Dünýä Kubogyna 40 gün galdy

Dünýä çempionatynyň rekordlary

Dünýä Kubogyny iň köp gazanan oýunçy braziliýaly rowaýaty oýunçy Peledir.Ol 1958-nji, 1962-nji (şikesi sebäpli çempionatyň agramly böleginde oýnap bilmedi) hem-de 1970-nji ýyllarda altyn medaly boýnuna dakýar.7 sany futbolçy 3 medal görnüşini-de gazandy.

Frans Bekkenbaur, Ýurgen Grabowski, Horst-Dieter Höttges, Sepp Maýer, Wolfgang Owerat dagy Günbatar Germaniýa bilen 1966-njy ýylda kümüş, 1970-nji ýylda bürünç, 1974-nji ýylda-da altyn medala mynasyp boldy.

Italiýaly Franko Barezi hem milli topary bilen 1982-nji ýylda çempionlygy, 1990-njy ýylda 3-nji ýeri, 1994-nji ýylda-da 2-nji orny eýeledi.Germaniýaly Miroslaw Kloze 3 görnüş medaldan 4 sanysyny gazanan ýeke-täk futbolçydyr.

Ol 2002-nji ýylda kümüş, 2006-njy we 2010-njy ýyllarda bürünç, 2014-nji ýylda-da altyn medal gazandy.Hem oýunçyka, hemem tälimçilikde çempionlyk gazanmak diňe braziliýaly Mario Zagallo bilen germaniýaly Frans Bekkenbauere başartdy.

Zagallo 1958-nji we 1962-nji ýyllarda oýunçyka, 1970-nji ýylda-da tälimçi hökmünde kubogy asmana göterdi.Bekkenbauer bolsa, 1974-nji ýylda oýunçy, 1990-njy ýylda-da tälimçi bolup, Dünýäniň çempiony diýen ady eýeledi.Oýunçy hem tälimçi bolup, Dünýä çempionatyna iň köp gatnaşanlar: braziliýaly Mario Zagallo (oýunçy 1958, 1962; tälimçi 1970, 1974, 1998), Günbatar germaniýaly Frans Bekkenbauer (oýunçy 1966, 1970, 1974; tälimçi 1986, 1990), Günbatar germaniýaly Berti Fogts (oýunçy 1970, 1974, 1978; tälimçi 1994, 1998).Italiýaly Wittorio Pozzo Dünýä Kubogyny 2 gezek (1934, 1938) gazanan ýeke-täk tälimçidir.Dünýä Kubogyny gazanan tälimçileriň ählisi-de öz ýurtlarynyň ýygyndy toparynyň tälimçisi hökmünde kubogy eýeledi.

Başgaça aýdylanda, başga bir ýurtly tälimçi, başga bir ýurduň ýygyndysyna kubok gazandyryp bilmedi.Dünýä çempionatlarynda iň köp çykyş eden futbolçylar meksikaly Antonio Karbahal (195054586266) bilen germaniýaly Lottar Matteusdyr (198286909498).

Olaryň 2-si hem futbol baýramçylygyna 5 gezek gatnaşdy. Şeýle-de italiýaly Janluiji Buffon hem 5 çempionata gatnaşdy (19982002061014). Ýöne ol 1998-nji ýylda çempionatda hiç hili çykyş etmedi.Dünýä çempionatlarynda iň köp duşuşyk geçiren oýunçy germaniýaly Lottar Matteus bolup (19821998), ol 25 duşuşykda meýdança çykdy.Dünýä çempionatlarynda iň köp minutlap çykyş eden oýunçy italiýaly Paolo Maldini bolup (19902002), ol 2217 minut meýdançada boldy.Dünýä çempionatlarynda kapitan hökmünde iň köp duşuşyga çykan futbolçy argentinaly Diego Maradona bolup, ol kapitanlyk bagyny 16 duşuşykda göterdi.Dünýä çempionatlarynyň final duşuşygynda iň köp oýnan oýunçy braziliýaly Karlos Kafu bolup, ol 3 gezek muny başardy (1998, 2002, 2006).Dünýä çempionatlarynda iň köp duşuşykda ýeňiş gazanan oýunçy germaniýaly Miroslaw Kloze bolup, ol toparynyň ýeňiş gazanan 17 duşuşygynda oýnady.Dünýä çempionatlarynyň finalynda iň köp gol geçiren oýunçylar braziliýaly Wawa (1958 — 2, 1962 — 1) bilen Pele (1958 — 2, 1970 — 1), angliýaly Jeoff Hurts (1966 3) hem-de fransiýaly Zinedin Zidandyr (1998 — 2, 2006 — 1).

Olaryň 4-si hem final oýunlarynda 3 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 26-njy dekabr
Gol geçendigi henizem belli däl (Dünýä Kubogy 1966)
Meşhur futbolçy Bekkenbauer 78 ýaşynda aradan çykdy
“Meniň ornumy hiç kim almaz”
3-nji TÄLIMÇI
Diňe 8 futbolça başartdy