Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)

Futbol boýunça X Dünýä Kubogy 1974-nji ýylda şol wagtky Günbatar Germaniýada geçirilýär. FIFA-nyň 1966-njy ýylda Londonda geçiren kongresinde Ispaniýa bilen Germaniýanyň arasyndan olaryň ikinjisi saýlanýar. Aslynda şol kongresde 1978-nji we 1982-nji ýyllardaky Dünýä Kubogynyň hem guraýjylary kesgitlenýär.

Çempionatyň saýlama tapgyrynda jemi ähli yklymdan 99 ýygyndy çykyş edýär.Saýlama oýunlaryndan soň 14 ýygyndy, ýer eýeleri we çempion bilen jemi 16 ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

Braziliýanyň 10-njy gezek gatnaşýandygyny aýtsak, ol häzirem ähli Dünýä çempionatynda çykyş eden ýeke-täk topardyr. Çempionatyň açylyş duşuşygynda Braziliýa bilen Ýugoslawiýa duşuşdy.Bu oýunda-da Meksikada çempionatyň açylyş duşuşygynda bolşy ýaly hasap açylmady.

1-nji toparçada ýer eýesi Günbatar Germaniýa Çilini Braýtneriň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňýär.Toparçada ilkinji sapar Dünýä Kubogynda çykyş edýän 2 topar Gündogar Germaniýa bilen Awstraliýanyň arasyndaky oýunda ýewropalylar 2-0 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Awstraliýany Günbatar Germaniýa hem 3-0 hasabynda utýar.Toparçada 1-nji ýeri eýelejek ýygyndyny kesgitleýän oýunda Günbatar we Gündogar Germaniýanyň ýygyndylary duşuşýar.Hamburgdaky duşuşyga 60 müňden gowrak janköýer gatnaşýar. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda Dünýä Kubogynyň täze wekili Gündogar Germaniýa Sparwasseriň goly bilen 1-0 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Bu günbatarlylar üçin garaşylmadyk ýeňliş bolýar.

2-nji toparçada çempionatyň açylyş duşuşygynda Ýugoslawiýa bilen deňme-deň oýnan Braziliýanyň ýygyndysynyň Şotlandiýa bilen geçiren oýny hem golsuz tamamlanýar. Şotlandiýadan 2-0 hasabynda utulan Zairiň (häzirki Kongo DR döwleti) ýygyndysynyň torundan ýugoslawlar 9 jogapsyz gol girizýär.

Duşuşykda Baýewiç het-trik edýär. Şotlandiýa bilen Ýugoslawiýanyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmaýar (1-1).Braziliýanyň ýygyndysy Zairi Žairzinio, Riwelino we Waldomironyň gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňýär.

Toparçada 3 topar 4 utuk toplaýar we gol aratapawudy esasynda Ýugoslawiýa 1-nji, Braziliýa 2-nji ýeri eýeleýär.

3-nji toparçada soňky sapar 1938-nji ýylda çykyş eden Niderlandlar, şeýle-de, Şwesiýa, Bolgariýa hem-de Urugwaý özara güýç synanyşýar.Ilki Urugwaýy 2-0 (Rep 7, 86) hasabynda utan niderlandlar Şwesiýa bilen deňme-deň oýnaýar (0-0).

Bolgariýany-da 4-1 hasabynda ýeňen pyrtykal reňkliler 2-nji tapgyra çykýar. çärýek finala çykmagy başardy.Duşuşykda Neskens penaltilerden 2 gol geçirýär.Beýleki gollary Rep bilen De Ýong öz atlaryna ýazdyrýarlar.

Ilkinji 2 duşuşygy 0-0 tamamlanan Şwesiýa 3-nji duşuşygynda Urugwaýy Edstörm (46, 77) we Sandbergiň (74) gollary esasynda 3-0 utýar we ýaryşy dowam etdirýär.

4-nji toparçada Polşa, Italiýa, Argentina we KONKAKAF-yň wekili, ilkinji gezek gatnaşýan Gaiti çykyş edýär.Italiýa bilen Gaitiniň arasyndaky oýunda köpleri geň galdyran bir waka bolup geçýär. Şol wagta çenli (1972-1974 ýyllar aralygynda) halkara ýaryşlarda 1147 minutlap derwezesini goldan goramagy başaran tejribeli derwezeçi Dino Zoffa 46-njy minutda gaitili hüjümçi Emmanuel Sanonyň ajaýyp urgusyny saklamak başartmaýar.

Soňlugy bilen, italýanlar Riwera (52), Benetti (64) we Anastasiniň (78) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňiş gazansa-da, esasy waka Zoffuň 2 ýyldan soň halkara arenadaky oýunlarda gol geçirtmegi bolýar. Çekeleşikli geçen oýunda Polşa Argentinany 3-2 hasabynda ýeňýär.

Italiýa bilen Argentinanyň arasyndaky oýun 1-1 deňlikde gutarýar.Polşa Gaitini 7-0 (Lýato 17, 87, Deýna 18, Şarmah 30, 34, 50, Gorgon 31), Italiýany-da 2-1 (Şarmah 38, Deýna 44 Kapello 85) hasabynda ýeňip, 6 utuk bilen 1-nji ýeri eýeleýär.

Argentinanyň ýygyndysy-da Gaitini 4-1 hasabynda ýeňýär we 1 gol aratapawudy bilen italýanlardan öňe saýlanýar.

Ikinji tapgyrda öňkülerden üýtgeşiklikde, toparlar ýene-de toparçada çykyş edýärler. “A” toparçada Niderlandlar, Braziliýa, Gündogar Germaniýa hem-de Argentina, “B” toparçada Günbatar Germaniýa, Polşa, Şwesiýa we Ýugoslawiýa duşuşýar.

Niderlandlar ýüzüniň ugruna argentinleri 4-0 (Ý.Kruýff 11, 90, Krol 25, Rep 73), Gündogar Germaniýany 2-0 (Neskens 7, Rensenbrink 59), edil şonuň ýaly hasap bilenem Braziliýany (Neskens 50, Kruýff 65) ýeňýär. Şeýlelikde, Niderlandlar 36 ýyldan soň gatnaşan ýaryşynda finala çykmagy başarýar.

Gündogar Germaniýany 1-0 (Riwelino 60), Argentinany-da 2-1 (Riwelino 32, Žairzinio 49 Brindisi 35) hasabynda ýeňen braziller 3-nji ýer ugrundaky oýunda çykyş etmäge hukuk gazanýar.

“B” toparçada ýer eýesi Günbatar Germaniýa üçin ýeňiş gazanmak o diýen kyn bolmaýar.Braýtner we Mülleriň gollary bilen Ýugoslawiýany 2-0 ýeňen nemesler şwedlerden 4-2 hasabynda üstün çykýar (Owerat 51, Bonhof 52, Grabowski 76, Hoeness 89 p Edström 24, Sandberg 53).

Soňra Polşany-da Gerd Mülleriň ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utup, taryhynda 3-nji gezek finala çykýar.Ilkinji 2 duşuşygynda ýeňiş gazanan Polşa 4 utuk toplap, Braziliýa bilen bürünç medal ugrunda göreşmeli bolýar.

Finaldan bir gün öň 6-njy iýulda Münhendäki Olimpiýa stadionynda Polşa bilen Braziliýa duşuşýar. 74100 janköýeriň tomaşa eden oýnunda Polşa Lýatonyň 76-njy minutdaky ýeke-täk pökgüsi bilen şol wagta çenli taryhyndaky iň uly ýeňşini gazanýar we bürünç medalyň eýesi bolýar.

Çempiony kesgitlejek final oýnuna angliýaly Jek Teýlor eminlik edip, duşuşyga tomaşa etmäge 75200 janköýer ýygnanýar. “Total Football” ulgamynyň iki görnükli wekiliniň duşuşygy Frans Bekkenbauer bilen Ýohann Kroýffuň özara duşuşygy hökmünde görülýär.

Oýnuň eýýäm 2-nji minutynda emin 11 metrlik jerime urgusyny belleýär.Ony Niderlandlaryň ýyldyzy Ýohan Neskens dürs ýerine ýetirýär. 23 minutdan soň, emin ýene-de derwezäniň alkymyndaky ak nokady görkezýär. Ýöne bu sapar ýer eýeleriniň peýdasyna bellenen penalti urgusyny Pol Braýtneriň takyk urmagy başarýar we hasap 1-1 bolýar. 1-nji ýarymyň tamamlanmagyna 2 minut galanda-da Gerd Müller Dünýä Kubogy karýerasyndaky 14-nji we iň soňky goluny geçirýär. 2-nji ýarymda germaniýaly Sepp Maýer erjellik görkezýär.

Amatly pursatlar dörese-de, hasap üýtgemeýär.Netijede, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Günbatar Germaniýa 20 ýyldan soň, 2-nji gezek Dünýä Kubogyny asmana göterýärr.Mundan öňki 4 bäsleşikde 3 gezek ýarym finala çykan Germaniýanyň ýygyndysy ahyry bu başarnygynyň üstüni çempionlyk bilen ýetirýär. Şeýlelikde, 1972-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolan Günbatar Germaniýa 2 ýyldan soň, Dünýä Kubogynyň-da eýesi bolýar.

Ol şeýle başarnyk görkezen ilkinji topar bolup, onuň bu üstünligini 2008-nji we 2010-njy ýyllarda Ispaniýa gaýtalaýar.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR

1-nji toparça: Günbatar Germaniýa Çili: 1-0, Gündogar Germaniýa Awstraliýa: 2-0, Awstraliýa Günbatar Germaniýa: 0-3, Çili Gündogar Germaniýa: 1-1, Awstraliýa Çili: 0-0, Gündogar Germaniýa Günbatar Germaniýa: 1-0

2-nji toparça: Braziliýa Ýugoslawiýa: 0-0, Zair Şotlandiýa: 0-0, Şotlandiýa Braziliýa: 0-0, Ýugoslawiýa Zair: 9-0, Şotlandiýa Ýugoslawiýa: 1-1, Zair Braziliýa: 0-3

3-nji toparça: Urugwaý Niderlandlar: 0-2, Şwesiýa Bolgariýa: 0-0, Bolgariýa Urugwaý: 1-1, Niderlandlar Şwesiýa: 0-0, Bolgariýa Niderlandlar: 1-4, Şwesiýa Urugwaý: 3-0

4-nji toparça: Italiýa Gaiti: 3-1, Polşa-Argentina: 3-2, Argentina Italiýa: 1-1, Gaiti Polşa: 0-7, Argentina Gaiti: 4-1, Polşa Italiýa: 2-1

2-nji tapgyr “A” toparça: Niderlandlar Argentina: 4-0, Braziliýa Gündogar Germaniýa: 1-0, Argentina Braziliýa: 1-2, Gündogar Germaniýa Niderlandlar: 0-2, Argentina Gündogar Germaniýa: 1-1, Niderlandlar Braziliýa: 2-0

2-nji tapgyr “B” toparça: Ýugoslawiýa Günbatar Germaniýa: 0-2, Şwesiýa Polşa: 0-1, Polşa Ýugoslawiýa: 2-1, Günbatar Germaniýa Şwesiýa: 4-2, Polşa Günbatar Germaniýa: 0-1, Şwesiýa Ýugoslawiýa: 2-1

3-nji ýer üçin: Braziliýa Polşa: 0-1

Final: Niderlandlar Günbatar Germaniýa: 1-2

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Ilkinji gezek Dünýä Kubogynyň finaly guraýjy döwletiň paýtagtynda geçirilmeýär. Final duşuşygy Münhen şäherindäki Olimpiýa stadionynda oýnalýar.

*Saýlama oýunlaryna 99 milli ýygyndy gatnaşýar we 200 duşuşyk geçirilýär.

* Awstraliýa, Gündogar Germaniýa, Zair (häzirki Kongo DR) we Gaiti ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

* Gaitili hüjümçi Emmanuel Sanon toparynyň Italiýa bilen oýnan oýnunda tapawutlanyp, 1147 minutdan bäri derwezesine gol geçirtmän gelýän Dino Zoffuň rekordyna soňky nokady goýýar.

* 2-nji toparçada çykyş eden Zair 3 oýunda-da garşydaşlaryndan utulyp, ýeke topy hem geçirip bilmeýär.

* Duşuşyklar Günbatar Germaniýanyň 9 şäherindäki stadionlarda (“Olympiastadion”-Münih, “Olympiastadion”-Günbatar Berlin, “Wolkspark”-Hamburg, “Westfalen”-Dortmund, “Reinstadion”-Düsseldorf, “Parkstadion”-Gelsenkirhen, “Waldstadion”-Frankfurt, “Niedersaşenstadion”-Hanower, “Nekerstadion”-Ştutgart) oýnalýar.

* Bäsleşigiň resmi maskoty “Tip & Tap” diýlip atlandyrylýar.

* Çempionatda polşaly köp oýunda ýeňiş getiren Gžegož Lýato 7 gol bilen bäsleşigiň iň netijeli futbolçysy bolýar.

* Bu bäsleşikde Dünýä Kubogynyň täzelenen görnüşi, ýagny häzirki kubogy ilkinji gezek gowşurylýar. Bu kubok italiýaly skulptor Silwio Gazzaniga tarapyndan ýasaldy. Mundan öňki Jules Rimet kubogy bolsa soňky çempion Braziliýada galýar.

* Bäsleşikde “Adidasyň” Dünýä çempionatlaryndaky 2-nji topy ulanylýar (“Telstar”).

* Çilili Karlos Kaszeli Dünýä Kubogynda gyzyl petek alan ilkinji oýunçy bolýar.

* Günbatar Germaniýanyň ýyldyzy Gerd Müller bu çempionatda 4 gezek tapawutlanyp, Dünýä Kubogynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçysy bolýar. Žýust Fontendeniň rekordyny täzelen Mülleriň rekordyny-da 2006-njy ýylda braziliýaly Ronaldo täzeleýär (15 gol).

* Saýlama oýunlarynda Bolgariýa Portugaliýany, Ýugoslawiýa Ispaniýany, Polşa-da Angliýany ýeňip, ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanýar.

* Çempionata 112 ýurtda 900 million töweregi janköýer reňkli telewizorlar arkaly tomaşa edýär.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Total futbolyň jemleýji bölümi
Ähli çempionata gatnaşan ýeke-täk topar
Çempionatyň iň netijeli oýunçysy Kristiano Ronaldo
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)