“Çelsi” täze tälimçisini tapdy

“Çelsi” täze tälimçisini tapdy

Täze ýylyň ilkinji gününde Enzo Mareskany wezipesinden boşadan Angliýanyň “Çelsi” topary täze tälimçisini tapdy.London şäheriniň wekili “Ligue 1”-de “Strasbur” toparyny türgenleşdirýän 41 ýaşyndaky angliýaly Liam Roseniory toparyň tälimçiligine belledi. Ýaş tälimçi “Çelsi” bilen 2032-nji ýylyň tomsuna çenli, ýagny 6 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Rosenior “Strasbur” toparyndan öň Angliýada “Derbi Kaunti” (2022) hem-de “Hall Siti” (2022-2024) klublaryna-da tälim beripdi.Ol futbolçylyk karýerasy boýunça merkezi goragda oýnap, “Bristol Siti”, “Fulham”, “Reding”, “Ipswiç Tawn”, “Hall Siti”, “Braýton” ýaly klublaryň köýnekçelerini geýdi.

“Strasbur” topary Rosenioryň tälimçiliginde çempionaty 7-nji orunda tamamlap, UEFA Konferensiýa Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy.

Rosenior täze klubundaky ilkinji synagyny ertir agşam London derbisinde “Fulhama” garşy geçirer.

Ýene degişli makalalar

FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
“Mancester Sitiniň” 64 million funtluk täze hüjümçisi
“Fulham” “Premier Liga” dolandy
Ertir Angliýanyň Premier Ligasynyň täze möwsümi başlanýar