Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)

Dünýä Kubogy 1958-nji ýylda ýene-de Ýewropada geçirilip, ýaryş Şweýsariýadan soň Şwesiýada guralýar. 829-njy iýun aralygynda Şwesiýada geçirilen 6-njy Dünýa Kubogyna, 12-si Ýewropadan jemi 16 ýygyndy gatnaşýar.

Saýlama tapgyrynda 55 ýygyndy çykyş edip, Italiýadyr Urugwaýyň, Ispaniýanyň, ABŞ-nyň hem-de Belgiýanyň ýygyndylaryna çempionata gatnaşmak başartmaýar. Çempionat Şwesiýanyň 12 şäherinde (Stokgolm, Gýoteborg, Malmö, Eskilstuna, Norrçýoping, Sandwiken, Helsinborg, Buros, Halmstad, Erebru, Uddewalla, Westeros) geçirilip, bu bäsleşik duşuşyklary şol wagta çenli iň köp şäherde oýnalan Dünýä Kubogy bolýar.

16 ýygyndy toparly 4 toparça bölünýär. 1-nji toparçada soňky çempion Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy 1930-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň finalçysy Gillermo Stabileniň tälimçiligindäki Argentinany Ran (32, 79) hem-de Sileriň (42) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňýär. Çehoslowakiýanyň hem-de D.

Irlandiýanyň ýygyndylary bilen 2-2 deňme-deň oýnan nemesler toparçada 1-nji ýeri eýeleýär. 3 utuk toplan Demirgazyk Irlandiýa bilen Çehoslowakiýnyň ýygyndylary pleý-off oýnuny oýnamaly bolýar.Esasy wagty 1-1 hasabynda gutaran duşuşykda Britan adasynyň wekili Parlandayň gollayr bilen 2-1 ýeňýär we çärýek finala çykýar.

D.Irlandiýany 3-1 ýeňen argentinler çehlerden 6-1 asgyn gelip, toparçany soňky orunda tamamlaýar.

2-nji toparçada Fransiýa bilen Paragwaýyň arasyndaky duşuşykda 10 gol tora girizilip, şolaryň 7-sini ýewropalylar öz adyna ýazdyrýar.Oýunda ýyldyz oýunçy Bliaryň türgenleşikde şikes almagyndan soň esasy düzümde meýdança çykan Jýust Fonten 3 gezek tapawutlanýar. Ýugoslawlardan utulan fransuzlar 3-nji oýnunda Şotlandiýany kynlyk bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Şeýlelikde, 4 utuk toplan Fransiýa bilen Ýugoslawiýa indiki tapgyra çykmagy başarýar.

Toparçadaky oýunlarda Jýust Fonten 6 gol geçirýär.

3-nji toparçada ýer eýesi Şwesiýa Serie A-da çykyş edýän ýyldyzlary bilen çempionatda çykyş edýär. 1-nji duşuşykda Simonsson (2) hem-de Liedholmyň gollary bilen Meksikany 3-0, 2-nji duşuşygynda 1954-nji ýylyň finalçysy Wengriýany Hamriniň gollary esasynda 2-1 hasabynda utýar.

Uels bilen 0-0 hasabynda deňme-deň oýnan ýer eýeleri çärýek finalçy bolýar. 3 utuk toplan Uels bilen Wengriýa pleý-off oýnaýar.Britan adasynyň wekili 2-1 hasabynda ýeňşini baýram edýär.

4-nji toparçada Braziliýa Awstriýany 3-0 hasabynda ýeňýär.Gollary çempionatdan soň Italiýanyň raýaty bolan Altafini (2) bilen Nilton Santos geçirýär.Iňlisler bilen deňme-deň oýnan”sambaçylar” ozalky Soýuzyň ýygyndysyny Wawanyň 2 goly esasynda ýeňlişe sezewar edýär.

Braziliýa SSSR duşuşygynda 2-nji goluň pasyny beren futbolyň täze super ýyldyzy Pele berýär.Bu onuň Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky ilkinji duşuşygy bolýar.Ilkinji gezek gatnaşýan ozalky SSSR-iň ýygyndysy Angliýa bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnaýar.

Awstriýany 2-0 hasabynda utup, pleý-offda özleri ýaly deň utuk toplan Angliýa bilen täzeden duşuşyk geçirýär.Bu oýunda Iliniň ýeke-täk pökgüsi ozalky Soýuzyň ýygyndysyna ýeňiş üçin ýeterlik bolýar.

Çärýek finalyň 4 duşuşygy-da bir günde, bir wagtda oýnalýar.Duşuşyklarda ýeňlişe sezewar bolan toparlaryň hiç biri 1 gol hem geçirip bilmeýär.Braziliýanyň ýygyndysy futbolyň täze super ýyldyzy Peläniň goly bilen Uelsi 1-0 utýar.

Edil şeýle hasap Günbatar Germaniýa bilen Ýugoslawiýanyň arasyndaky oýunda-da hasaba alnyp, soňky çempion Ranyň ýeke-täk goly bilen ýeňiş gazanýar.Wisnieski, Fonten (2) hem-de Piantoniniň gollary bilen 4-0 hasabynda Demirgazyk Irlandiýany ýeňen fransuzlar ýarym finala çykýar. Ýer eýesi şwedler ozalky SSSR-iň ýygyndysynyň toruna jogapsyz 2 gol girizýär.

Gollary Simonsson bilen Hamrin öz atlaryna ýazdyrýar.

Diýseň çekeleşikli geçen ýarym final duşuşyklarynda 11 gol hasaba alynýar.Solnadaky oýunda Fransiýa bilen Braziliýa duşuşyp, taryhyň altyn sahypalara giren bu oýunda 5-2 hasabynda yklymyň myhmanlaryň peýdasyna tamamlanýar. 2-nji minutda Wawa hasaby açsa, Fonten 9-njy minutda hasaby deňleýär. 39-njy minutda Didi brazilleri 2-1 öňe çykarýar. 2-nji ýarymda Pele 52-nji, 64-nji we 75-nji minutlarda tapawutlanyp, het-trik edýär. 83-nji minutdaky Piontoniniň goly fransuzlara ýeňiş üçin ýeterlik bolmaýar.

Beýleki ýarym finalda Günbatar Germaniýa bilen ýer eýesi Şwesiýa duşuşyp, 50 müň janköýeriň şaýatlygynda 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan skandinawlar ilkinji gezek Dünýä Kubogynyň finalynda çykyş etmäge ygtyýar alýar. Nemesler Şaferiň goly bilen öňe saýlansa-da, ýer eýeleri Skoglun, Gren hem-de Hamriniň gollary esasynda ýeňşini baýram edýär.

Finaldan bir gün Gýotenburg şäherindäki Ullewi stadionynda bürünç medalyň eýesi belli bolýar. Çekeleşikli geçen oýunda 6-3 hasabynda ýeňiş gazanan fransuzlar 3-nji orny eýeleýärler (Fonteýn 16, 36, 78, 89, Kopa 27 p, Duis 50 Sieslarçik 18, Ran 52, Şafer 84).

Duşuşykda Jast Fonteýn 4 gezek tapawutlanyp, çempionatdaky gollarynyň sanyny 13-e ýetirýär.Onuň bir çempionatda iň köp gol geçiren futbolçy rekordyna häzire çenli golaýlan oýunçy hem bolmaýar.

29-njy iýunda Solnadaky meşhur “Rasunda” stadionynda oýnalan final duşuşygyna 51800 janköýer tomaşa edýär.Duşuşykda fransiýaly Moris Gig jürlewük çalýar.Oýnuň eýýäm 4-nji minutynda meşhur hüjümçi Liedholm ýer eýelerini begendirýär. Ýöne şwedleriň begenji uzak dowam etmeýär. 9-njy we 32-nji minutlarda Wawa hasaby 2-1-e ýetirýär.

Soňra 55-nji minutda Pele hasaby has-da artdyrýar.Bu goldan 13 minut soň Mario Zagallo şwedleriň barja umydyny-da soňlandyrýar.Emma muňa garamazdan, Simonsson ýer eýeleriniň 2-nji goluny geçirse-de, bu ýeterlik bolmaýar.

Duşuşygyň 90-njy minutynda-da Pele oýna soňky nokady goýýar. Şeýlelikde, Braziliýanyň ýygyndysyna özlerine köp garaşdyran çempionlyga 6-njy Dünýä Kubogynda ýaryşynda ýetmek miýesser edýär.Bu olaryň 5-nji çempionlygynyň ilkinjisi bolýar.

Geçirilen duşuşyklar

1-nji toparça: Argentina-Germaniýa: 1-3, D.Irlandiýa-Çehoslowakiýa: 0-1, Germaniýa-Çehoslowakiýa: 2-2, Argentina-D.Irlandiýa: 3-1, Çehoslowakiýa-Argentina: 6-1, Germaniýa-D.

Irlandiýa: 2-2, D.Irlandiýa-Çehoslowakiýa: 2-1 (g.w.). 2-nji toparça: Ýugoslawiýa-Şotlandiýa: 1-1, Fransiýa-Paragwaý: 7-3, Paragwaý-Şotlandiýa: 3-2, Ýugoslawiýa-Fransiýa: 3-2, Fransiýa-Şotlandiýa: 2-1, Paragwaý-Ýugoslawiýa: 3-3. 3-nji toparça: Şwesiýa-Meksika: 3-0, Wengriýa-Uels: 1-1, Meksika-Uels: 1-1, Şwesiýa-Wengriýa: 2-1, Şwesiýa-Uels: 0-0, Wengriýa-Meksika: 4-0, Uels-Wengriýa: 2-1. 4-nji toparça: Braziliýa-Awstriýa: 3-0, SSSR-Angliýa: 2-2, SSSR-Awstriýa: 2-0, Braziliýa-Angliýa: 0-0, Angliýa-Awstriýa: 2-2, Braziliýa-SSSR: 2-0, SSSR-Angliýa: 1-0.

Çärýek final: Şwesiýa-SSSR: 2-0, Germaniýa-Ýugoslawiýa: 1-0, Fransiýa-D.Irlandiýa: 4-0, Braziliýa-Uels: 1-0.

Ýarym final: Şwesiýa-Germaniýa: 3-1, Braziliýa-Fransiýa: 5-2.

3-nji ýer: Fransiýa-Germaniýa: 6-3.

Final: Braziliýa-Şwesiýa: 5-2.

Gyzykly maglumatlar

* Gýoteborg we Malmödäki stadionlar (“Ullewi” we “Malmö”) Dünýä çempionaty üçin gurulýar.

* FIFA 6-njy Dünýä Kubogyny Şwesiýada guramak barada 1950-nji ýylyň iýun aýynda Rio de Žaneýroda bolan ýygnakda karar alýar. Bu ýaryşy guramak üçin Argentina, Çili, Meksika hem-de Şwesiýa döwletleri dalaşgär bolupdy.

* Demirgazyk Irlandiýa, Uels we ozalky SSSR-iň ýygyndylary ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

* Beýik Britaniýanyň 4 ýurdy (Angliýa, Şotlandiýa, Uels, Demirgazyk Irlandiýa) hem bu çempionatda çykyş edýär.

* Dünýäniň iň köp çempion bolan topary Braziliýa ilkinji kubogyny Şwesiýada gazanyp, ol başga bir yklymda çempion bolan ilkinji topar bolýar.

* Fransiýaly hüjümçi Jýust Fonten 13 gol geçirip, “Altyn butsy” baýragyna mynasyp bolýar. Ol bir çempionatda (Dünýä Kubogy) iň köp pökgi geçiren hüjümçi hökmünde taryha girýär.

* Şwesiýaly Nils Liedholm Dünýä çempionatynda tapawutlanan (pökgini derwezä girizen) iň garry futbolçy bolýar.

* Dünýäniň 2 gezek çempiony (şol wagta çenli) Italiýa bilen Urugwaý bu ýaryşa gatnaşyp bilmeýär.

* Bu Dünýä Kubogy futbolyň şasy hasaplanýan Peläniň gatnaşan ilkinji çempionaty bolup, ol şol wagtlar 17 ýaşyndady. Pele Dünýä çempionatynda çykyş eden, gol geçiren, het-trik eden iň ýaş oýunçy bolýar.

Ýene degişli makalalar

Italiýadan soň Braziliýa (Dünýä Kubogy 1962)
Ähli çempionata gatnaşan ýeke-täk topar
UEFA Çempionlar ligasynyň taryhyndan
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
13-nji iýul ilkinji Dünýä Kubogyna badalga berlipdi