Transfer täzelikleri

Angliýanyň “Arsenal” topary Nikolas Pepeni rekord baha transfer etdi.Londonlylar kot-d’Iwuarly hüjümçi üçin “Lill” toparyna 80 million ýewro berer.Bu bolsa klubuň taryhyndaky iň gymmat transfer diýmekdir.

Iňlis kluby 24 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Şeýlelikde, Pepe iň ýokary baha transfer edilen afrikaly futbolçy boldy. Şu transfer möwsüminiň hem iň gymmat 5-nji transferi bolan Pepe “Lilll” toparynda 2 ýyl oýnady.

Pepe “Lillde” 79 oýunda 37 gol geçirip, 17 asist etdi. “Arsenal” şu transfer möwsüminde Pepeden ozal, William Saliba, Gabriel Martinelli hem-de Dani Seballos ýaly oýunçylary hem hataryna goşdy.Italiýanyň “Milan” topary soňky günlerde 2 oýunçyny hataryna goşdy.

Rossenerililer Fransiýanyň “Lilll” toparyndan portugaliýaly hüjümçi Rafael Leaony 35 million ýewro transfer etdi. “Milan” topary fransuz klubuna portugaliýaly goragçysy Tiago Jalony hem bermeli bolar.Italýan kluby 20 ýaşly Leoa bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Teo Hernandes, Rade Kruniç ýaly oýunçylary hem düzümine goşan “Milan” Braziliýanyň “Flamengo” toparyndan 23 ýaşly goragçy Leo Duarteni hem 10 million ýewro satyn aldy.Braziliýaly ýyldyz futbolçy Dani Alwes 17 ýyllyk Ýewropa başdan geçirmesini tamamlap, ýurduna dolandy. 36 ýaşly sag gyraky goragçy ýurdunyň meşhur toparlaryndan “Sao Paolo” bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2002-nji ýylda “Bahiadan” “Sewilýa” (20022008) transfer bolan ýyldyz futbolçy “Barselona” (20082016), “Ýuwentus” (20162017) we PSŽ (20172019) klublarynda oýnady.

Karýerasy boýunça 40 kubok galdyran Alwes Braziliýanyň ýygyndysynda-da 115 oýunda 8 gezek tapawutlandy.Italiýaly ýarymgoragçy Daniele De Rossi “Romadaky” 18 ýyllyk karýerasyny tamamlap, Argentinanyň meşhur klublaryndan “Boko Huniorsyň” hataryna goşuldy. 36 ýaşyndaky oýunçy täze kluby bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2006-njy ýylda Italiýanyň ýygyndysy bilen Dünýä çempionlygyny gazanan De Rossi “Romanyň” hatarynda 616 oýunda 63 gol geçirdi.

De Rossi Italiýanyň milli toparynda-da 117 oýun geçirip, ol şolarda 21 gezek tapawutlandy.Fransiýanyň PSŽ topary Angliýanyň “Ewerton” toparynyň senegally ýarymgoragçysy Idrissa Geýeni hataryna goşdy.PSŽ bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşan Geýeniň transfer bahasy 32 million ýewro deň boldy. Ýurdunyň “Diambars” klubunda futbola başlan Geýe “Lill”, “Aston Willa” klublarynyň köýnekçesini geýdi.

Milli toparda 64 gezek meýdança çykan Geýe PSŽ-niň taryhyndaky 53-nji afrikaly, 8-nji senegally futbolçydyr.Angliýanyň “Wolwerhempton” topary “Milanyň” italýan hüjümçisi Patrik Kutroneni 18 million ýewro transfer etdi.

Iňlis kluby 21 ýaşly oýunçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Milanda” 2 möwsümde 63 duşuşyk geçiren ýaş hüjümçi “Serie A-da” 63 oýunda 13 gezek tapawutlandy.Aýratynam 2017/18 möwsüminde oýna soňdan goşulyp, birnäçe duşuşykda “Milany” ýeňlişden halas edipdi.

Italiýanyň ýygyndysynda 1 oýun oýnan Kutrone umumylykda “Milanda” 90 duşuşykda 27 pökgini öz adyna ýazdyrdy.Ganaly ýarymgoragçy Kewin-Prins Boateng “Sassuolo” toparyndan Italiýanyň başga bir topary “Fiorentina” toparyna transfer boldy.

Geçen möwsümiň ikinji ýarymynda “Barselonada” kärendesine oýnan 32 ýaşyndaky oýunçy 2 ýyllyk şertnama gol çekdi.Karýerasy boýunça ýygy-ýygydan topar çalyşýan Boateng “Herta”, “Borussia D”, “Tottenham”, “Portsmut”, “Milan”, “Şalke”, “Las Palmas”, “Aýntraht” klublarynda çykyş etdi.Täze möwsüme o diýen şowly başlap bilmedik Moskwanyň “Spartagy” düzümini germaniýaly Andre Şürrle bilen güýçlendirdi.

Dortmundyň “Borussiýa” toparynyň futbolçysy möwsümiň ahyryna çenli “Spartakda” kärendesine oýnar. 28 ýaşly hüjüme golaý ýarymgoragçy geçen möwsümde Angliýanyň “Fulham” toparynda kärendesine oýnapdy.Ol londonlylaryň düzüminde 25 oýunda 6 gol geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Bundesliga”, “La Liga”, “Premier Liga” şu gije başlaýar, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Krisotf Galtýe barada käbir çaklamalar
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Kristof Galtýe barada käbir çaklamalar
Günüň transfer täzelikleri
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar