“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy

Angliýanyň Liga Kubogy (EFL Cup) ýaryşynda 3-nji tapgyryň duşuşyklayr geçirildi.Bu tapgyrda Londonyň ähli kluby diýen ýaly utulyp ýaryşdan çykdy.Tapgyryň iň esasy oýnunda “Mançester Siti” topary “Çelsini” Mahrez we Alwaresiň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şonuň ýaly “Arsenal” hem öz meýdançasynda “Braýtondan” 3-1 hasabynda asgyn geldi. “Tottenham” topary-da “Nottingam Forestden” 2-0 utulyp, şu möwsümlik ýaryş bilen hoşlaşdy. “Nottingam” toparyna ýeňiş getiren gollary Lodi bilen Lingard geçirdi.

Esasy wagty 2-2 tamamlanan oýundan soň “West Ham” topary hem 2-nji liganyň wekili “Bläkbörn Rowersden” penaltileriň netijesinden utuldy (9-10).Londonyň başga bir wekili “Kristal Palas” hem myhmançylykda “Nýukasldan” penaltileriň netijesinde asgyn geldi (0-0, 3-2 p). “Brentford” topary-da öz meýdançasynda 4-nji liganyň wekili “Jillingamdan” penaltilerden soň ýeňildi (1-1, 5-6 p). Ýaryşy dowam etdirjek ýeke-täk London wekili 3-nji ligada çykyş edýän “Çarlton Atletik” topary bolup, ol 4-nji liganyň wekili “Stiweneýj” toparyny penaltilerden soň ýeňlişe sezewar etdi (1-1, 5-4 p).

Kubogyň soňky eýesi “Liwerpul” 3-nji ligada çykyş edýän “Derbi Kaunti” toparyny esasy wagty golsuz geçen duşuşykdan soň penaltiler bilen ýeňmegi başardy (0-0, 3-2 p). Şeýle-de “Wulwerhempton” “Lidsi” 1-0, “Southempton” “Şeffild Wednezdeýi” penaltilerden soň (1-1, 6-5 p), “Bornmut” “Ewertony 4-1, “Lester” “Nýuport Kauntrini” 3-0, “Börnli” “Krowli Tauny” 3-1, “Linkoln Siti” “Bristol Sitini” 3-1 hasaplar bilen ýeňip, 4-nji tapgyra çykdy. 3-nji tapgyr şu gijeki “Mançester Ýunaýted”“Aston Willa” duşuşygy bilen tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
9 golly duşuşyk
GEZEGEN FUTBOLÇYLAR
Futbol bilen hoşlaşan ýyldyzlar
Emeli aň tehnologiýaly kompýuter
Gülgüne älemgoşar