16 ýyldan soň ilkinji gezek möwsümi kuboksyz tamamlar

Häzirki wagta çenli karýerasy boýunça 41 kubok gazanan bu ugurda Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyran braziliýaly futbolçy Dani Alwes 16 ýyldan soň ilkinji gezek bir möwsümi kuboksyz tamamlar.

Braziliýanyň çempionatynda soňky tapgyrda “Palmeiras” bilen 1-1 deňme-de oýnan “Sao Paolo” toparynyň çempionlyk gazanmak mümkinçiligi galmady.Karýerasyna klubunda başlan Dani Alwes 2003-nji ýylda Ýewropa yklymyna aralaşýar. “Sewilýada” 5 möwsüm oýnan Alwes 2005/06 möwsüminden bäri azyndan bir kubok gazanyp gelýär.

Futbolyň taryhynda iň köp kubok gazanan oýunçylaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýän Alwes “Sewilýada” UEFA Ýewropa ligasynda 2, UEFA Super Kubogynda 1, Ispaniýa Şa Kubogynda 1 gezek ýeňiji boldy. 2008/09 möwsüminde “Barselona” geçen Alwes katalonlaryň düzüminde 23 kubogy asmana göterdi.

Ol 8 ýylyň dowamynda Çempionlar ligasynda 3, La Ligada 6, Ispaniýanyň Şa Kubogynda 5, Ispaniýanyň Super Kubogynda 3, UEFA Super Kubogynda 3, Dünýä Klublar Kubogynda-da 3 sapar ýeňiş gazandy.

Ondan soň Italiýada bir, Fransiýada iki möwsüm oýnan Dani Alwes “Ýuwentus” bilen 2, PSŽ bilenem 5 kuboga adyny ýazdyrdy. 2019/20 möwsüminde ýurduna dolanan Dani Alwes Braziliýanyň U-20 topary bilen Dünýä Kubogyny gazandy. 2006/07 we 2019/20 möwsümleriniň ahyrynda-da Braziliýanyň ýygyndysy bilen Kopa Amerika kubogyny eýeledi.

The post 16 ýyldan soň ilkinji gezek möwsümi kuboksyz tamamlar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” 33 ýaşyndaky hüjümçini transfer etdi
Transfer täzelikleri
FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy