Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar

Şu gije Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň 3-si “Premier Liga”, “La Liga”, “Ligue 1”, şol sanda Portugaliýanyň, Niderlandlaryň, Türkiýäniň çempionatlarynyň täze möwsümlerine badalga berler. Italiýadyr Germaniýanyň çempionatylary-da geljek hepdäniň ahyrynda başlar.

Futbolyň watany hasaplanýan Angliýanyň iň ýokary ligasy — Premier Liga dünýäde iň köp tomaşa edilýän çempionat hasaplanýar. Dünýä ýyldyzlaryny özünde jemleýän Premier Liganyň täze möwsümine 32-nji, umumylykda Angliýanyň Ýokary Ligasynyň 125-nji möwsümine badalga berler. 20 klubuň çykyş edýän çempionatyndaky toparlaryň 7-si paýtagt London şäheriniň wekilleridir.

Düzümine o diýen köp oýunçy goşmasa-da, soňky çempion Mançester Siti, şol sanda Arsenal, Liwerpul, Mançester Ýunaýted, tälimçisini täzelän Çelsi toparlary çempionlygyň iň esasy dalaşgärleri hasaplanýar. Çempionlygyň Çempionatdaky klublara tälim berýän tälimçileriň 5-si angliýaly, 4-si ispaniýaly, 2-si uelsli hünärmenlerdir.

Börnli, Şeffild Ýunaýted hem-de Luton Tawn Premier Liganyň täze wekilleri bolup, olaryň iň soňkusy ilkinji gezek Premier Ligada çykyş eder. Başgaça aýdyldan, Luton Tawn Premier Ligada çykyş etjek 51-nji klub bolar. Ol 5-nji liga çenli düşüp, soňlugy bilen Premier Liga wekilçilik edýän ilkinji topar hökmünde hasaba alyndy.

M. SITI: Geçen möwsümi 3 kubok bilen tamamlan Mançester Siti toparynyň çempionlyk ugrundaky iň uly daýanjy gürrüňsiz tälimçi Pep Guardioladyr. Mahrezi, Gündogany klubdan ugradan şäherliler Kowaçiç hem-de Gwardioly düzüme goşdy.

ARSENAL: Tamamlanan möwsümde çempionlygy soňuna çenli kowalap, 250 günden hem gowrak wagt 1-nji orunda galybam, ahyrynda ýeňşi elden gideren Arsenal topary bu gezek çynyny etse gerek. Artetanyň ýolbaşçylygynda klub Džakany ugratsa-da, Kawerts, Raýs, Timber ýaly oýunçylar bilen düzümini hasam güýçlendirdi. Topçular geçen möwsümdäki elden giden çempionlygy almak üçin elde baryny etse gerek.

LIWERPUL: Maneniň gitmeginden soň, dörtlüge düşüp bilmedik “Liwerpul” Soboslai, Mak Allister ýaly ýaş oýunçylary goşdy. Milner, Henderson, Fabinio, Oksleýd-Çemberleýn, Firmino, Keita ýaly ençeme ýyldan bäri çykyş edip ýören ýyldyzlar klubdan gitdi. Şonda-da düzümi güýçli bolan “Liwerpulyň” çempionlyk göreşini soňuna çenli alyp barmagyna garaşylýar.

M. ÝUNAÝTED: Erik Ten Hagyň tälimçiliginde ozalky günlerini küýseýän klubuň janköýerleri topardan çempionlyga garaşýar. Ýaş hüjümçi Hoýlunny transfer eden klub çempion bolup bilmese-de, soňuna çenli bu göreşi dowam etdirer diýlip çaklanylýar.

“ÇELSI”: Geçen möwsüme garanyňda oýunçy transferi babatda oýlanyşykly hereket eden 10-a golaý futbolçysyny-da klubdan ugratdy. Öň Londonyň beýleki sebitinde işlän Maurisio Poçettinony tälimçilige bellän Çelsi topary gürrüňsiz taryhyndaky iň şowsuz geçen möwsümiň öwezini dolmagyň aladasynda bolsa gerek.

“LA LIGANYŇ” 93-nji MÖWSÜMI

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň biri bolan Ispaniýanyň La Ligasynyň hem täze möwsümine şu gije badalga berler.Logotipi üýtgedilen La Liganyň 93-nji möwsüminde-de çempionlygyň 1-nji derejeli dalaşgärleri hemişe bolşy ýaly “Barselona” bilen “Real Madrid” bolar. Çempionatlygyň 2-nji dalaşgäri-de Atletiko Madrid topary hasaplanýar.

Bu 3 kluba “Real Sosiedad”, “Wilýarreal”, belki “Betis”, “Sewilýa” ýaly klublaryň azda-kände päsgel bermegi mümkin.

20 klubly çempionatdaky toparlaryň 4-sinden galanyna ýerli, ýagny ispaniýaly hünärmenler tälim berýär. Granada, Las Palmas hem-de Alawes toparlary gysga wagtlyk arakesmeden çempionata gaýdyp geldiler.

“BARSELONA: Geçen möwsümiň çempiony Barselonanyň iň esasy meselesi maliýe babatdaky kynçylyklar bolar.Klubuň transfer etmegi üçin klubdan käbir oýunçylary ugratmagy zerur bolup durýar. Şol nukdaýnazardan transfer möwsüminide Ilkaý Gündogandan başga meňki bolsun diýiljek oýunçyny düzümine goşmady.

Buskets hem-de Ýordi Albanyň klubdan gitmeginiň oňaýly ýa-da oňaýsyz täsirine şu möwsümiň dowamynda tomaşa ederis. Şol bir wagtyň özünde-de klub duşuşyklaryny “Kamp Nouda” däl-de, şäherdäki beýleki kiçeňräk Olimpiýa stadionynda oýnar.

“REAL MADRID”: Möwsümiň ahyrynda Karlo Ançelottini ugratmaga taýýarlyk görýän “Real Madrid” topary hemişekiler ýaly ähli ýaryşlaryň esasy faworitleriniň biridir. Transfer möwsüminde Bellingam, Arda Güler, Hoselu, Brahim Diaz ýaly oýunçylary düzüme goşan madridliler tejribeli tälimçisine bil baglaýar. Topardan Benzema, Asensio, şol sanda Hazar ugradyldy.

“ATLETIKO”: Diego Simeoneniň tälimçiliginde 13-nji ýylyna gadam basan klub Realdyr Barselonanyň ýalňyşaryna garaşýar. Olaryň ýalňyşyndan 2 gezek ýerlikli peýdalanan klub transfer möwsüminde Söýünjü, Azpilikueta, Mourinýo ýaly oýunçylary düzümine goşdy.

PSŽ we BEÝLEKILER

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň hatarynda görkezilýän, ýöne soňky sanawda 6-njy orna düşen Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de täze möwsümdäki iň uly üýtgeşiklik çempionatdaky klub sanynyň 20-den 18-e düşürilmegi boldy. Ykdysady ýagdaýlar göz öňünde tutulyp gelnen şeýle netijä görä, “Ligue 1”-iň täze 86-njy möwsüminde 18 klub çykyş eder.

Çempionatdaky 18 klubuň tälimçileriniň deň ýarysy ýerli hünärmenler bolup, 3 topary ispaniýaly tälimçi türgenleşdirer.

Geçen möwsüm 4 klub aşaky liga düşüp, olaryň ornuna 2 klub “Le Hawr” bilen “Mets” klublary “Ligue 1”-e çykdy. “Le Hawr” topary 14 ýyldan soň ýokary liga çykmagy başardy.

Derbisiz çempionatlaryň biri bolan “Ligue 1”-de bir şähere wekilçilik edýän 2 klub ýok. Çempionat soňky ýyllarda PSŽ-niň agdyklygynda geçýänem bolsa, wagtal-wagtal garaşylmadyk çempionlar hem ýüze çykýar.

“PARI SEN-ŽERMEN”: Luis Enrikäni tälimçilige bellän PSŽ topary esasy dalaşgär hasaplanýar.Maliýe fair-play düzgünlerine göre hereket etmeli bolýan PSŽ-niň iň uly meselesi Kilian Mbappeniň transferidir.

Klub oýunçynyň klubdan gitmegine razy, ýöne iň bolmanda topara pul gazandyryp gitmegini isleýär.Häzirki wagtda ýaşlar düzümi bilen türgenleşik geçýän Mbappeniň ykbaly öňümizdäki günlerde belli bolar.Messidir Ramosyň gitmeginden soň klub Asensio, Ekitike, Ugarte, Şkriniar, Lukas Hernandes, Ramuş ýaly ýaş futbolçylary transfer etdi.

BEÝLEKILER: PSŽ çempionlyk gazanyp bilmedik ýagdaýynda “Marsel”, “Lion”, “Lans”, “Lill”, hatda “Monako” klublary çempionlygyň beýleki dalaşgärleri hasaplanýar. PSŽ toparyna geçen möwsümde ýeňillik bilen çempionlyk gazanmak başartmady.

Ýene degişli makalalar

ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Ýeňlişsiz topar galmady
Super “Lill”
Ýewropada haýsy çempionat haçan başlaýar?
Klub sany 20-den 18-e düşüriler