Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)

FIFA 11-nji Dünýä Kubogynyň Argentinada geçiriljekdigini 1966-njy ýyldaky kongresde belli edipdi. Çempionatdan 2 ýyl öň bolup geçen syýasy wakalaryň kölegesinde galan Dünýä Kubogy 1978-nji ýylyň 125-nji iýuny aralygynda geçirilýär we oňa 16 topar gatnaşýar (14-si saýlama oýunlaryndan gelýär).

Angliýa bassyr 2-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmeýär. 1976-njy ýylda Ýewropanyň çempiony bolan Çehoslowakiýa, şol sanda Ýugoslawiýa bilen ozalky SSSR-iň ýygyndylaryna-da saýlama oýunlaryny geçmek başartmaýar.

Dünýäniň 2 gezek çempiony Urugwaý hem çempionata gatnaşyp bilmän, goňşusynda geçýän baýramçylyga uzakdan tomaşa etmeli bolupdy.

1-nji toparçada Italiýa 38-nji sekuntda Lakombyň goly bilen öňe saýlanan Fransiýany 21 Rossi (29) we Zakkarelliniň (54) gollary esasynda 2-1 ýeňýär.Enzo Bearzotyň tälimçiligindäki italýanlar Wengriýany 3-1 (Rossi 34, Bettega 35, Benetti 65 A.

Tot 81 p), çekeleşikli geçen oýunda ýer eýesi Argentinany 10 (Bettega 67) hasabynda utup, 6 utuk toplaýar.Sezar Luis Menottiniň tälimçiligindäki Argentinanyň ýygyndysyna ýurduň iň güýçli 2 klubundan “Boko Huniors” hem-de “Riwer Pleýtden” bary-ýogy 5 futbolçy çagyrylypdy.

Has takygy, ady agzalan klublar käbir sebäplerden ýygynda oýunçy ugratmak islemändi.Tälimçi çempionatyň öňüsyrasynda 25 oýunçydan ybarat bolan düzümden 3 futbolçyny çykarýar we şolaryň biri gelejegiň super ýyldyzy, 17 ýaşyndaky Diego Maradonady.

Wengerleri portugaliýaly eminiň azda-kände goldawy bilen 2-1 (Luke 14, Bertoni 83 Sapo 9) ýeňýär.Berlen we berilmedik penaltileriň kölegesinde galan oýunda argentinler fransuzlary hem 2-1 hasabynda utýar (Passarella 45 p, Luke 73 Platini 60.

Bu duşuşykda-da şweýsariýaly eminiň ýer eýeleriniň ýeňşine goşandy az bolmaýar. Ýaş ýyldyz oýunçy Platininiň çykyş edýän ýygyndysy Fransiýa 3-nji orun bilen kanagatlanmaly bolýar.

2-nji toparçada soňky çempion Günbatar Germaniýa açylyş duşuşygynda Polşa bilen deňme-deň oýnanyndan soň (00), Meksikany 60 (D.Müller 15, H.Müller 30, Rummenigge 38, 73, Flohe 44, 89) hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Çempionatyň täze ýygyndylaryndan Tunis Meksikanyň 3-1 ýeňip, Dünýä Kubogynda ýeňiş gazanan ilkinji Afrika topary bolýar.

Tunis bilenem deňme-deň oýnan nemesler 2-nji orna mynasyp bolýar.Tunisden 1-0, Meksikadan hem 3-1 hasabynda üstün çykan polýaklar toparçada 1-nji orny eýeleýär.

3-nji toparçada 20 ýyldan soň ýene-de Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazanan Awstriýanyň ýygyndysy 1-nji orny eýeleýär.Ispaniýany 2-1 (Şahner 10, Kranki 76 Dani 21), Şwesiýany-da 1-0 (Kranki 42 p) hasabynda utan awstriýalylar 3-nji duşuşygynda brazillerden 1-0 (Dinamite 40) hasabynda asgyn gelýär.

Bu ýeňiş ilkinji 2 oýnuny deňlikde oýnan brazillere ikinji tapgyryň petegi bolýar.Braziliýa bilen Şwesiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda täsin waka bolup geçýär. 1-1 deňme-deň dowam edýän duşuşygyň soňky sekuntlarynda braziliýaly Ziko burçdan ýerine ýetirilen urgudan soň topy kellesi bilen derwezä girizýär.

Uelsli emin Klaýw Tomas bu goly hasaba almaýar.Sebäbi ol top howadaka, ýagny burçdan ýerine ýetirilen dessine duşuşygy tamamlaýar.

4-nji toparçada Peru, Niderlandlar, Şotlandiýa we ilkinji gezek gatnaşýan Eýranyň ýygyndylary duşuşýar.Kubilýasyň 2 gezek tapawutlanan oýnunda Peru ilki şotlandlary 31 hasabynda utýar.Niderlandlar bilen deňme-deň oýnan Günorta Amerikanyň wekili Eýrany 41 hasabynda ýeňýär.

Duşuşykda Kubilýas 2-si penaltiden 3 gol geçirýär.Super ýyldyzy Ýohan Kroýfsuz (näme sebäpden gatnaşmandygy belli däl) Argentina gelen Niderlandlara 4 ýyl finala çykaran Ruben Mişelse derek awstriýaly dünýä belli Ernst Happel tälim berýär.

Ilkinji duşuşykda Eýranyň ýygyndysyny Rensenbrinkiň “het-trigi” bilen utan Niderlandlar 3-nji duşuşygynda Şotlandiýadan 32 asgyn gelýär. Ýöne muňa garamazdan, gol aratapawudy olaryň ýoluny dowam etdirmegine ýardam berýär.

Niderlandlar 2-nji gezek finalda

Ikinji tapgyrda toparlar 1974-nji ýyldaky ýaly ýene-de 2 toparçada çykyş edýär. “A” toparçada Ýewropanyň 4 wekili özara güýç synanyşýar.Niderlandlar 1-nji tapgyrda şowly çykyş eden Awstriýany 5-1 hasabynda ýeňýär.

Duşuşykda Jon Rep 2 gol geçirýär.Günbatar Germaniýa bilen 2-2 hasabynda deňlikde oýnan Niderlandlar Italiýany 2-1 hasabynda ýeňip, 5 utuk bilen finala çykmagy başarýar. 1 oýunda deňme-deň oýnap, Awstriýany-da Rossiniň ýeke-täk goly bilen utan italýanlar bürünç medal ugrundaky duşuşykda çykyş etmäge hukuk gazanýar.

4 gol gerekdi, 6 gol geçirilýär

“B” toparçada Günorta Amerikanyň 3 wekili bilen Ýewropadan Polşa çykyş edýär. “A” toparçadaky duşuşyklar bir wagtda başlansa, bu toparçada ýer eýeleriň Argentinanyň oýny agşam wagtlarynda oýnalar.Bu ýagdaý soňky duşuşyklarda has-da uly meselä öwrülýär.

Braziliýa Peruny 3-0 (Dirseu 15, 27, Ziko 72 p), Argentina bolsa Polşany 2-0 (Kempes 16, 72) utýar.Iki güýçli toparyň Argentina bilen Braziliýanyň ikiçäk oýnunda hasap açylmaýar. 21-nji iýynda oýnalan duşuşykda Braziliýa Polşadan 3-1 hasabynda üstün çykyp, utugyny 5-e çykarýar.

Argentinleriň duşuşygyň agşam başlamagyna braziller nägilelikde bildirse-de, FIFA olaryň nägileligini kabul etmeýär.Häzirem jedelli hasaplanýan oýunda Argentinanyň ýygyndysynyň finala çykmagy üçin Peruny 4-0 utmaly bolýar.Argentinler bolsa ak lentalaryň arasynda oýnalan duşuşykda Perunyň ýygyndysyny 6-0 hasabynda utup, şol gerek bolan gollary artykmajy bilen derwezä girizýär we 1930-njy ýyldan soň ikinji gezek finala çykýar.

Perulylaryň geçirden gollarynda “uly ýalňyşlyklar” goýberen duşuşygynda argentinleriň adyndan Kempes (21, 49), Tarantini (43), Luke (50, 72) hem-de Houzmen (67) geçirýär.Duşuşykdan soň argentinleriň tälimçisi Menotti: “Oýunçylarymyň şeýle gowy oýun görkezjegini menem bilemokdym” diýip, çykyş edýär.

24-nji iýunda bürünç medal ugrunda 1970-nji ýylyň finalynda duşuşan Braziliýa bilen Italiýa duşuşýar.Buenos Aýresdäki “Monumental” stadionyndaky duşuşyga 70 müň töweregi janköýer gatnaşýar. 38-nji minutda Kausio italýanlary öňe saýlaýar. 2-nji ýarymda Nelinio (64) we Dirseu (71) tapawutlanyp, Braziliýanyň ýygyndysy 2-nji gezek bürünç medaly gazanýar. Şeýlelikde, sambaçylar geçen çempionatdaky dördünjiligi bu sapar üçünjilik bilen çalyşýarlar.

Bir gün soň final oýny-da şol stadionda oýnalyp, onda italiýaly Serjio Gonella jürlewük çalýar.Duşuşyga 71483 janköýer tomaşa edýär.Bir tarapda ýer eýesi hem-de 1930-njy ýyldaky ilkinji Dünýä Kubogynyň finalçysy, beýleki tarapda-da geçen çempionatdan ahmyrly wise-çempion, görkezýän oýny bilen köpleriň söýgüsini gazanan Niderlandlar.

Iki topar hem özleriniň meşhur geýimleri bilen meýdança çykýar.Oýnuň 38-nji minutynda Mario Kempes hasaby açýar. Şondan soň 2 topar hem birnäçe amatly pursatdan peýdalanyp bilmeýär.Duşuşygyň tamamlanmagyna 8 minut galanda, Dik Naninga hasaby deňleýär.

Oýnuň iň soňky pursatynda Rensenbrinkiň urgusy sütünden yzyna gaýdýar (Bu top derwezä giren bolsa, meýdançanyň daşynda guralan “ähli oýunlar” puja çykyp bilerdi).Goşmaça oýnalan 30 minutda ýer eýeleri 2 gol geçirýär. 105-nji minutda Mario Kempesiň, 115-nji minutda-da Daniel Bertoniniň gollary ýer eýelerine ýeňiş getirýär. Şeýlelikde, ilkinji gezek Dünýä Kubogyny gazanan Argentina ýer eýesi hökmünde kubogy ýokary galdyran 5-nji topar bolýar (Urugwaý, Italiýa, Angliýa, Günbatar Germaniýa).

Olar çempionlyk gazanan 3-nji Günorta Amerika topary hökmünde hasaba alynýar.Owadan oýunlary bilen futbola täzeçe öwüşgin goşan Niderlandlar bassyr 2-nji gezek ýer eýelerinden utulyp, Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň ýüreklerdäki çempiony bolýar.

Argentina 1978 Dünýä Kubogy ak lentalar, eminleriň görnetin ýalňyşlyklary, şol sanda syýasy wakalar hem-de ýeňijiniň meýdançanyň daşynda “kesgitlenen” çempionaty hökmünde ýatda galýar.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR:

1-nji TAPGYR:

1-nji toparça: Italiýa Fransiýa: 2-1, Argentina Wengriýa: 2-1, Italiýa Wengriýa: 3-1, Argentina Fransiýa: 2-1, Fransiýa Wengriýa: 3-1, Argentina Italiýa: 0-1

2-nji toparça: G. Germaniýa Polşa: 0-0, Tunis Meksika: 3-1, G. Germaniýa Meksika: 6-0, Polşa Tunis: 1-0, G. Germaniýa Tunis: 0-0, Polşa Meksika: 3-1

3-nji toparça: Awstriýa Ispaniýa: 2-1, Braziliýa Şwesiýa: 1-1, Awstriýa Şwesiýa: 1-0, Braziliýa Ispaniýa: 0-0, Ispaniýa Şwesiýa: 1-0, Braziliýa Awstriýa: 1-0

4-nji toparça: Peru Şotlandiýa: 3-1, Niderlandlar Eýran: 3-0, Şotlandiýa Eýran: 1-1, Niderlandlar Peru: 0-0, Peru Eýran: 4-1, Şotlandiýa Niderlandlar: 3-2

2-nji TAPGYR:

“A” toparça: Awstriýa Niderlandlar: 1-5, Italiýa G. Germaniýa: 0-0, Niderlandlar G. Germaniýa: 2-2, Italiýa Awstriýa: 1-0, Awstriýa G. Germaniýa: 3-2, Italiýa Niderlandlar: 1-2

“B” toparça: Peru Braziliýa: 0-3, Argentina Polşa: 2-0, Peru Polşa: 0-1, Argentina Braziliýa: 0-0, Polşa Braziliýa: 1-3, Argentina Peru: 6-0

3-nji ýer üçin: Braziliýa Italiýa: 2-1

Final: Argentina Niderlandlar: 3-1 (g.w.)

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Duşuşyklar 5 şäherdäki 6 stadionda (Buenos Aýres-“Monumental”, “Hose Amalfitani”, Kordoba-“Kordoba”, Mar del Plata-“Hose Maria Minella”, Rosario-“Gigante de Arroýito”, Mendoza-“Siudad de Mendoza”) oýnalýar.

* Çempionatyň resmi maskoty “Gauchito”, topy bolsa “Tango Durlast” diýlip atlandyrylýar.

* Dünýä Kubogyn agatnaşmak üçin ilkinji gezek 100-den köp ýygyndy saýlama oýunlarynda çykyş edýär (107 ýygyndy).

* Argentinanyň milli topary Dünýa Kubogyny ýer eýesi hökmünde gazanan 5-nji ýygyndy bolýar

* Tunis we Eýran ilkinji gezek gatnaşýar. Şol san-da Fransiýadyr Ispaniýa hem-de Wengriýa 1966-njy ýyldan soň ilkinji gezek çempionatda çykyş edýär.

* “Coca-Cola” şereketi ilkinji gezek Dünýä Kubogy ýaryşynyň hemaýatkäri bolýar.

* Utulan-çykdy tapgyrlarynda 120 minutdan soň hem ýeňiş gazanan bolmadyk ýagdaýynda ýeňijini penalti urgulary bilen kesgitlemeli edilýär. Ýöne bu çempionatda şeýle ýagdaý ýüze çykmaýar. Sebäbi çärýekdir ýarym final oýunlaryna derek duşuşyklar toparçalar esasynda geçirilýär. 3-nji ýer üçin we final duşuşyklarynda-da ýeňijini kesgitlemek penalti urgularyna galmaýar.

* Meksikany 3-1 ýeňen Tunisiň bu ýeňşi Dünýä Kubogy ýaryşlarynda Afrika wekilleriniň ilkinji ýeňşi hökmünde hasaba alynýar.

* Çempionatyň iň ýatda galan wakasy Argentinanyň Peruny 6-0 hasabynda utmagy we argentin janköýerleriniň toparlarynyň her duşuşygynda müňlerçe ak lentany meýdança zyňmagy bolýar.

* Çempionatda 6 gol geçiren Mario Kempes ýaryşyň iň netijeli oýunçysy bolýar.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy restoranlarynyň sanawyny düzüldi
Iň gadymy tans meýdançasy ýüze çykaryldy
Peruda iň gadymy tans meýdançasy tapyldy
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Ýewropa Bileleşiginiň Gyş kubogy 2023 ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy