FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar

Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşy bolan Angliýanyň FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi. 1/16 finalyň iň esasy duşuşygy “Premier Ligada” 12-nji orunlarda barýan “Liwerpul” bilen “Mançester Ýunaýted” klublarynyň arasynda bolar.

Duşuşyk “Old Traffordda” oýnalar.Mundan öňki tapgyrda “Derbi Kauntini” ýeňip, hemmäni geň galdyran 6-njy diwiziýanyň wekili “Çorli” topary 1/16 finalda “Wulwerhempton” bilen duşuşar.Kubogyň soňky eýesi “Arsenalyň” garşydaşy “Southempton”“Şrusberi” toparlarynyň arasyndaky oýundan soň belli bolar. “Mançester Siti” bolsa 1/8 finala çykmak ugrunda 4-nji diwiziýanyň wekili “Çeltnem” topary bilen güýç synanyşar. Şeýle-de, “Çelsi” topary 2-nji liganyň wekili “Luton” topary bilen duşuşar. 140-nji gezek geçirilýän FA Kubogynda 1/16 finalyň oýunlary 2225-nji ýanwarda oýnalar.

1/16 finalyň duşuşyklary:

Mançester Ýunaýted Liwerpul

Çeltnem Mançester Siti

Bornmut Kroli

Swansi Nottingem Forest

Barnsli Norwiç

Southempton/Şrusberi Arsenal

Çorli Wulwerhempton

Milwoll Bristol

Braýton Blekpul

Wikom Tottenham

Fulham Býornli

Şeffild Ýunaýted Plimut

Çelsi Luton

Stokport/West Ham Donkaster

Brentford Lester

Ewerton Şeffild Wensdeý

The post FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy