Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion

Fransiýaly Žul Rimäniň tagallalary bilen bat alan futbol boýunça Dünýä Kubogy 1998-nji ýylda 2-nji gezek onuň ýurdunda geçirilýär. 60 ýyl öňem, 1938-nji ýylda-da Dünýä Kubogyny guran Fransiýa bu ygtyýar FIFA tarapyndan 1992-nji ýyldaky sessiýada berlipdi.

Ol şonda Marokkodan köp ses alypdy.Fransiýa Dünýä Kubogyny 2 gezek guran 3-nji ýurt bolýar (Meksika, Italiýa).

Ilkinji gezek Dünýä Kubogyna 32 topar gatnaşýar. Olaryň 30-sy saýlama oýunlaryndan geçip, Fransiýa gelýär. 32 ýygyndy 8 toparçada özara güýç synanyşýar. Horwatiýanyň, Ýamaýkanyň, Günorta Afrikanyň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndylary ilkinji sapar Dünýä Kubogyna wekilçilik edýär.

“A” toparçadaky Braziliýa Şotlandiýa duşuşygy çempionatyň açylyş duşuşygy bolup, çekeleşikli geçen oýunda latyn amerikalylar 21 (Sampai 4, Boýd 73 ö.d.Kollins 38 p) hasabynda ýeňiş gazanýar.

Braziliýa 2-nji oýnunda Marokkony Ronaldo, Riwaldo we Bebetonyň gollary bilen 3-0 hasabynda utýar.Olar soňky duşuşygynda Norwegiýadan 21 hasabynda utulyp, skandinawlaryň 2-nji tapgyra çykmagyna uly ýardam berýär.

Marokko bolsa Şotlandiýany 3-0 utsa-da, ýaryşy dowam etdirip bilmeýär.

“B” toparçada oýnalan 6 duşuşygyň 4-si deňlikde gutarýar. 2 ýeňiş hem Italiýa degişli bolup, olar ilki Çili bilen deňme-deň oýnaýar.Bu duşuşykda italýanlara 1 utuk gazandyran goly 85-nji minutda penaltiden 4 ýyl öň finalda penaltini geçirip bilmedik Roberto Bajjo geçirýär.

Italiýa Kameruny 30 (Di Biajo 7, Wieri 75, 89), Awstriýany-da 21 (Wieri 49, Bajjo 89Herzog 90 p) hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.Beýleki 2 oýnuny-da deňme-deň oýnan Çili 2-nji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanýar.

“C” toparçada ýer eýesi Fransiýa öz garşydaşlaryny bir demde geçip, 9 utuk toplaýar.Olar ilki Günorta Afrikany 30 (Dugari 36, Issa 77 ö.d., Anri 90+2), Zidanyň gyzyl petek alan oýnunda S.

Arabystanyny 40 (Anri 37, 78, Trezege 68, Lizerazu 85), Daniýany-da 21 (Jorkaeff 12 p, Peti 56 M.Laudrup 42 p) hasabynda ýeňýär.Araplary Riperiň goly bilen 1-0 ýeňen Daniýa GAR bilen 1-1 deňme-deň oýnap, 4 utuk toplaýar we toparçada 2-nji ýeri eýeleýär.

“D” toparçada garaşylmadyk ýagdaýda Nigeriýa ilki Ispaniýadan 32 (Adepožu 24, Lawal 72, Olise 77Hierro 20, Raul 46), soňra Bolgariýadan 10 (Ikpeba 26) hasabyndan üstün çykýar.Ilkinji 2 duşuşygyny Bolgariýadyr Ispaniýa bilen golsuz deňme-deň oýnan Paragwaý 3-nji duşuşygynda Nigeriýany 31 hasabynda ýeňýär we 1/8 finala çykýar.

Duşuşykda paragwaýlylaryň gollaryny Aýala, Benites hem-de Kardozo geçirýär.Ispanlara Morientesiň 2 gol geçiren oýnunda Bolgariýany 6-1 hasabynda ýeňmegi indiki tapgyra çykmak üçin ýeterlik bolmaýar.

“E” toparçada hem edil “B” toparçadaky ýaly oýunlaryň 4-si deňlikde tamamlanýar.Günorta Koreýany ýeňen 2 ýygyndy Meksika bilen Niderlandlar ýaryşy dowam edýär.Belgiýa bolsa toparçaky 3 duşuşygyny-da deňlikde oýnaýar.

Meksikanyň ýygyndysy koreýleri Pelaes hem-de Hernandesiň (2) gollary bilen 3-1 ýeňýär.Niderlandlar bolsa Aziýa yklymynyň wekiliniň derwezesinden jogapsyz 5 gol girizýär.Gollary Koku, Owermars, Bergkamp, Wan Hoýdonk, R.

De Bur geçirýär.Belgiýa Meksika hem-de Niderlandlar Meksika duşuşyklary 2-2 deňlikde gutarýar.

“F” toparçadaky 1-nji oýunlarda Germaniýa ABŞ-ny 20 (A.Möller 8, Klinsmann 64), Ýugoslawiýa (häzirki Serbiýa) Eýrany 10 (Mihailowiç 72) utýar.Ikiçäk oýnuny 22 deňme-deň tamamlan Germaniýa bilen Ýugoslawiýa soňky duşuşyklarynda-da şol bir netijeler bilen degişlilikde, nemesler Eýrandan 20 (Bierhoff 50, Klinsmann 57) we ýugoslawlar ABŞ-dan 10 (Komlýenowiç 4) üstün çykýar.

Toparçanyň iň ýatda galan duşuşygy, şübhesiz Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda bolup, dartgynly oýun 21 (Estili 40, Mahdawikia 84MakBraýd 87) hasabynda aziýalylaryň ýeňşi bilen tamamlanýar.

“G” toparçada Kolumbiýany Adrian Ilieniň goly esasynda utan rumynlar Angliýany 21 (Moldowan 47, Petresku 90 Owen 79) hasabynda ýeňýär. Olar 3-nji duşuşygynda Tunis bilen 1-1 deňme-deň oýnaýar. Tunisi Şirer (43) we Skoulzyň (89), Kolumbiýany-da Anderton (20( hem-de Bekhamyň (28) gollary bilen 20 hasabynda utan Angliýa toparçada 2-nji ýeri eýeleýär.

“H” toparçada Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň iň tejribeli ýygyndylaryndan Argentina çempionata ilkinji gezek gatnaşýan 3 ýygyndy bilen duşuşyp, tangoçylar 3 duşuşygy-da ýeňiş bilen tamamlaýar. Ýaponiýany Gabriel Batistutanyň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňen Argentinanyň ýygyndysy Ýamaýkadan 50 hasabynda üstün çykýar.

Duşuşygyň gollaryny Ariel Ortega (31, 55) bilen 10 minutda het-trik eden Gabriel Batistuta (73, 78, 83 p) geçirýär.Batistuta 2 Dünýä Kubogynda het-trik eden ilkinji futbolçy bolýar (häzirlikçe ýeke-täk).

Argentina 3-nji duşuşygynda-da Horwatiýany Pinedanyň goly bilen 1-0 utýar. Ýamaýkany Staniç, Prosineçki hem-de Şukeriň gollary bilen 3-1 ýeňen Horwatiýa Ýaponiýadan hem 1-0 (Şuker 77) üstün çykýar.

Ikinji tapgyrda Italiýa Norwegiýany (Wieri 18), Horwatiýa Rumyniýany (Şuker 45+2 p), şol sanda ýer eýesi Fransiýa hem goşmaça wagtda Loran Blanyň goly bilen Paragwaýy 1-0 hasabynda ýeňýär.

Germaniýa Meksikany (Klinsmann 75, Bierhoff 86 Hernandes 47) Niderlandlar Ýugoslawiýany (Bergkamp 38, Dawids 90+2 Komlýenowiç 48) 21 hasabynda utýar.Soňky çempion Braziliýa Sezar Sampai we Ronaldonyň hersiniň 2 gol geçiren oýnunda Çilini 41 utup, ýaryşy dowam etdirýär.

Edil şonuň ýaly netije Daniýa bilen Nigeriýanyň arasyndaky duşuşykda-da hasaba alynýar we ýewropalylar çärýek finala çykýar (Möller 3, B.Laudrup 12, Sand 58, Helweg 76 Babangida 77).

Tapgyryň iň ýatda galan duşuşygy Argentina bilen Angliýanyň arasynda bolup, dartgynly geçen oýnuň esasy wagtynda ýeňiş gazanan bolmaýar (22; Batistuta 6 p, Zanetti 45+1 Şirer 10 p, Owen 16).

Duşuşygyň 16-njy minutynda Oweniň ençeme argentinaly goragçyny aldap, geçiren goly hem-de Bekhamyň gyzyl petek almagy oýnuň esasy wakalary bolýar.Netijede, Argentina penaltilerden soň 43 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Çärýek finalda Italiýa bilen Fransiýanyň arasyndaky oýunda hasap açylmaýar.Penalti urgularynyň netijesinde ýer eýeleri Fransiýa ýarym finala çykýar (43). Şeýlelikde, Italiýa bassyr 3-nji çempionatynda-da penaltileriň netijesinde ýeňlişe sezewar bolýar. 5 goluň geçirilen duşuşygynda Braziliýa Daniýany kynlyk bilen utýar (32; Bebeto 11, Riwaldo 27, 60 Ýorgensen 2, B.Laudrup 50). 1978-nji ýylyň finalynda duşuşan Niderlandlar bilen Argentinanyň arasyndaky oýunda ýeňiş bu sapar ýewropalylaryň tarapynda bolýar.

Klaudio Lopesiň (18) goluna niderlandlar Kluiwert (12) hem-de Bergkampyň (89) takyk urgulary bilen jogap berýär.Dünýä Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan Horwatiýanyň ýygyndysy garaşylmadyk ýagdaýda Germaniýany 30 (Ýarni 45+3, Wlaowiç 80, Şuker 85) hasabynda utup, hemmeleri geň galdyrýar.

Ýarym finalda esasy wagty 11 (Ronaldo 45 Kluiwert 87) gutaran duşuşykda Braziliýa Niderlandlary penaltileriň netijesinde 42 hasabynda ýeňýär we bassyr 2-nji, umumylykda 6-njy gezek finala çykýar.

Beýleki ýarym finalda debýutant Horwatiýa ýer eýeleri Fransiýa bilen duşuşýar. 46-njy minutda Dawor Şukeriň goly bilen öňe saýlanan horwatlara fransuzlar Lilian Turamyň 47-nji hem-de 69-njy minutlardaky gollary bilen jogap berýär.

Fransiýa Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek finala çykýar.

Finalda öň oýnalan 3-nji ýer üçin duşuşykda Niderlandlar bilen Horwatiýa duşuşýar. 1-nji ýarymda geçirilen 3 goluň netijesinde Horwatiýa 2-1 (Prosineçki 13, Şuker 35 Zenden 21) hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek gatnaşan çempionatynda bürünç medala mynasyp bolýar.

12-nji iýulda Parižiň etegindäki Sen Deni diýlen ýerde ýerleşýän “Stade de France” stadionynda oýnalan finalda soňky çempion Braziliýa bilen ýer eýeleri Fransiýa duşuşýar. 75 müň janköýeriň şaýatlygynda geçen duşuşyga marokkoly Said Belkola eminlik edýär.

Duşuşykdan öň, çempionatyň ýyldyzy, braziliýaly Ronaldonyň meýdança çykyp-çykmajakdygy barada dürli gürrüňler edilýär. Ýöne Ronaldonyň meýdança çykmagy-da brazilleri üçin ýeterlik bolmaýar. Çekeleşikli geçen oýunda Fransiýanyň ýygyndysy öz janköýerleriniň şaýatlygynda 3-0 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Gollary 27-nji we 45+1-nji minutlarda Zinedin Zidan hem-de 90+3-nji minutda Emanuel Peti geçirýär.Duşuşygyň 68-nji minutda Fransiýanyň merkezi goragçysy Marsel Dezail gyzyl kart alýar.

Oýnuň dowamynda braziliýaly Luiz Ronaldo örän amatly pursatlaryň 2-3 sanysyndan peýdalanyp bilmeýär. Şeýlelikde, Dünýä Kubogyny esaslandyran Žul Rimäniň arzuwy ahyry hasyl bolýar.Fransiýa Dünýä Kubogyny ýer eýesi hökmünde asmana göteren 6-njy ýurt, şol sanda çempionlyk gazanan 7-nji ýygyndy hökmünde taryha girýär.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR

“A”: Braziliýa Şotlandiýa: 2-1, Marokko Norwegiýa: 2-2, Şotlandiýa Norwegiýa: 1-1, Braziliýa Marokko: 3-0, Braziliýa Norwegiýa: 1-2, Şotlandiýa Marokko: 0-3; “B”: Italiýa Çili: 2-2, Kamerun Awstriýa: 1-1, Çili Awstriýa: 1-1, Italiýa Kamerun: 3-0, Italiýa Awstriýa: 2-1, Çili Kamerun: 1-1; “C”: S.

Arabystany Daniýa: 0-1, Fransiýa GAR: 3-0, GAR Daniýa: 1-1, Fransiýa S.Arabystany: 4-0, Fransiýa Daniýa: 2-1, GARS.Arabystany: 2-2; “D”: Paragwaý Bolgariýa: 0-0, Ispaniýa Nigeriýa: 2-3, Nigeriýa Bolgariýa: 1-0, Ispaniýa Paragwaý: 0-0, Nigeriýa Paragwaý: 1-3, Ispaniýa Bolgariýa: 6-1; “E”: G.

Koreýa Meksika: 1-3, Niderlandlar Belgiýa: 0-0, Belgiýa Meksika: 2-2, Niderlandlar G.Koreýa: 5-0, Niderlandlar Meksika: 2-2, Belgiýa G.Koreýa: 1-1; “F”: Ýugoslawiýa- Eýran: 1-0, Germaniýa ABŞ: 2-0, Germaniýa Ýugoslawiýa: 2-2, ABŞ-Eýran: 1-2, ABŞ-Ýugoslawiýa: 0-1, Germaniýa Eýran: 1-0; “G”: Angliýa Tunis: 2-0, RumyniýaKolumbiýa: 1-0, Kolumbiýa Tunis: 1-0, Rumyniýa Angliýa: 2-1, Kolumbiýa Angliýa: 0-2, Rumyniýa Tunis: 1-1; “H”: Argentina Ýaponiýa: 1-0, Ýamaýka Horwatiýa: 1-3, Ýaponiýa Horwatiýa: 0-1, Argentina Ýamaýka: 5-0, Argentina Horwatiýa: 1-0, Ýaponiýa Ýamaýka: 1-2

1/8 FINAL: Italiýa Norwegiýa: 1-0, Braziliýa Çili: 4-1, Fransiýa Paragwaý: 1-0 (g.w.), Nigeriýa Daniýa: 1-4, Germaniýa Meksika: 2-1, Niderlandlar Ýugoslawiýa: 2-1, Rumyniýa Horwatiýa: 0-1, Argentina Angliýa: 2-2 (g.w.), 4-3 (p)

ÇÄRÝEK FINAL: Italiýa Fransiýa: 0-0 (g.w.), 3-4 (p), Braziliýa Daniýa: 3-2, Niderlandlar Argentina: 2-1, Germaniýa Horwatiýa: 0-3

ÝARYM FINAL: Braziliýa Niderlandlar: 1-1 (g.w.), 4-2 (p), Fransiýa Horwatiýa: 2-1

3-nji ÝER ÜÇIN: Niderlandlar Horwatiýa: 1-2

FINAL: Braziliýa Fransiýa: 0-3

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Horwatiýa, Ýaponiýa, Ýamaýka, Günorta Afrika döwletleri ilkinji gezek gatnaşýar.

* Fransiýa ýer eýesi hökmünde çempion bolan 1978-nji ýyldan soň ilkinji, umumylykda bolsa 6-njy ýurt (Urugwaý, Italiýa, Angliýa, Germaniýa, Argentina) bolýar.

* Ilkinji sapar Dünýä Kubogyna 32 ýygyndy gatnaşýar.

* Duşuşyklar 9 şäherdäki 10 stadionda geçirilýär.

* Awstriýa toparçadaky 3 duşuşygynda-da 90-njy minutdan soň hasaby deňleýär.

* Saud Arabystany, Tunis we Günorta Koreýanyň milli ýygyndylarynyň tälimçileri toparçalardaky 2-nji oýunlardan soň çalşyrylyp, olaryň ornuna bellenen tälimçiler bilen 3 toparam soňky duşuşyklarynda deňme-deň oýnaýar.

* Saýlama oýunlaryna 174 topar gatnaşyp, 643 duşuşyk oýnalýar we bu oýunlara jemi 15 million janköýer tomaşa edýär.

* Bartes, Çilawert, Roberto Karlos, Dezail, Turam, F. De Bur, Gamarra, Dunga, Riwaldo, M. Laudrup, Zidan, Dawids, Ronaldo, Şuker, B. Laudrup, D. Bergkamp dagy çempionatyň simwoliki toparyna saýlanýar.

* Utulan-çykdy tapgyrlarynda ýeňijini kesgitlemek üçin “Altyn gol” ulgamy girizilýär. Çempionatda diňe 1 duşuşyk “Altyn gol” esasynda ýeňijini kesgitleýär (FransiýaParagwaý: 10; Blan 113) .

* Italiýanyň milli ýygyndysy bassyr gezek Dünýä Kubogynda penaltileriň netijesinde ýeňlişe sezewar bolýar.

* Çempionatda Adidasyň “Tricolore” diýilýän toplary ulanylýar.

* 6 gol geçiren horwatiýaly Dawor Şuker çempionatyň iň netijeli oýunçysy bolýar. Braziliýaly Ronaldo çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlanýar. Angliýaly Maýkl Owen iň ökde ýaş oýunçy, fransiýaly Fabian Bartes bolsa iň ökde derwezeçi baýraklaryna laýyk görülýär.

Ýene degişli makalalar

Italiýadan soň Braziliýa (Dünýä Kubogy 1962)
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
BMG Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy
Sportuň taryhynda şu gün 2-nji dekabr
Total futbolyň jemleýji bölümi
Sportuň taryhynda şu gün 10-njy iýul