Ähli çempionata gatnaşan ýeke-täk topar

Braziliýa futbolyň watany bolmasa-da, futbol olar bilen has gyzykly.Başgaça aýdylanda, Braziliýasyz futboly göz öňüne getirmek mümkinem däl.Brazil futboly diýlende, hereketli futbol, uzak aralyklara owadan paslar, urgular we netijede gazanylan kuboklar, şol birwagtyň özünde-de dünýä belli ýyldyzlar göz öňüne gelýär.

Mundan öňki Dünýä çempionatlarynyň ählisine gatnaşan ýeke-täk topar Braziliýa bolup, olar bu kubogy asmana iň köp göteren ýygyndydyr.Sambaçylar mundan öňki 20 ýaryşyň 25 göteriminde, ýagny 5-sinde çempionlyk gazanmagy başardy.

Olar kümüşdir bürünç medallaryňam hersinden 2-sini gazandy.1923-nji ýylda FIFA-nyň agzasy bolan Braziliýanyň ýygyndysy 1916-njy ýyldan bäri-de CONMEBOL-yň hatarynda.Braziliýanyň ýygyndysy Argentina, Germaniýa we Fransiýa bilen bilelikde, 3 uly ýaryşda Dünýä Kubogynda, FIFA Konfederasiýalar Kubogynda we Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan 4 toparyň biridir.

Dünýä Kubogyny 4 yklymda gazanan ýeke-täk topar Braziliýadyr.Olimpiýa çempionlygy üçin 120 ýyl garaşan braziller bu maksatlaryna Rio 2016-da ýetipdiler.Braziliýanyň ýygyndysy ilkinji resmi duşuşygyny 1914-nji ýylda Buenos Aýresde Argentina bilen geçirip, 30 hasabynda asgyn gelýär.35 oýunda ýeňilmän, bu ugurda Ispaniýa bilen rekordy paýlaşýan Braziliýanyň ýygyndysy ilkinji Dünýä Kubogynda 2 duşuşyk geçirýär.

Ilki Ýugoslawiýadan utulýar (21), soňra Boliwiýany utýar (40).Preguinio Braziliýanyň Dünýä çempionatlaryndaky ilkinji golyny derwezä girizen oýunçydyr. 2-nji Dünýä çempionaty-da Braziliýa üçin gysga wagtda tamamlanýar.Olar utulan-çykdy esasynda geçirilen bu çempionatyň birinji tapgyrynda ispanlardan utulyp (31), öýlerine juda ir dolanmaly bolýarlar.

Saýlama tapgyrynda Argentinanyň ýaryşdan çekilmeginden soň, final tapgyryna arkaýynlyk bilen gatnaşan Braziliýa 1938-nji ýylda Fransiýadaky çempionatda 3-nji orny eýeleýär. 1-nji tapgyrda Polşany goşmaça wagtda 65 hasabynda utýar.

Oýunda brazillerden Leonidas 3, polýaklardan Wilimowski 4 gol geçirýär. 2-nji tapgyrda ýa-da çärýek finalda Çehoslowakiýa bilen 11 deňme-deň oýnaýar. Şol döwürlerde oýundan soňky, penalti urgulary ýok bolany üçin duşuşyk 2 günden soň, gaýtadan oýnalýar.

Bu gezek 21 ýeňiş gazanan Braziliýa ýarym finalda Italiýadan şol hasap bilen asgyn gelýär.Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky oýunda-da Şwesiýany 42 utup, dünýä çempionatlaryndaky ilkinji medalyny gazanýar.

Bu çempionatda Leonidas 7 gol bilen iň netijeli oýunçy bolýar.

GAÝDYP ŞOL REŇKDÄKI KÖÝNEKÇE GEÝILMEDIIkinji jahan urşy sebäpli 2 ýaryşy goýbolsun edilen Dünýä Kubogy 1950-nji ýylda Braziliýada geçirilýär. 13 ýygyndynyň gatnaşan çempionatynda Braziliýa Meksikany 40 utýar. Şweýsariýa bilen 22 deňme-deň oýnan sambaçylar Ýugoslawiýadan 20 üstün çykýar.

Final toparçasynda-da Ademiriň 4 gezek tapawutlanan oýnunda ilki şwedleri 71, soňra ispanlary 61 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.Toparçanyň beýleki bir wekili Urugwaý ilki Ispaniýa bilen deňme-deň oýnap, soňra Şwesiýany 32 ýeňýär. 16-njy iýulda “Marakanada” toparçadaky iň soňky oýun 3 utukly Urugwaý bilen 4 utuk toplan Braziliýanyň arasynda bolýar. 200 müň töweregi tomaşaçynyň ýygnanan duşuşygynyň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar. 2-nji ýaryma Friaçanyň goly bilen başlan braziller 66-njy minutda Şiaffinonyň pökgüsine çäre tapyp bilmeýär.

Oýun 11 gutaran ýagdaýynda-da, braziller çempion bolýardy. Ýöne 79-njy minutda Gijjia stadiona ýygnanan 200 müň hem-de ony radiodan diňleýän millionlarça janköýeri gaty gynandyrýar.Bu duşuşykdan öň kubogy ýer eýeleri alar diýen tama bilen hemme zat şoňa görä-de taýýarlanypdy. Ýöne bolmady.

Bu waka brazil futboly üçin iň “pajygaly” günleriň biri hökmünde taryha girýär.Bu duşuşyga ak köýnekçede çykan Braziliýanyň ýygyndysy (şol wagta çenli diňe ak köýnekçede çykyş edýärdiler) bu taryhy ýeňlişden soň, gaýdyp ak köýnekçe geýmeýär.PELE we ÇEMPIONLYKLAR1954-nji ýyldaky çempionat Şweýsariýada guralyp, 4 toparly toparçalarda ýygyndylar 2 oýun oýnaýar.

Braziliýa Meksikany 50 hasabynda utup, Ýugoslawiýa bilenem deňme-deň oýnap, çärýek finala çykýar. Çärýek finalda-da çekeleşikli geçen oýunda Puşkaş, Koçiş ýaly ýyldyzlary bolan Wengriýadan 42 hasabynda asgyn gelýär.Şwesiýa 1958 Dünýä Kubogynda Braziliýa 4-nji toparçada SSSR, Angliýa we Awstriýa bilen özara güýç synanyşýar.

Futbolyň iň uly ýyldyzy Peläniň gatnaşan ilkinji Dünýä çempionaty bolan bu ýaryşda Awstriýany (30) utan “Seleçaonyň” Angliýa bilen geçiren duşuşygynda gol geçirilmeýär.Wawanyň 2 goly bilenem SSSR-den hem üstün çykan Braziliýa çärýek finalda Uelsi ýaş hüjümçi Peläniň 66-njy minutdaky goly bilen 10 hasabynda ýeňýär. Ýarym finaldaky taryhy oýunda Fransiýany 52 hasabynda utýar.

Duşuşykda Pele het-trik edýär (52, 64, 75).Solnadaky Rasunda stadionyndaky finalda Braziliýa Şwesiýa bilen duşuşýar.Bu oýunda-da ýarym finaldaky hasap gaýtalanýar (52) we Braziliýa ilkinji gezek Dünýäniň çempiony bolýar.

Finalda Wawa bilen Peläniň hersi 2 gezekden tapawutlanýar.Braziliýa kubogy başga bir yklymda gazanan ilkinji topar bolýar. 1962-nji ýylda çempionat ummanyň beýleki tarapynda Çilide guralýar.Soňky çempion Braziliýa 3-nji toparçada ýene-de Meksikadan üstün çykyp (20; Zagallo 56, Pele 73), ýeňiş bilen başlaýar. Çehoslowakiýa bilen 00 oýnap, Ispaniýany-da 21 (Amarildo 72, 86 Adelardo 35) hasabynda ýeňýär. Çärýek finalda Angliýany 31 (Garrinça 31, 59, Wawa 53 — Hitçens 38) ýarym finalda-da ýer eýesi Çilini 42 (Garrinça 9, 32, Wawa 47, 78 — Toro 43, L.Sançes 61 p) hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Finalda toparçada-da garşylaşan garşydaşy Çehoslowakiýa bilen duşuşýar.Toparçadaky oýunlarda şikes alan Pele finalda oýnap bilmeýär. Ýöne muňa garamazdan, Braziliýa Amarildo, Zito we Wawanyň gollary bilen 31 hasabynda ýeňip, bassyr 2-nji çempionlygyny gazanýar.

Braziliýa Italiýadan soň, yzly-yzyna çempion bolan 2-nji topar diýen derejäni alýar.Çempionat 1966-njy ýylda futbolyň watany Angliýada geçirilýär.Yzly-yzyna gazanylan 2 çempionlykdan soň, bu ýaryş braziller üçin gysga wagtda tamamlanýar.

Braziliýa Bolgariýany (20) utup, ýeňiş bilen başlasa-da, soňlugy bilen, Wengriýadan hem-de Portugaliýadan 31 hasabynda asgyn gelýär. 1970-nji ýylda ýaryşy Meksika döwleti guraýar. 3-nji toparçada Çehoslowakiýany 41 (Riwelino 24, Pele 59, Žairzinio 61, 83), Angliýany 10 (Žairzinio 59), Rumyniýany-da 32 (Pele 19, 67, Žairzinio 22) hasabynda ýeňip, çärýek finalda Peru bilen garşylaşýar. Öz yklymdaşyny Riwellino (11), Tostao (15, 52) hem-de Žairzinionyň (75) gollary bilen 42 hasabynda ýeňen brazilleriň maňlaýyna ýarym finalda Urugwaý çykýar.

Mundan 20 ýyl ozalky duşuşygyň täsirinde meýdança çykan braziller 31 (Klodoaldo 44, Žairzinio 76, Riwellino 89) hasabynda ýeňşini baýram edýär. “Estadio Aztekadaky” finalda-da Pele, Žerson, Žairzinio hem-de Karlos Albertonyň gollary bilen Italiýany 41 hasabynda ýeňip, 3-nji gezek kubogy asmana göterýär.

Braziliýa muny başaran ilkinji topar bolýar. 1974-nji ýylda Günbatar Germaniýa tarapyndan guralan 10-njy Dünýä çempionatynda Braziliýa toparçadaky 12-nji duşuşygynda Ýugoslawiýadyr Şotlandiýa bilen deňde-deň oýnaýar (00).

Soňra şol wagtky Zairden (häzirki Kongo DR-den) 30 hasabynda üstün çykýar. 2-nji tapgyrda-da Gollandiýa, Gündogar Germaniýa we Argentina bilen bir toparça düşýär.G.Germaniýany 10, Argentinany 21 ýeňen Braziliýa Gollandiýadan Niskens we Kroýffuň gollary bilen 20 hasabynda utulýar.

Toparçada 2-nji ýeri eýeleýär we finala çykyp bilmeýär. 3-nji orun ugrundaky duşuşykda-da Polşadan çempionatyň iň netijeli hüjümçisi Lýatonyň ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda asgyn gelýär we ilkinji sapar 4-nji orny eýeleýär.(Dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)
Italiýadan soň Braziliýa (Dünýä Kubogy 1962)
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Sportuň taryhynda şu gün 25-nji dekabr
Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi tamam boldy