Mbappeniň 100-nji goly, Messiden, Ronaldodan, Ibrahimowiçden öňe geçdi

Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de çempionlyk ugrunda ýiti göreş dowam edýär.Sanawyň lideri “Lilliň” öz meýdançasynda “Nimden” 1-2 (Şeka 20 Kone 12, Ripar 45) utulan tapgyrynda PSŽ myhmançylykda “Lion” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda parižliler 4-2 hasap bilen ýeňşini baýram etdi.

PSŽ toparyna ýeňiş getiren gollary Kilian Mbappe (15, 52), Pereýra (32) hem-de Di Mariýa (47) derwezä girizdi. “Lionyň” gollaryny Slimani (62) bilen Korne (81) öz atlaryna ýazdyrdylar.Duşuşykda 2 gol geçiren Mbappeniň çempionatdaky gollarynyň sany 100-e ýetdi. 22 ýaşynda (22 ýaş 91 günde) 100 gol geçiren Mbappe bu ugurda Messiden (23 ýaş 149 günde 100 gol), Lewandowskiden (24 ýaş 200 günde 100 gol), Ronaldodan (25 ýaş 22 günde 100 gol) hem-de Ibrahimowiçden (26 ýaş 102 günde 100 gol) öňe saýlandy.

Bu ýeňişden soň, utugyny 63-e çykaryp, “Lill” bilen deňleşen PSŽ sanawyň birinji basgançagyna geçdi.

The post Mbappeniň 100-nji goly, Messiden, Ronaldodan, Ibrahimowiçden öňe geçdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Çernogoriýanyň wise-premýeri we daşary işler ministrini kabul etdi
Çempionlar Ligasynda 5 dürli klub bilen gol geçiren 3-nji futbolçy
Ibrahimowiçiň ogly kakasynyň ýoluna eýerýär
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ronaldu 2023-nji ýylda dünýäniň iň köp pul gazanan sportçusy boldy
Marca: Mbappe Real bilen 5 ýyllyň şertnama gol çekişdi