17-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi, Aşgabatda Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çeperçilik eserleriniň sergisi açyldy, Ahal futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümi başlamazdan ozal nyşanyny üýtgetdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.Onda harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň alnyp barlan işler baradaky hasabatlaryny diňledi we ýurduň howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

2. Mejlisiň dowamynda birnäçe guramaçylyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany esasynda we Mejlisiň razylygy bilen, Serdar Mälikgulyýew prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine Begmurat Muhamedow bellenildi.

3. Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyşy boldy.

4.Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow Astana şäheriniň häkiminiň orunbasary bilen ozal gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklara laýyklykda, Gazagystanda Magtymguly Pyragynyň heýkelini oturtmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy. 2024-nji ýylda Türkmenistanda we bütin dünýäde görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýär.

Türkmen tarapy bu ýubileý ýylda Astanada Magtymgulynyň heýkeliniň oturdylmagynyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny belläp geçdi.

5. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ýurtda ferrosplaw öndürýän zawod gurmak taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyryşyny işläp düzmek boýunça açyk halkara tender yglan etdi. Täze zawodda ylym, tehnika we senagat pudaklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan ferrosilisiý, kremniý karbidi we tehniki kremniý ýaly uly islegden peýdalanýan materiallaryň öndürilmegine garaşylýar.

6. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Naire ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdiler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklara üns çekildi.

Dünýäde

7. Vivienne Westwood britan modalar öýi işgärleriniň iş hepdesini iki güne çenli gysgaltdy. Bu çözgüt kompaniýanyň daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaltmak strategiýasynyň çäklerinde kabul edildi. Häzirki wagtda brendiň Londondaky ofisinde işgärler hepdede diňe iki gün ofisde işleýärler, galan günlerde bolsa işleri öýden alyp barýarlar.

8. Ýaponiýada dünýädäki ilkinji wirtual mekdep açylar we ol orta bilim hakynda hakyky şahadatnamalary berer. Bilim edarasy metaälemde ýerleşer we dünýäniň islendik ýerinden okuwçylar üçin elýeterli bolar. Sapaklar Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi tarapyndan tassyklanan maksatnama laýyklykda geçiriler.

Sport habarlary

9. Änew şäheriniň Ahal futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2024-nji ýyldaky täze möwsümi başlamazdan ozal toparyň resmi nyşanyny üýtgetdi.Täzelenen nyşanda iň az mukdarda reňkler peýdalanylypdyr.

Nyşanyň merkezinde toparyň esasy hemaýatkäri bolan .Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň nyşany ýerleşýär, şeýle hem toparyň döredilen ýyly 1989-njy ýyl görkezilýär.Täze nyşan toparyň taryhynda täze eýýamyň başlanandygyny alamatlandyrýar diýlip, toparyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

10.Londonda FIFA-nyň The Best baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde baş baýrak argentinaly Lionel Messä berildi. 36 ýaşly Messi norwegiýaly Erling Holanddan we fransiýaly Kilian Mbappeden öňe saýlandy.

Iň gowy tälimçi hökmünde Mançester Siti toparynyň tälimçisi Pep Gwardiola saýlandy.Mançester Sitiniň derwezebany Ederson ýylyň iň gowy derwezebany baýragyna mynasyp boldy.Iň owadan goluň awtory hökmünde braziliýaly Gilýerme Madruga saýlandy.

11.Dünýäniň ozalky birinji raketkasy Rafael Nadal Saud Arabystanynyň Tennis federasiýasy bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy.Oňa laýyklykda Nadal ýurduň tennis boýunça täze ilçisi bolar.Nadalyň bu wezipä bellenilmeginiň maksady ýurtda sporty ösdürmekden we Saud Arabystanyň türgenleriniň täze neslini ruhlandyrmakdan ybarat.

Federasiýanyň habar bermegine görä, sportuň ösmegine itergi bermekden başga-da, Nadalyň täze akademiýasyny döretmek meýilleşdirilýär.Ol bu sporta täze başlaýan oýunçylara tennisdäki arzuwlaryny amala aşyrmaga kömek etmek üçin öňdebaryjy tejribe merkezi bolar.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Çeşme: Türkmenistanyň öňki baş prokurory we Aşgabadyň prokurory saklandy
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
19-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi