Futbolyň hojaýny FIFA tarapyndan berilýän The Best baýraklarynyň bu ýylky dalaşgärleri mälim edildi.Erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgär görkezilen 11 futbolçynyň 4-si Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi PSŽ-niň futbolçylary bolup, olar “Altyn top” baýragyny gazanan Usman Dembele, Aşrah Hakimi, Nunu Mendeş hem-de Witinýa dagydyr. “Barselonadan” hem 3 futbolçy Pedri, Rafinýa we Lamin Ýamal dalaşgär görkezildi. “Bawariýanyň” iňlis hüjümçisi Harri Keýn bilen “Premier Ligadan” “Liwerpulyň” müsürli ýyldyzy Mohamed Salah hem-de “Çelsiniň” ýaş oýunçysy Koul Palmer “The Best FIFA” baýragyna dalaşgärlige hödürlendi.
Sanawa alnan futbolçylaryň 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgustyna çenli görkezen başarnyklary göz öňünde tutuldy.
Şeýle-de, erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyna-da 7 hünärmen dalaşgär görkezildi: Arne Slot, Enzo Mareska, Hansi Flik , Robert Martines, Mikel Arteta, Luiz Enrike hem-de Hawier Agirre.
Bulardan başga-da iň gowy goragçy, iň gowy derwezeçi, iň gowy hüjümçi baýraklarynyň, şol sanda zenanlaryň arasynda-da iň gowy futbolçy, tälimçi, derwezeçi, goragçy, hüjümçi ýaly ugurlaryň dalaşgärleri-de mälim edildi.
Iň gowy erkek futbolçy baýragynyň dalaşgärleri:
Usman Dembele (Fransiýa) PSŽ
Aşraf Hakimi (Marokko) PSŽ
Harri Keýn (Angliýa) Bawariýa
Kilian Mbappe (Fransiýa) Real Madrid
Nunu Mendeş (Portugaliýa) PSŽ
Koul Palmer (Angliýa) Çelsi
Pedri (Ispaniýa) Barselona
Rafinýa (Braziliýa) Barselona
Mohamed Salah (Müsür) Liwerpul
Witinýa (Portugaliýa) PSŽ
Lamin Ýamal (Ispaniýa) Barselona
Iň gowy erkek tälimçi baýragynyň dalaşgärleri:
Arne Slot Liwerpul
Enzo Mareska Çelsi
Hansi Flik Barselona
Robert Martines – Portugaliýanyň ýygyndysy
Mikel Arteta Arsenal
Luiz Enrike PSŽ
Hawier Agirre Meksikanyň ýygyndysy