“The Best FIFA Awards 2025”-iň ýeňijileri mälim edildi

“The Best FIFA Awards  2025”-iň ýeňijileri mälim edildi

Dünýä futbolynyň iň uly guramaçylygy bolan FIFA ýylyň ökdelerini saýlady.Kataryň paýtagty Dohada geçirilen dabarada “The Best FIFA Awards” baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi.Futbolyň öňki-soňky ýyldyzlarynyň gatnaşan dabarasynda 2025-nji ýylyň iň ökde futbolçysy diýlip, PSŽ-niň fransiýaly oýunçysy Usman Dembele saýlandy.

Dembele bu ugurda Lamin Ýamal bilen Kilian Mbappeni yzda galdyrdy. 26 ýaşyndaky winger şu ýylda gazanyp boljak ähli şahsy baýraklaryň eýesi boldy.

Erkekleriň arasynda ýylyň tälimçisi diýlip, PSŽ toparynyň ispaniýaly hünärmeni Luis Enrike saýlandy. Toparyň öňki, “Mançester Sitiniň” häzirki derwezeçisi Janluiji Donnarumma ýylyň derwezeçisi diýen baýraga laýyk görüldi.

Ýylyň iň owadan goluna berilýän Puşkaş baýragy “Independiente” toparynyň argentinaly oýunçysy Santiago Montiele gowşuryldy.

Zenanlaryň arasynda ýylyň iň ökde oýunçysy diýlip ýene-de “Barselonanyň” ispaniýaly ýyldyzy Aitana Bonmati saýlandy. Ol bassyr 3-nji gezek bu baýraga mynasyp boldy. Zenanlaryň arasynda “Çelsi” toparyndan Hanna Hampton ýylyň derwezeçisi diýlip yglan edildi.

Zenan futbolynda ýylyň tälimçisi baýragyna Angliýanyň milli ýygyndysynyň niderland tälimçisi Sarina Wigman laýyk görüldi. Ol bu baýraga 2017-nji, 2020-nji, 2022-nji, 2023-nji ýyllardan soň 5-nji gezek mynasyp bolýar.

Zenan futbolçylaryň geçiren gollarynyň arasyndan iň owadan diýlip Meksikanyň UANL toparynyň oýunçysy Lizbet Owalleniň goly saýlandy we ol Marta baýragy bilen sylaglandy.

Erkekleriň arasynda ýylyň simwolik toparyna Janluiji Donnarumma, Nunu Mendeş, Wirjil Wan Deýk, Willian Paço, Aşraf Hakimi, Jud Bellingam, Pedri, Witinýa, Koul Palmer, Usman Dembele, Lamin Ýamal dagy saýlandy.

Diňe angliýaly hem-de ispaniýaly futbolçylardan düzülen zenanlaryň simwolik ýygyndysyna Hannah Hampton, Lusi Bronz, Lea Williamson, Irene Parades, Ona Batlle, Klaudia Pina, Patri Guihara, Aitana Bonmati, Aleksia Putelýas, Alessia Russo, Mariona Kaldenti ýaly oýunçylar alyndy.

Ýene degişli makalalar

“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Türkmenistan 4G LTE torunyň sanly hyzmatlaryna elýeterliligi artdyrmagy dowam etdirýär, Aşgabatda ilkinji gezek rus dili boýunça olimpiada geçiriler, Türkmenistanyň wekilleri BSG-e girmek bilen baglanyşykly okuwlary geçdiler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň BAE-de geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-de geçiren ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň U-20 ýaşlar ýygyndysy Amman şäherine ugrady
Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-däki ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda hem ýeňiş gazandy