16 duşuşyk 48 gol

UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsüme badalga berlip, toparçalardaky ilkinji duşuşyklar geçirildi.Oýnalan 16 duşuşykda 48 gol hasaba alyndy.Duşuşyklaryň 5-si deňlikde tamamlanyp, şolaryň birinde-de hasap açylmady. 4 oýunda myhmanlar, 7 duşuşykda-da ýer eýeleri ýeňşini baýram etdi. Ýaryşa gatnaşýan 5 ispan klubunyň 2-si ýeňiş gazanyp, 3-si deňme-deň oýnady.

Italýan klublary 1-nji tapgyry 1 ýeňiş, 3 deňlik bilen tamamladylar.Nemes klublarynyň 2-si ýeňen bolsa, 2-si ýeňlişe sezewar boldy.Iňlis klublarynyň 2-si ýeňip, 1 topary utuldy, 1 topary-da deňme-deň oýnady.

35 oýundan bäri ýeňilmän gelýär

“A” toparçada tapgyryň iň esasy hasaplanýan duşuşygynda 7 gol geçirildi. Çekeleşikli geçen oýunda “Bawariýa” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” 4-3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Münhenlilere ýeňiş getiren gollary Sane (28), Gnabri (32), Keýn (53 p) hem-de Tel (90+2) geçirdi. 44 ýyldan soň ilkinji sapar yzly-yzyna 3 duşuşygyň hersinde 3 gol geçirden “Mançester Ýunaýtediň” adyndan Heýlund (49) hem-de Kazemiro (88, 90+5) tapawutlandy. “Bawariýa” toparçalarda 35 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.

Toparçadaky beýleki duşuşykda “Galatasaraý” bilen “Kopengagen” duşuşdy.Myhmanlar 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, soňky minutlarda 2 gol geçirdip, ýeňşi elden giderdi.

“B” toparçada 6 ýyldan soň Çempionlar Ligasyna dolanan “Arsenal” topary PSW-niň derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirdi. Gollary Saka, Trossar, Gabriel Žesus hem-de Edegor öz atlaryna ýazdyrdylar. “Sewilýa” bilen “Lansyň” arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady (1-1).

“C” toparçada “Real Madrid” toparyna ýaryşyň debýutantyny ýeňmek juda kyn düşdi. 90+4-nji minutda Bellingamyň geçiren goly bilen 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” nemes klubuna garşy 30 urgy geçirdi. “Braga” bolsa öz meýdançasynda “Napoliden” 2-1 hasabynda asgyn geldi. “Napoli” toparyna ýeňiş getiren goly 88-nji minutda “Braganyň” oýunçysy Niakate ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçirdi.

“D” toparçada ýaryşyň wise-çempiony Inter” myhmançylykda “Real Sosiedad” bilen duşuşyp, soňky minutlarda ýeňlişden halas boldy. 4-nji minutda Mendesiň goly bilen öňe geçen san-sebastianlylar 87-nji minutda Lautara Martinesiň goluna alaç tapyp bilmediler.

Tapgyryň garaşylmadyk netijesi Lissabonda hasaba alnyp, “Benfika” öz meýdançasynda “RB Salsburgdan” 2-0 hasabynda utuldy.Awstriýanyň wekiline ýeňiş getiren gollary Şimiç (15 p) bilen Gluh (51) geçirdi. 3-nji minutda “RB Salsburgdan” Konate penaltini dürs urup bilmedi. Şeýle-de, 13-nji minutda “Benfikanyň” goragçysy Antoni Silwa gyzyl kart aldy.

Gol geçiren 4-nji derwezeçi

“E” toparçada “Feýenoord” soňky ýarym sagada golaý wagty 2 oýunçy kem oýnan “Seltik” toparyny Stengs (45+2) hem-de Jahanbahşyň (76) gollary bilen 2-0 ýeňdi.Oýunda “Feýenoordyň” oýunçysy Paýşao 65-nji minutda penaltini dürs urup bilmedi. “Lasio” bilen “Atletikonyň” arasyndaky oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 29-njy minutda Barriosyň goly bilen öňe geçen “Atletikoň Madridiň” derwezesinden hasaby deňleýän goly 90+5-nji minutda “Lasionyň” derwezeçisi Iwan Prowedel geçirdi.

Ol Çempionlar Ligasynda gol geçiren 4-nji derwezeçi hökmünde hasaba alyndy.Ondan öň germaniýaly Hans-Ýorg Butt, türkiýeli Sinan Bolat hem-de nigeriýaly Wensan Enýeama geçirdi.Germaniýany Hans-Ýorg Butt 3 gol geçirip, ol şol gollaryň 3-sini hem 3 dürli klubuň (“Hamburg” 2000/01, “Baýer” 2001/02, “Bawariýa” 2009/10) derwezeçisi hökmünde penaltiden “Ýuwentusyň” derwezesinden girizdi.

“F” toparçada “Milan” öz meýdançasynda “Nýukasla” garşy 25 hüjüm geçirse-de, şolaryň hiç birinden oňyn netije alyp bilmedi. Netijede, 0-0 hasabynda tamamlanan oýun tapgyryň golsuz geçen ýeke-täk duşuşygy boldy. PSŽ bilen “Borussiýa Dortmundyň” arasyndaky oýunda-da gollar 2-nji ýarymda geçirilip, parižliler Mbappeniň hem-de Hakiminiň tapawutlanmagynda 2-0 ýeňiş gazandy.

“G” toparçadaky duşuşyklaryň 2-si hem 3-1 hasabynda tamamlandy.Soňky çempion “Mançester Siti” öz meýdançasynda garşydaşy “Srwena Zwezda” 1-0 öňe geçendigine garamazdan, 3-1 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykda şäherlileriň gollaryny Hulian Alwares (2) bilen Rodri geçirdi. “Ýang Boýz” bilen “Leipsigiň” arasyndaky duşuşyk hem 3-1 hasabynda tamamlanyp, nemes klubunyň fransiýaly goragçysy Mohamed Simakan 3-nji minutda hasaby açdy.

Bu gol täze möwsümiň ilkinji goly hökmünde hasaba alyndy. “Leipsigiň” beýleki gollaryny Şlager bilen Şeşko derwezä girizdi.

100 gola ýeten 3-nji futbolçy

“H” toparçada “Barselona” öz meýdançasynda Çempionlar Ligasyna ilkinji gezek gatnaşýan “Antwerpen” toparyny 5-0 hasabynda ýeňdi.Duşuşykda 1 asist eden Žoao Feliks 2 gezek tapawutlandy.Lewandowski (19), Bataý (22, ö.d.) hem-de Gawi (54) “Barselonanyň” beýleki gollarynyň awtory boldy.

Polşaly hüjümçi Lewandowskiniň UEFA-nyň klub ýaryşlaryndaky gollarynyň sany 100-e ýetdi.Ol Kristiano Ronaldo hem-de Lionel Messiden soň bu görkezijä ýeten 3-nji futbolçy boldy. “Porto” topary-da myhmançylykda “Şahtýor Donesk” toparyny Galeno (2) hem-de Tareminiň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirilýär
Dynç almak üçin iň arzan şäherler
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler
Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi
Ýewropa garaşylmadyk bahar geldi