“Meniň ornumy hiç kim almaz”

Futbolyň şasy hasaplanýan braziliýaly Pele Rio de Žaneýroda geçirilen çärede žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. 77 ýaşly Pele soňky ýyllarda futbolda ýyldyz oýunçy gytçylygy bar diýdi.Ol: Häzirki wagtda ýyldyz futbolçylaryň sany juda az. Öňki döwürlerde beýle däldi.

Birnäçe oýunçynyň adyny sanap bilerin.Eýsebio, Kroýff, Bekkenbauer, Bobbi Mur, men, Ziko, Sokrates… Garaz her toparda 34 sany ýyldyz bardy.Häzir welin, diňe 3 sanyjak futbolçynyň ady agzalýar Messi, Ronaldo we Neýmar. 5 futbolçy sana diýsem, sanamak size kyn düşer.

Bu ýagdaýam futbolyň geljegi babatda uly mesele bolup durýar — diýdi.Pele özi bilen baglanyşykly bir sowala-da: Bu soraga çynym bilen jogap bermegimi isleýärsiňizmi?Gazanan başarnyklarymy, geçiren gollarymy, oýnan oýunlarymy, asmana göteren Dünýä çempionaty kuboklarymy sanap bilerin. Ýöne şu bir hakykat.

Mundan soň, futbolda täze Pele bolmaz — diýip, jogap berdi.Garaz, Pele özüniň ornuny hiç bir futbolçynyň alyp bilmejekdigini beýan etdi.Pele şu ýylky Dünýä çempionatynda-da Braziliýanyň tälimçisi Titä uly ynam bildirýändigini hem aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Gol geçendigi henizem belli däl (Dünýä Kubogy 1966)
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)
Tangomy ýa-da Samba?! Argentina-Braziliýa finaly
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Diňe 8 futbolça başartdy
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)