislenko we Porkuýanyň gollary bilen 2-1 ýeňýär. Çärýek finalyň iň ýatda galan oýny çempionatyň iki täze wekiliniň Portugaliýa bilen Demirgazyk Koreýanyň ýygyndylarynyň arasynda oýnalýar.

Liwerpuldaky “Gudison Parkda” geçirilen oýnuň entek 1-nji minudy dolmanka koreýler Pak Seun-ziniň goly bilen hasaby açýar. 25-nji minutda hasap 3-0-a ýetýär. 1-nji ýarym tamamlanmanka Eýsebio aratapawudy 1 gola düşürýär. Ýyldyz oýunçy 2-nji ýarymda-da 3 minudyň dowamynda 2 gol geçirýär. 80-nji minutda Augusto oýna soňky nokady goýýar we Portugaliýa 5-3 (Eýsebio 27, 43 p, 56, 59 p, Augustoi 80 Pak Seun-zin 1, Li Don-wun 22, Ýan Seun-kuk 25) hasabynda ýeňşini baýram edýär.

Ýarym finalyň oýunlary birmeňzeş hasaplar bilen tamamlanýar.Günbatar Germaniýa SSSR-i Halleriň 43-nji we Kaýzer lakamly Bekkenbaueriň 67-nji minutdaky gollary bilen 2-1 ýeňýär.

Ozalky Soýuzyň ýygyndysyna Porkuýanyň 88-nji minutdaky goly ýeňiş üçin ýeterlik bolmaýar.Wembley-däki beýleki oýunda-da Angliýa rowaýaty ýyldyzy Bobbi Çarltonyň 30-njy we 80-nji minutlardaky gollary bilen 2-0 öňe saýlanýar. Şol wagta çenli gol geçirtmedik Angliýanyň torundan çempionatdaky ilkinji pökgini 82-nji minutda Eýsebio penaltiden geçirýär. Ýöne bu diňe iňlisleriň gol geçirtmezlik hasabatyny üýtgedýär.

28-nji iýulda Wembley-de Portugaliýa bilen SSSR-iň ýygyndylary bürünç medal ugrunda duşuşýar. Çekeleşikli geçen oýunda Portugaliýa 12-nji minutda Eýsebionyň goly bilen 1-0 öňe saýlanýar. 43-nji minutda Malofeýew hasaby deňleýär.

Duşuşygyň tamamlanmagyna 1 minut galanda, ýagny 89-njy minutda Torres Portugaliýanyň ýygyndysynda Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk medalyny gazandyran goly geçirýär.

FUTBOL ÖZ WATANYNY HALADY

Final duşuşygy 30-njy iýulda “Wembley”-de oýnalýar. Ýer eýesi Angliýa bilen 1901-nji ýyldan bäri iňlisleri ýeňip bilmän gelýän Germaniýanyň (Günbatar) ýygyndylarynyň finalyna şweýsariýaly Gottfrid Dienst eminlik edýär.

Duşuşyga tomaşa etmek üçin 96 924 janköýer ýygnanýar. 12-nji minutda Helmut Haller garaşylmadyk ýagdaýda nemesleri öňe çykarýar. Ýöne oýnuň jylawyny ele alan iňlisler 6 minutdan soň Jeoff Hörstüň goly bilen hasaby deňleýär. 1-nji ýarym 1-1 gutarýar. 2-nji ýarymda-da howply pursatlar dörese-de soňky minutlara çenli skorborddaky hasap üýtgemeýär. 78-nji minutda Martin Piters Angliýanyň 2-1 öňe saýlaýar.

Bu goldan soň iňlisleriň ýeňşe ynamy artýar. Ýöne 89-njy minutda Wolfgang Weber hasaby deňleýär we ýeňiji goşmaça wagtda belli kesgitlenmeli bolýar.Goşmaça wagtda-da, has takygy, 101-nji futbolyň taryhyndaky iň uly jedelli waka ýüz çykýar.

Jeoff Hörstüň batly uran urgusy derwezäň ýokarky agajyna degip, derwezäniň içine girýär.Belki-de girmeýär.Baş emin Dienst SSSR-li gapdal emin Tofik Bahramowa (azerbaýjanly) seredýär.Ol hem topuň derwezä girendigini mälim edýär.

Häzirki wagtda-da topuň derwezäniň aşaky çyzygyny geçip-geçmändigi näbelli bolup, şol pursaty iňlisler görkezse, gol, nemesler görkezende bolsa, top derwezä girmeýär.Megerem bu jedel hiç wagt hem anyk çözülmese gerek.

Duşuşyga dolansak, 120-nji minutda Jeoff Hörst ýene bir gol geçirip, oýna soňky nokady goýýar. Şeýlelikde, goşmaça wagtda 4-2 ýeňiş gazanan futbolyň watany Angliýa ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk çempionlygyny gazanýar.

Jeoff Hörst bolsa Dünýä Kubogynyň finalynda het-trik eden ilkinji futbolçy bolýar.Angliýanyň ýygyndysy 1934-nji ýyldan öz meýdançasynda çempionlyk gazanan 3-nji ýygyndy bolup, ondan öň Urugwaý (1930) bilen Italiýanyň (1934) ýygyndylary şeýle başarnyk görkezipdi.

Geçirilen duşuşyklar

1-NJI TAPGYR: 1-nji toparça: Angliýa-Urugwaý: 0-0, Fransiýa-Meksika: 1-1, Urugwaý-Fransiýa: 2-1, Angliýa-Meksika: 2-0, Urugwaý-Meksika: 0-0, Angliýa-Fransiýa: 2-0. 2-nji toparça: Germaniýa-Şweýsariýa: 5-0, Argentina-Ispaniýa: 2-1, Ispaniýa-Şweýsariýa: 2-1, Germaniýa-Argentina: 0-0, Argentina-Şweýsariýa: 2-0, Germaniýa-Ispaniýa: 2-1. 3-nji toparça: Braziliýa-Bolgariýa: 2-0, Portugaliýa-Wengriýa: 3-1, Wengriýa-Braziliýa: 3-1, Portugaliýa-Bolgariýa: 3-0, Portugaliýa-Braziliýa: 3-1, Wengriýa-Bolgariýa: 3-1. 4-nji toparça: SSSR-D.Koreýa: 3-0, Italiýa-Çili: 2-0, D.Koreýa-Çili: 1-1, SSSR-Italiýa: 1-0, D.Koreýa-Italiýa: 1-0, SSSR-Çili: 2-1.

ÇÄRÝEK FINAL: SSSR-Wengriýa: 2-1, Portugaliýa-D.Koreýa: 5-3, Angliýa-Argentina: 1-0, Germaniýa-Urugwaý: 4-0.

ÝARYM FINAL: Germaniýa-SSSR: 2-1, Angliýa-Portugaliýa: 2-1.

3-NJI ÝER: Portugaliýa-SSSR: 2-1.

FINAL: Angliýa-Germaniýa: 4-2.

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Çempionatda çykyş eden Pablo Forlan (Urugwaý) hem-de Jean Jorkaýeffiň (Fransiýa) ogullary 2002-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda çykyş etdi (Diego Forlan we Ýuri Jorkaýeff).

* Demirgazyk Koreýa we Portugaliýa ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

* Saýlama tapgyryna 74 ýygyndy gatnaşyp, Afrika döwletleriniň ýygyndylary FIFA nägilelik bildirýär we ýaryşa goşulmaýar.

* “World Cup Willie” atly ýolbars şekilli nyşan Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň ilkinji maskoty boldy.

* Çempionatyň bije çekilişik dabarasy 6-njy ýanwarda Londonda bolup, ilkinji gezek teleýaýlymda görkezilýär.

* Duşuşyklary ak-gara ýaýlymda görkezilen soňky Dünýä Kubogy bolýar. Mundan soň futbol muşdaklary Dünýä Kubogyna reňkli ekranlarda tomaşa edip başlaýar.

* 8 gol geçiren “Gara pantera” lakamly ýyldyz oýunçy, portugaliýaly Eýsebio ýaryşyň iň netijeli futbolçysy bolýar.

* Frans Bekkenbauer, Helmut Haller, Uwe Zeeler, Jeoff Hörst, Bobbi Çarlton, Rojer Hant, Lew Ýaşin, Igor Çislenko, Waleriý Porkuýan, Eduard Malofeýew, Hose Torres hem-de Eusebio dagy ýaryşyň şowly çykyş eden ýyldyzlary bolýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna 40 gün galdy
GARAKÇYLAR GAÝDYP GELÝÄR
Afrikanyň Milliler kubogynyň çempiony Kot-d' Iwuar boldy
Seslenme: Özbek azlyklary özleriniň ene dillerinde bilim almaga hyjuwlanýar
Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze oýun sahnalaşdyryldy
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly