Futbol bilen hoşlaşan ýyldyzlar

Geçen 2017-nji ýylda birnäçe oýunçy professional derejedäki futbolçylyk karýeralaryna soňky nokady goýdy.Olaryň arasynda Totti, Pirlo, Kaka, Çabi Alonso, Lam, Rosiski, Kuýt ýaly futbola uly goşant goşant ägirtler hem bar.Françesko Totti.

Futbolçykyk karýerasyny diňe bir klubda geçiren az sanly oýunçylardan Françesko Totti 41 ýaşyna çenli özüniň göwün beren topary “Romada” oýnady. 1976-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Rimde dünýä inen Totti söýgüli klubunda çärýek asyrlap çykyş etdi. “Romada” 786 oýunda 307 gol geçiren Totti irki ýyllaryň futbolçysy Silwio Pioladan soň, “Serie A-nyň” taryhyndaky iň netijeli 2-nji futbolçydyr (“Serie A-da” 619 oýunda 250 gol, tutuşlygyna 786 oýunda 307 gol).

Totti “Serie A-da” 1 sapar çempion bolup, Italiýanyň Kubogyny we Super Kubogyny-da 2 gezek eýeledi. 2006-njy ýylda 58 gezek çykyş eden milli ýygyndysy Italiýanyň topary bilenem Dünýä Kubogyny asmana göterdi.Andrea Pirlo.

Futbolyň binagäri (“i’architetto”), professory (“il professore”), ussady (“maestro”) ýaly lakamlary bilen tanalýan Andrea Pirlo hem geçen ýyl futbol bilen hoşlaşdy. 1979-njy ýylyň 19-njy maýynda Italiýanyň Flero şäherçesinde doglan Pirlo “Interdir” “Milan” we “Ýuwentusyň” köýnekçesini geýen 4 italýan oýunçynyň biridir.

Karýerasynyň soňky 2 ýylyny ABŞ-da geçiren Pirlo 113 gezek milli toparda çykyş edip, ol 2006-njy ýylda Italiýanyň gazanan dünýä çempionlygyna uly goşant goşdy.Pirlo “Serie A-da” 6, Çempionlar ligasynda 2 gezek çempionlyk gazandy.Rikardo Kaka Leite.

Doly ady Rikardo Izakson dos Santos Leite bolan 35 ýaşly ýarymgoragçy 2001-nji ýylda professional karýerasyna ýurdunyň “Sao Paolo” toparynda başlap, 20032009-njy ýyllar aralygynda “Milanda”, soňra 4 ýyllap “Real Madridde” oýnady. 2013-nji ýyldan soň, täzeden “Milandyr” “Sao Paoloda” hem-de soňky 2 möwsümde-de ABŞ-nyň “Orlando Siti” toparynyň köýnekçesini geýdi.

Klub karýerasynda 654 oýunda 208 pökgi geçiren Kaka 2002-nji ýylda Braziliýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyny gazananda, ol toparyň bir agzasydy.Milli toparda 92 duşuşyk geçiren Kaka “Serie A-da”, “La Ligada”, Çempionlar ligasynda, FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynda, UEFA Super kubogynda ýeňiji boldy.

Ol 2007-nji ýylda “Altyn top” baýragyny-da gazanmagy başardy.Çabi Alonso. 1999/2000 möwsüminde “Real Sosiedadda” başlan karýerasyny “Liwerpul”, “Real Madrid” hem-de “Bawariýa” toparlarynda dowam etdiren ýarymgoragçy 36 ýaşynda futboly taşlady. 1981-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Tolosada dünýä inen Çabi Alonso klublarda 701 oýunda 44 gol geçirdi.

Milli toparynda-da 114 duşuşyk oýnan Alonso Ispaniýa bilen Dünýä Kubogynda 1, Ýewropa çempionatynda-da 2 gezek ýeňiş gazandy. 2 sapar Çempionlar ligasy kubogyny ýokary göteren Alonso Ispaniýadyr Germaniýada-da çempionlyklara eýe boldy.Filip Lam.

Geçen ýyl futbol bilen hoşlaşanlaryň biri-de Filip Lamdyr. 2014-nji ýylda Germaniýanyň ýygyndysy Dünýä çempiony bolanyndan soň, 1983-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Münhende dünýä inen Filip Lam milli toparda soňky sapar çykyş edendigini habar beripdi. Ýöne şol wagt köpler 31 ýaşly goragçynyň ýene-de milli topara dolanjagyna ynam bildiripdi.

Emma Lam 3 ýyldan futboly taşlady oturyberdi.Geçen ýyl “Bundesligada” ýylyň futbolçysy saýlanan Lam 15 ýyllap “Bawariýada” çykyş etdi. 20032005-nji ýyllarda 2 möwsüm “Ştutgartda” kärendesine oýnan Lamyň şahsy kolleksiýasynda ähli kubokdan diýen ýaly bar. 8 gezek “Bundesligada” çempion bolan Lam Çempionlar ligasynda 1 sapar ýeňiş gazandy.Dirk Kuýt. 1980-nji ýylyň 22-nji iýulynda Gollandiýanyň Katwiýk şäherinde dünýä inen Dirk Kuýt 1998-nji ýylda “Kuik Boýsda” futbola başlady. “Utreht” (19982003), “Feýenoord” (200306), “Liwerpul” (200612), “Fenerbahçe” (201215) hem-de ýene-de “Feýenoord” (201517) toparlarynda oýnady.

Ol bu klublarda 799 oýunda 295 gezek tapawutlandy.Milli toparda-da 104 duşuşyk geçirip, 24 goly öz adyna ýazdyrdy.Türkiýede we Gollandiýada çempion bolan Kuýt Dünýä Kubogynda 2010-njy ýylda kümüş, 2014-nji ýylda-da bürünç medal gazandy.Tomas Rosiski. Çeh futbolynyň soňky ýyllardaky esasy ýyldyzlaryndan Tomas Rosiski hem 19 ýyllyk karýerasyny geçen ýyl jemledi.

Futbola 1998-nji ýylda öz dogduk şäheri Praganyň “Sparta” toparynda başlan 37 ýaşly Rosiski karýerasyny ýene-de şol klubda tamamlady. 2001-nji ýylda Dortmundyň “Borussiýasyna” geçen Rosiski 20062016-njy ýyllar aralygynda “Arsenalyň” esasy ýyldyzy boldy.

Bu klublarda 516 oýunda 66 gol geçiren Rosiski Çehiýada 2, Germaniýada-da 1 çempionlyk gazandy.Rosiski Çehiýanyň ýygyndysynda-da 105 oýunda 23 goly geçirdi.Alwaro Arbeloa. 2002-nji ýylda “Real Madridiň” 3-nji toparynda futbola başlan Alwaro Arbeloa 1983-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Salamankada dünýä inýär. 2006-njy ýyla çenli “Realda” çykyş eden Arbeloa 1 möwsüm “Deportiwoda”, 20072009-njy ýyllarda-da “Liwerpulda” oýnady. 2009-njy ýylda-da “Reala” dolanan gapdal goragçy futboldaky soňky möwsümini “West Hamda” geçirdi.

Klublarda 443 oýun oýnady.Ispaniýa bilen Dünýäniň çempiony, Ýewropanyň 2 gezek çempiony bolmagy başardy. “Real Madrid” bilen Çempionlar ligasy kubogyny-da 2 sapar asmana göterdi.Martin Demiçelis. 1980-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Argentinada dünýä inen Demiçelis “Riwer Pleýt” (200003), “Bawariýa” (200310), “Malaga” (201113), “Mançester Siti” (201316), “Espanýol” (201617) hem-de ýene-de “Malaga” (2017) toparlarynda oýnady. 548 oýunda 31 gol geçirdi.

Milli toparda 51 oýunda meýdança çykdy. “Bundesliganyň”, “Premier liganyň” çempiony bolýar.Tiago Mendes. 1981-nji ýylyň 2-nji maýynda Wiana de Kaştelýu şäherçesinde (Portugaliýa) doglan Tiago Kardoso Mendes 1999-njy ýylda “Bragada” futbola başlady.

Soňlugy bilen “Benfika” (200204), “Çelsi” (200405), “Lion” (200507), “Ýuwentus” (200711), “Atletiko Madrid” (201011, 201117) toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. 561 oýunda 64 gezek tapawutlandy. “Premier ligada”, “Ligue 1-de”, “La Ligada” çempion boldy. Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanan Mendes milli toparda 67 oýun geçirdi.Ze Roberto. 1974-nji ýylyň 6-njy iýulynda Braziliýanyň Sao Paolo şäherinde dünýä inen Žoze Roberto da Silwa Junior “Portuguese”, “Real Madrid”, “Flamengo”, “Baýer”, “Santos”, “Bawariýa”, “Hamburg”, “Al-Garafa”, “Gremio” we “Palmeiras” toparlarynda oýnady (849 oýun, 86 gol). 23 ýyllyk karýerasynda milli ýygyndyda 84 duşuşyk geçirdi.Antonio Kassano.

Gopgunly hereketleri bilen özüni tanadan italiýaly Antonio Kassanonyň futboly taşlaýşy hem gopgunsyz bolmady.Ilki taşlady, soň ýene-de dowam eden 35 ýaşly ýyldyz hüjümçi 1999-njy ýylda “Baride” futbola başlap, soňra degişlilikde, “Roma” (200106), “Real Madrid” (200608), “Sampdoria” (200708, 200811, 201517), “Milan” (201112), “Inter” (201213), “Parma” (201315) toparlarynda oýnady. 514 oýunda 141 gol geçirdi.

Milli toparda-da 39 duşuşyga gatnaşdy.Aleksandr Keržakow. “Zenitde” futbola başlap, şol klubda-da taşlan Alekandr Keržakow 1982-nji ýylyň 27-nji noýabrynda dünýä inýär. “Zenitden” (200106, 201017) başga-da “Sewilýa” (2006-08), “Dinamo Moskwa” (200810) hem-de “Sürih” (kärendesine, 201516) toparlarynda-da oýnan hüjümçi 504 oýunda 202 gol geçirdi.BEÝLEKILER. Şeýle-de, Italiýaly ýarymgoragçy Simone Pepe (20012017, “Roma”, “Leçço”, “Teramo”, “Palermo”, “Piaçenza”, “Udineze”, “Kaliari”, “Ýuwentus”, “Kiewo”, “Peskara”), angliýaly ýarymgoragçy Skott Parker (19972017; “Çarlton”, “Norwiç”, “Çelsi”, “Nýukasl”, “West Ham”, “Tottenhem”, “Fulham”), italiýaly ýarymgoragçy Anjela Palombo (20012017, “Fiorentina”, “Inter” “Sampdoria”), angliýaly 38 ýaşyndaky meşhur derwezeçi Pol Robinson (19982017, “Lids”, “Tottenhem”, “Blekbern”, “Bernli”), awstriýaly derwezeçi Aleks Maninger (19952017, “Salsburg”, “Arsenal”, “Fiorentina”, “Siena”, “Ýuwentus”, “Augsburg”), ispaniýaly hüjümçi Miçu (20032017, “Owiedo”, “Selta”, “Raýo”, “Swansi”, “Langrea”) hem-de daniýaly goragçy Tomas Sorensen (20022017, “Lingbi”, “Koge”, AB, “Akranes”, “Lingbi”) dagy geçen 2017-nji ýylda professional futbolçylyk karýeralaryny bes eden beýleki oýunçylardyr.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Transfer täzelikleri
16 ýyldan soň ilkinji gezek möwsümi kuboksyz tamamlar
Lingwistik taýýarlyk: bilimiň möhüm ugry
Ýewropa ligasynda 4 çärýek finalçy belli boldy
92-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri: