Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk

Futbol boýunça XIV Dünýä Kubogy 1990-njy ýylyň 8-nji iýuny we 8-nji iýuly aralygynda Italiýada geçirilýär. FIFA bu ýaryşyň Italiýada geçiriljekdigini 1984-nji ýylda Sürihde bolan ýygnakda mälim edipdi. Şonda Italiýa, ozalky SSSR-den, Gresiýadyr Angliýadan köp ses alyp, ikinji gezek Dünýä Kubogyny guramaga hukuk gazanýar.

Saýlama tapgyryna jemi 116 topar gatnaşyp, olaryň 22-si çempionatda çykyş etmäge ygtyýar alýar.Kosta Rikanyň, Irlandiýanyň we BAE-niň ýygyndylary ilkinji gezek gatnaşan çempionatyna Wengriýanyň, Fransiýanyň, Polşanyň we Portugaliýanyň ýygyndylary saýlama oýunlarynda netijeli oýun görkezip bilmeýär. Şeýle-de, Müsür 56 (1934), ABŞ 40 (1950), Kolumbiýa 38 (1962), Rumyniýa 20 (1970) ýyldan soň, täzeden Dünýä Kubogyna çykyş etmäge hukuk gazanýar.

Müsüriň ýygyndysynyň mundan 56 ýyl ozal gatnaşan ilkinji Dünýä Kubogy ýaryşy hem Italiýada geçirilipdi. 24 topar 6 toparçada çykyş edip, ýaryşyň tertibi 1986-njy ýyldaky ýaly ylgamda geçirilýär. Çempionatyň açylyş duşuşygy soňky çempion Argentina bilen Kamerunyň arasynda oýnalýar.

Duşuşykda Waleriý Nepomniýaşiniň tälimçiligindäki Kamerun 10 hasabynda ýeňiş gazanýar.

“A” toparçada ýer eýesi Italiýa Awstriýany (Skillaçi 78) we ABŞ-ny (Jannini 11) 10, Çehoslowakiýany-da (Skillaçi 9, R. Bajjo 78) 20 hasaplar bilen ýeňýär. 40 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşan ABŞ-nyň ýygyndysy Çehoslowakiýadan 51 asgyn gelýär. 3-nji duşuşygynda Awstriýany 10 (Bilek 31 p) hasabynda ýeňen çehler toparçada 2-nji ýeri eýeleýär.

“B” toparçada açylyş duşuşygynda Kamerundan 10 (Omam Biýik 67) hasabynda asgyn gelen soňky çempion Argentina SSSR-iň ýygyndysyny Troglio (27) we Burruçaganyň (79) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňýär.

Kamerunyň ýygyndysy Rumyniýany 58-nji minutda oýna giren Rojer Millanyň 76-njy we 86-njy minutdaky gollary bilen 2-1 utýar.Rumyniýa bolsa SSSR-i Lakatuşyň gollary esasynda 2-0 ýeňýär.

Argentina bilen Rumyniýanyň arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazan bolmaýar (Monzon 62 Balint 68).Kamerunyň ýygyndysy 3-nji duşuşygynda SSSR-den 4-0 utulýar.Netijede, Kamerun 1-nji, Rumyniýa 2-nji, Argentina 3-nji ýeri eýeleýär. 4-nji ýeri eýelän öňki Soýuzyň ýygyndysy Dünýä Kubogynda soňky gezek SSSR ady bilen çykyş edýär.

“C” toparçada Braziliýa Şwesiýany 21 (Kareka 40, 63 Brolin 79) , Kosta Rikadyr Şotlandiýany-da Mülleriň gollary esasynda 10 hasaplar bilen ýeňýär we 6 utuk toplaýar. Şotlandlardan Kaýassonyň ýeke-täk goly esasynda üstün çykan Kosta Rika Şwesiýany 21 hasabynda ýeňýär we ilkinji gezek gatnaşan ýaryşynda 4 oçko bilen 2-nji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanýar.

“D” toparçada Günbatar Germaniýa Ýugoslawiýany 41 (Matteus 28, 64, Klinsmann 39, Wöller 70), BAE-ni hem 51 (Wöller 35, 75, Klinsmann 37, Matteus 48, Bein 58) hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Kolumbiýa bilen bolan duşuşykda 89-njy minutda Littbarskiniň goly esasynda öňe saýlanan nemesler 90+3-nji minutda Rinkonyň takyk urgusyna çäre tapyp bilmeýär (11).Bu deňlik BAE-ni 20 (Redin 50, Walderamma 85) utan, ýöne ýugoslawlardan 10 (Ýoziç 75) hasabynda asgyn gelen Kolumbiýanyň ýygyndysyna 2-nji tapgyra çykmak üçin petek bolýar.

Soňky duşuşygynda Susiçiň (5), Pançew (9, 46) hem-de Prosineçki (90+3) gollary bilen BAE-ni 41 hasabynda utan Ýugoslawiýa toparçada 2-nji orny eýeleýär.

“E” toparçada Urugwaý bilen 00 hasabynda deňme-deň oýnan Ispaniýa Günorta Koreýany Miçeliň het-trigi (22, 61, 81) bilen 31, Belgiýany-da 21 (Miçel 26 p, Gorris 38 Werwoort 29) hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Urugwaýy 31 hasabynda ýeňen Belgiýa 2-nji bolup, toparçadan çykmagy başarýar.Fonsekanyň 90+1-nji minutda koreýleriň derwezesinden girizen goly Günorta Amerika yklymynyň wekiline ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

“F” toparçada oýnalan 6 duşuşygyň 5-si deňlikde tamamlanýar.Diňe 1 duşuşykda ýeňiş gazanylýar. 1-nji duşuşyklarda Angliýa bilen Irlandiýa 1-1 (Lineker 9 Şidi 73), Niderlandlar bilenem Müsür 1-1 (Kieft 58 Abdelgani 83 p), 2-nji duşuşyklarda-da Angliýa bilen Niderlandlar 0-0, Irlandiýa bilenem Müsür 0-0 deňme-deň oýnaýar. 2-nji duşuşyklardan soň 4 toparyň hem ýagdaýy birmeňzeş bolup, her toparyň 2 utugy, 1 goly bar. 3-nji duşuşyklarda-da Angliýanyň ýygyndysy Müsüriň ýygyndysyny Mark Raýtyň (58) ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňýär.

Niderlandlar bilenem Irlandiýa 1-1 deňme-deň oýnaýar (Gullit 11 Kuinn 71). Şeýlelikde, Angliýa, Irlandiýa we Niderlandlar ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.

Ikinji tapgyrda ýa-da 1/8 finalda 4 oýunda esasy wagtda ýeňiji kesgitlenmeýär.Esasy wagty golsuz geçen Kamerun bilen Kolumbiýanyň arasyndaky duşuşykda Rojer Milla goşmaça wagtda toparyna ýeňiş getiren gollary öz adyna ýazdyrýar (2-1; Rojer Milla 106, 109 Redin 105).

Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek Afrika yklymynyň wekili çärýek finala çykýar. Çehler üçin çärýek finala çykmak juda ýeňil bolýar.Olar Skuhrawynyň (12, 63, 82) hem-de Kubikiň (76) gollary esasynda Kosta Rikany 4-1 hasabynda utýar. 0-0 hasabynda tamamlanan oýunda Irlandiýa Rumyniýany penaltileriň netijsinde 54 ýeňlýär.

Irlandiýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň taryhynda Şwesiýadan soň (1938) ýeňiş gazanmazdan, çärýek finala çykan 2-nji topar bolýar.Dünýä futbolynyň öňdebaryjy 2 ýygyndysynyň arasyndaky oýunda Argentina Braziliýany Kanijjanyň 80-nji minutdaky owadan goly (80) bilen 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Dartgynly geçen duşuşykda Günbatar Germaniýa Niderlandlary 21 hasabynda ýeňip, ýaryşdan çykarýar (Klinsmann 51, Breme 85 Kuman 89 p).San Siroda oýnalan duşuşyk gyzyl kart alan 2 ýyldyzyň Frank Riýkaard bilen Rudi Wölleriň arasyndaky sene-mene bilen ýatda galýar. Şol sanda bu oýun “Milan” bilen “Interiň” arasyndaky duşuşyk hökmünde bellenilýär.

Sebäbi Germaniýanyň esasy düzüminde 3 “interli” (Breme, Klinsmann, Matteus), edil şonuň ýaly-da Niderlandlaryň düzüminde-de 3 “milanly” (Wan Basten, Gullit, Reýkaard) futbolçy bardy.Italiýa Urugwaýy 20 (Skillaçi 65, Serena 83), Angliýa Belgiýany goşmaça wagtda 10 (Dewid Platt 119) hasabynda ýeňip, çärýek finala çykýar. Ýugoslawiýa hem Ispaniýany goşmaça wagtda 21 hasabynda utýar (Stoýkowiç 78, 92 Salinas 83).

Çärýek finalda Argentina Ýugoslawiýany esasy wagty golsuz gutaran oýunda penaltilerden soň ýeňlişe sezewar edýär (32).Italiýa Irlandiýadan Skillaçiniň (38), Günbatar Germaniýa-da Çehoslowakiýadan Matteusyň (25 p) gollary bilen 1-0 hasabynda üstün çykýar. Çärýek finalyň iň ýatda galan oýny Angliýa bilen Kamerunyň arasynda bolup, duşuşygyň meksikaly emini Kodesal 3 gezek ak nokady görkezýär.

Netijede, goşmaça wagtda 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan iňlisler 1966-njy ýyldan soň ýarym finala çykýar (Platt 25, Lineker 83 p, 105 p Kunde 61 p, Ekeke 65).

Ýarym finalyň 2 oýny-da 1-1 hasabynda tamamlanyp, finalçylar penaltileriň netijesinde kesgitlenýär.Neapoldaky Italiýa bilen Argentinanyň arasyndaky duşuşyk şol şäheriň ilaty üçin diýseň tolgundyryjy ýagdaýda geçýär.

Bir tarapda şäheriň kluby “Napol” toparyna taryhyndaky iň uly ýeňişleri gazandyran Maradonanyň ýygyndysy Argentina, beýleki tarapda-da öz milli ýygyndylary. 17-nji minutda Skillaçi italýanlary öňe saýlasa, 67-nji minutda Kanijja hasaby deňleýär.

Galan wagtda-da hasap üýtgemeýär.Netijede, oýundan soňky penalti urgularynda Italiýa 43 hasabynda asgyn gelip, çempion bolmak mümkinçiligini elden giderýär.Argentina bassyr 2-nji umumylykda 4-nji sapar finalda çykyş etmäge hukuk gazanýar.

Beýleki ýarym finalda Günbatar Germaniýa bilen Angliýa duşuşýar. 60-njy minutda Germaniýadan Breme, 80-nji minutda-da Lineker tapawutlanýar.Goşmaça wagtda-da hasaby üýtgetmek iki toparyň oýunçylaryna-da başartmaýar.

Oýundan soňky penalti urgularyny has dürs ýerine ýetiren nemesler bassyr 3-nji ýola finala çykmaga ygtyýar alýar (43).

Bari şäherindäki San Nikola stadionynda bürünç medal ugrundaky duşuşykda ýer eýesi Italiýa bilen Angliýa duşuşýar. 1-nji ýarymy 00 hasabynda gutaran oýnuň 71-nji minutynda Roberto Bajjo ýer italýanlary öňe saýlaýar. 10 minutdan soň Platt hasaby deňleýär. 86-njy minutda Skillaçi penaltiden tapawutlanyp, çempionatdaky 6-njy goluny geçirýär we Italiýa bürünç medala mynasyp bolýar. Şeýlelikde, Italiýa ýer eýesi hökmünde 3-nji ýeri alan 2-nji topar bolýar.

Italýanlardan öň 1962-nji ýylda Çili ýer eýesi hökmünde bürünç medal gazanypdy.

Iň içgysgynç final

Final oýny 8-nji iýulda Rimdäki Olimpiýa stadionynda bolup, oňa çärýek finalyň meşhur emini, meksikaly Edgardo Kodesal eminlik edýär.Duşuşyga tomaşa etmäge 73603 janköýer gatnaşýar. 1986-njy ýylda çempionatyň finalynda-da duşuşan iki topar Argentina bilen Günbatar Germaniýa özara güýç synanyşýar. 4 ýyl öňki tutluşykda Günorta Amerika yklymynyň wekili 32 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Iň içgysgynç final hökmünde hasaba alnan bu finalyň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar.Oýnuň 65-nji minutynda argentinaly Pedro Monzon Klinsmanny ýykany üçin gyzyl kart alyp, ol Dünýä Kubogynyň final oýunlarynda gyzyl kart görkezilen ilkinji oýunçy bolýar.

Duşuşygyň tamamlanmagyna 5 minut galanda-da, emin nemesleriň peýdasyna penalti urgusyny belleýär.Penaltini bolsa Andres Breme dürs ýerine ýetirýär 87-nji minutda argentinleriň ýene bir oýunçysy, has takygy Gustwao Dezotti gyzyl kart alyp, meýdançadan çykarylýar.

Netijede, soňky gezek Günbatar Germaniýa ady bilen Dünýä Kubogyna gatnaşan nemesler 4 ýyl öňki finalyň rewanşyny almagy başarýar.Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy yzly-yzyna 3-nji synanşygyndan soň, 3-nji sapar Dünýä Kubogyny eýeleýär.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR:

“A”: Italiýa Awstriýa: 1-0, ABŞ Çehoslowakiýa: 1-5, Italiýa ABŞ: 1-0, Awstriýa Çehoslowakiýa: 0-1, Italiýa Çehoslowakiýa: 2-0, Awstriýa ABŞ: 2-1

“B”: ArgentinaKamerun: 01, SSSRRumyniýa: 02, ArgentinaSSSR: 20, KamerunRumyniýa: 21, ArgentinaRumyniýa: 11, KamerunSSSR: 04.

“C”: Braziliýa Şwesiýa: 2-1, Kosta Rika Şotlandiýa: 1-0, Braziliýa Kosta Rika: 1-0, Şwesiýa Şotlandiýa: 1-2, Braziliýa Şotlandiýa: 1-0, Şwesiýa Kosta Rika: 1-2

“D”: BAE Kolumbiýa: 0-2, G. Germaniýa Ýugoslawiýa: 4-1, Ýugoslawiýa Kolumbiýa: 1-0, G. Germaniýa BAE: 5-1, G. Germaniýa Kolumbiýa: 1-1, Ýugoslawiýa BAE: 4-1

“E”: Belgiýa G. Koreýa: 2-0, Urugwaý Ispaniýa: 0-0, Belgiýa Urugwaý: 3-1, G. Koreýa Ispaniýa: 1-3, Belgiýa Ispaniýa: 1-2, G. Koreýa Urugwaý: 0-1

“F”: Angliýa Irlandiýa: 1-1, Niderlandlar Müsür: 1-1, Angliýa Niderlandlar: 0-0, Irlandiýa Müsür: 0-0, Angliýa Müsür: 1-0, Irlandiýa Niderlandlar: 1-1

1/8 FINAL: Kamerun Kolumbiýa: 2-1 (g.w.), Çehoslowakiýa Kosta Rika: 4-1, Braziliýa Argentina: 0-1, G. Germaniýa Niderlandlar: 2-1, Irlandiýa Rumyniýa: 0-0, 5-4 (p), Italiýa Urugwaý: 2-0, Ispaniýa Ýugoslawiýa: 1-2 (g.w.), Angliýa Belgiýa: 1-0 (g.w.)

ÇÄRÝEK FINAL: Argentina Ýugoslawiýa: 0-0, 3-2 (p), Irlandiýa Italiýa: 0-1, Çehoslowakiýa G. Germaniýa: 0-1, Kamerun Angliýa: 2-3 (g.w.)

ÝARYM FINAL: Argentina Italiýa: 1-1, 4-3 (p), G. Germaniýa Angliýa: 1-1, 4-3 (p)

3-nji ÝER ÜÇIN: Italiýa Angliýa: 2-1

FINAL: Günbatar Germaniýa Argentina: 1-0

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Irlandiýanyň, Kosta Rikanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) ýygyndylary ilkinji gezek gatnaşýär.

* Italiýa Meksikadan soň Dünýä Kubogyny 2-nji gezek guran 2-nji ýurt bolýar.

* Çempionatda 115 gol geçirilip, ortaça alnanda iň az gol geçirilen (2,2) Dünýä Kubogy bolýar.

* Duşuşyklar 12 şäherde (12 stadionda) oýnalýar.

* Ýarym finaldaky Italiýa bilen Argentinanyň arasyndaky oýnuň goşmaça wagtynyň 1-nji ýarymyny tamamlamagy unudan fransiýaly emin Mişel Wautro artykmaç 9 minut oýnadýar.

* Çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçysy italiýaly Salwatore Skillaçi karýerasy boýunça milli ýygyndynyň hatarynda tora salan 7 golunyň 6-syny (17 oýunda) bu ýaryşda öz adyna ýazdyrýar.

* Az goluň geçirilendigine garamazdan, teleýaýlymlarda iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogynyň biri bolýar.

* Duşuşyklar ilkinji gezek ýokary durulykda görkezilýär (HDTV). Bu ugurda italýanlaryň RAI hem-de ýaponlaryň NHK teleýaýlymlary bile işleşýär.

* Germaniýanyň tälimçisi Frans Bekkenbauer hem oýunçy, hem-de tälimçi hökmünde çempionlyk gazanan 2-nji tälimçi bolýar. Mundan öň braziliýaly Mario Zagallo 1958-nji we 1962-nji ýyllarda oýunçy, 1970-nji ýylda-da tälimçi hökmünde çempion diýen ada mynasyp bolupdy.

* Ilkinji gezek final oýnunda duşuşan toparlaryň birisi gol geçirip bilmeýär (Argentina). Şeýle-de final duşuşygynda ilkinji gezek gyzyl kart görkezilýär. Finalda argentinaly futbolçylar Pedro Monzon (65-nji minut) hem-de Gustawo Dezotti (87-nji minut) gyzyl kart alýar.

* Çempionatda “Adidas”-yň “Etrusco Unico” atly toplary ulanylýar. Çempionatyň maskoty “Ciao” diýlip atlandyrylýar.

* Seržio Goýkoçea, Breme, Buçwald, Barezi, Maradona, Matteus, Stoýkowiç, Donadoni, Skillaçi, Rojer Milla, Klinsmann dagy çempionatyň ýyldyzlary diýlip yglan edilýär.

* Italiýadaky bu ýaryş iň gopgunly çempionatlaryň biri bolup, esasanam eminler köpleriň nägileligine sezewar bolýar.

* Bu çempionatda ilkinji sapar UEFA-nyň wekili finalda UEFA degişli bolmadyk topardan üstün çykýar.

Ýene degişli makalalar

Italiýadan soň Braziliýa (Dünýä Kubogy 1962)
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)
“Real Madridiň” yzly-yzyna 5-nji kubogy
“Real Madridiň” yzly-yzyna 5-nji kubogy