Marca: Mbappe Real bilen 5 ýyllyň şertnama gol çekişdi

Marca: Mbappe Real bilen 5 ýyllyň şertnama gol çekişdi

Ispaniýanyň Marca gazetiniň habar bermegine görä, fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe Madridiň Real kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşmak barada ylalaşdy. Şertnama 2024-nji ýylyň tomsunda, haçan-da Mbappeniň PSŽ bilen şertnamasy gutarandan soňra güýje girer.

25 ýaşly Mbappe Realyň düzümine erkin agent hökmünde goşular. Marcanyň ýazmagyna görä, Mbappe möwsümiň soňunda topary terk etjekdigi barada PSŽ-niň prezidentine mälim etdi.

Mbappe PSŽ bilen Fransiýanyň bäş gezek çempiony boldy. Üç gezek ýurduň Kubogyny hem-de Superkubogyny eýeledi. Şeýle-de iki gezek Fransiýanyň Liga kubogyna mynasyp boldy.

Ol Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2018-nj ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala eýe boldy. DÇ-2022-de bolsa 8 gol bilen ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy we kümüş medala mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
PSŽ öňki super ýyldyzyna 55 million ýewro tölemäge borçly edildi
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
Ýamal iň ökde ýaş futbolçy, Keýn bilen Mbappe baýragy paýlaşdylar
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy