Total futbolyň jemleýji bölümi

Total futbol taktikasy esasynda yzly-yzyna 2-nji çempionlygyny gazanan Aýaks topary 3-nji kubogy hem asmana göterýär. Ýohan Kroýff we ýoldaşlary bu gezek finalda başga bir italýan toparyny ýeňlişe sezewar edýär.

UEFA-nyň 1-nji derejeli klub ýaryşynda 30 topar gatnaşýar.Utulan-çykdy esasynda geçirilen ýaryş 1973-nji ýylyň 30-njy maýynda şol wagtky Ýugoslawiýanyň paýtagty Belgradda jemlenýär.Bu ýaryşdan soň, Ýewropada täze çempion hem-de täze ýyldyz ýüze çykýar.1-nji tapgyry çempion Aýaks hem-de Spartak Trnawa duşuşyk oýnamazdan geçirýär.

Taryhynda 2-nji gezek gatnaşýan Bawariýa türk topary Galatasaraýy 2 oýunda jemi 71 hasap bilen ýeňýär.Duşuşyklarda Gerd Müller 3 gezek tapawutlanýar.Real Madrid Islandiýanyň Keflawik toparyny 30 we 10 hasaplar bilen ýeňýär. Ýuwentus myhmançylykda Marselden 10 asgyn gelse-de öz meýdançasynda 3 gol geçirip, 2-nji tapgyra çykýar.

Polşanyň çempiony Gurnik Zabže Maltanyň Sliema Wanderers toparyny 2 ýerde-de 50 hasaplar bilen ýeňýär. 2-nji tapgyrda Aýaks Sofiýanyň SSKA toparyny myhmançylykda 31, Amsterdamda-da Kroýffuň 2 gol geçiren oýnunda-da 30 utýar.

Bawariýa 2-nji tapgyrdaky garşydaşy Omoniany Münhende 90, jogap duşuşygynda-da 40 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.Gerd Müller 1-nji oýunda 5, 2-nji duşuşykda 2 gol geçirýär.

Real Madrid myhmançylykda Arjeş Piteşti toparyndan 21 utulsa-da, öz meýdançasynda 31 ýeňip, çärýek finala çykýar. Ýuwentus ilkinji gezek gatnaşýan Magdeburgy 2 ýerde-de 10 hasaplar bilen ýeňýär.Angliýanyň çempiony Derbi Kaunti portugal topary Benfikany öz meýdançasynda 30 ýeňýär we bu ýeňiş çärýek final üçin ýeterlik bolýar. Mundan öňki 2 tapgyrda 20 gol geçiren Bawariýa üçin çärýek final soňky duralga bolýar. Çempion Aýaks güýçli garşydaşyny öz meýdançasynda Haan (2), Mühren hem-de Kroýffuň gollary bilen 40 utýar.

Dinamo Kiýew hem-de Uýpeşt Doža bilen duşuşan Real Madrid bilen Ýuwentus 1-nji oýunlaryny 00 oýnap, jogap duşuşyklarynda özlerine gerek bolan netijäni gazanmagy başardylar.Real 30 utsa, Ýuwentus 22 deňme-deň oýnap, myhmançylykda geçiren gollarynyň artykmaçlygy bilen ýarym finala çykýar.

Liganyň täze wekili Derbi Kaunti myhmançylykda Spartak Trnawadan 10 asgyn gelýär. Ýöne Angliýada Hektoryň 2 goly bilen 20 ýeňiş gazanan Derbi Kaunti ýarym finala adyny ýazdyrýar. Ýarym finalda Aýaks topary Bawariýadan soň, Real Madridi hem ýaryşdan çykarýar. Öz meýdançasynda 21 (Hulşoff 67, Krol 77 — Pirri 84) utan Aýaks, myhmançylykda-da Mühreniň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňýär. Ýuwentus öz meýdançasynda Derbi Kauntini Altafininiň (2) hem-de Kausionyň gollary bilen 31 ýeňýär.

Angliýadaky duşuşykda-da gol hasaba alynmaýar.Taryhynda yzly-yzyna 3-nji gezek finala çykan Aýaks bilen bu üstünlige ilkinji sapar ýeten Ýuwentusyň arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyk şol wagtky Ýugoslawiýanyň paýtagty Belgraddaky Srwena Zwezda stadionynda oýnalýar. 89 484 janköýeriň şaýatlygyndaky oýna ýerli Miliwoýe Gugulowiç eminlik edýär. Çekeleşikli geçen oýnuň ýeňijisini ýeke-täk gol kesgitleýär. Şol goly-da 5-nji minutda Jonni Rep derwezä girizýär. Şondan soň, tutuşlygyna italýan futbolçylardan düzülen esasy düzüm bilen meýdança çykan italýan klubunyň eden tagallalary hasaby deňlemek üçin ýeterlik bolýar. Şeýlelikde, 10 hasabynda ýeňiş gazanan Aýaks kluby total futbol bilen 2-nji gezek katanaççiony ýeňmegi başarýar.

Galyberse-de, ýene-de rumyniýaly Ştefan Kowaçyň tälimçiligindäki Aýaks Real Madridden soň, kubogy yzly-yzyna 3 gezek eýelän 2-nji topar hökmünde hasaba alynýar.Ýaryşyň çärýek finalynda utulan Bawariýanyň super ýyldyzy Gerd Müller 11 gol geçirip, bäsleşigiň iň netijeli futbolçysy bolýar.

Bu bolsa Ýewropada täze çempionyň ýüze çykjakdygyny aňladýar.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Ýunaýted” “Çelsiniň” ýyldyzyny transfer etdi
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
Meşhur topar 3-nji liga düşdi
Türkmenistan: Sport bu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 15 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
189 günde 93 duşuşyga tomaşa etdi
189 günde 93 duşuşyga tomaşa etdi