Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler

Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu “Mançester Ýunaýted” häzirki möwsümiň ahyrynda Çempionlar Ligasyna ýollama almasa, klubdan gidip biler. Bu barada “Daily Express” neşiri habar berýär. Muny championat.com ýetirýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, Ronaldu toparyň häzirki ymtylyşyndan nägile bolýar. 36 ýaşly oýunçy karýerasynyň soňky ýyllaryny Ýewropa Ligasynda oýnamaga sarp etmek islemeýär.

Häzirki wagtda “Mançester Ýunaýted” Angliýanyň Premýer-ligasynyň turnir jedwelinde altynjy orny eýeleýär. Toparyň hasabynda 11 oýunda 17 utuk bar.

Ýatlap geçsek, Kriştianu Ronaldu 2021-nji ýylyň 27-nji awgustynda Turiniň “Ýuwentusyndan” gidip, “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy. Ronaldu bu topar üçin 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli hem çykyş edipdi. Ol karýerasyna Lissabonyň “Sporting” toparynda başlady.

Ronaldu “Ýuwentusda” 2018-nji ýylda çykyş edip başlady. Geçen möwsümde ol 29 gol geçirip, Italiýanyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy. Kriştianu 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Madridiň “Realynda” oýnady.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Derwezeçiniň goly Mouriniony ýaryşda saklady
UEFA Çempionlar ligasynyň 4-nji hepde duşuşyklary tamam boldy
Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi
UEFA Çempionlar ligasynyň 6-njy hepdesinde 6 duşuşyk geçirildi
Ýewropa garaşylmadyk bahar geldi